Eýýup 41:1—34

  • Hudaý krokodili wasp edýär (1—34)

41  Krokodili*+ çeňňek bilen tutup bilermiň?Onuň diline syrtmak salyp bilermiň?   Burnundan gamyş geçirip bilermiň?Ýa⁠-⁠da äňine çeňňek ötürip bilermiň?   Ol saňa ýalbar⁠-⁠ýakar edermi?Seniň bilen mähirli gepleşermi?   Ömürboýy guluň bolmak üçin,Seniň bilen äht baglaşarmy?   Guş oýnan ýaly, onuň bilen oýnarmyň?Gyzlaryň oýnar ýaly, ony daňyp bilermiň?   Balykçylar ony satyp bilermi? Söwdagärler özara paýlaşyp bilermi?   Derisini naýza bilen deşip bilermiň?+Balykçynyň sançgysy* bilen kellesine urup bilermiň?   Oňa eliňi degrip gör hany!Şol gün ýadyňdan çykmaz.Beýle zady hiç haçan gaýtalamarsyň.   Arzuw edýänsiň, ýöne tutup bilmersiň, Garasyny göreniňde ýüregiň ýarylar. 10  Oňa garşy çykmaga hiç kim milt etmez. Onda Meniň garşymda kim durup biler?+ 11  Men bergili bolar ýaly, kim maňa karz berdi?+ Gök astyndaky bar zat meniňkidir+. 12  Onuň beýik güýji, täsin bedeni,Aýaklary barada ýene⁠-⁠de gürrüň edeýin. 13  Kim onuň sowudyny çykaryp biler? Kim agzyna golaýlaşyp biler? 14  Kim onuň agzyny eli bilen açmaga ýürek eder? Onuň dişleri gorkunçdyr. 15  Hatar⁠-⁠hatar galkanlar bilen örtülendir arkasy*,Biri⁠-⁠birine ykjam berkidilendir hemmesi. 16  Biri⁠-⁠birine şeýle ýakyndyr welin,Arasyndan howa⁠-⁠da geçip bilmez. 17  Özara berkidilendir,Galkanlary aýrylmaz, mäkäm seplenendir. 18  Pyşgyranda ýagty saçýar,Gözleri daň şapagyna meňzeýär. 19  Agzyndan ýyldyrym çakýar,Ot uçgunlary syçraýar. 20  Lowlap* ýanýan ojak ýaly,Burnundan tüsse çykýar. 21  Demi kömürleri tutaşdyrýar,Agzyndan alaw çykýar. 22  Güýji onuň boýnunda,Görenleriň zähresi ýarylýar. 23  Gat⁠-⁠gat derisi mäkäm birleşendir,Demir ýaly berkdir, asla sypyryp bolmaz. 24  Ýüregi daş kimin gatydyr,Degirmeniň aşaky daşy kimindir. 25  Ýerinden galsa, pälwan titreýär,Ýüzüşini görse, özlerini ýitirýär. 26  Ondan ne gylyç, ne naýza,Ne hanjar, ne⁠-⁠de ok geçer+. 27  Ol demri saman,Misi çüýrän agaç hasaplar. 28  Atylan okdan gaçmaz,Sapan* daşyny samança görer. 29  Onuň üçin taýak çöp kimindir,Zyňlan naýzalaryň üstünden gülýändir. 30  Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir,Harman döwülýän tagta kimin batgalykda ýüzýär+. 31  Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar,Deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär. 32  Ýüzende öwşün atýan yz galdyrýar, Deňiz çal saça meňzeýär. 33  Älem⁠-⁠jahanda oňa taý geljek ýokdur,Ne gorkyny, ne ürküni bilýändir. 34  Tekepbirlere göwni ýetýän däldir, Ol ýyrtyjy haýwanlaryň şasydyr».

Çykgytlar

Ýewreýçe «Liwýatan». Sözlüge serediň.
Balygy tutmak üçin ujuna demir çiş berkidilen uzyn taýak.
Başga manysy: Hatar⁠-⁠hatar galkanlary onuň buýsanjydyr.
Ýa⁠-⁠da: Gamyş.
Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.