Eýýup 40:1—24

  • Ýehowa ýene⁠-⁠de sorag berýär (1—24)

    • Eýýup aýdara söz tapmaýar (3—5)

    • Hudaýy adalatsyz görýärmiň? (8)

    • Hudaý begemot barada aýdýar (15—24)

40  Ýehowa Eýýuba şeýle diýdi:   «Ynsan Gudratygüýçlüni ýazgaryp,Onuň bilen jedelleşip bilermi?+ Hudaýy günäkärleýän jogap bersin»+.   Eýýup Ýehowa şeýle diýdi:   «Men bir dereksiz adam+. Saňa näme jogap bereýin? Men sesimi çykarmaýyn+.   Men bir gezek, hatda iki gezek gepledim,Indi dymaýyn, hiç zat aýtmaýyn».   Şonda Ýehowa harasadyň içinden+ Eýýuba şeýle diýdi:   «Indi erkek ýaly biliňi berk guşa!Men sorag berjek, senem jogap ber+.   Meni adalatsyz görýärmiň? Özüňi aklamak üçin, meni ýazgarýarmyň?+   Seniň goluň hak Hudaýyň goly ýaly güýçlümi?+Onuň batly gygyryşy ýaly, senem gygyryp bilermiň?+ 10  Onda şan⁠-⁠şöhrata beslen,Mertebe we hormat donuny geý. 11  Gahar⁠-⁠gazabyňy saklama,Tekepbirleri tapyp, olary dyza çöker. 12  Ulumsylary tapyp, olary abraýdan düşür,Erbetleri duran ýerinde mynjyrat. 13  Hemmesini bile topraga göm,Olary garaňkylykda baglap goý. 14  Şonda seniň sag eliň halas edip biljekdiginiMen⁠-⁠de boýun alaryn. 15  Begemota seret, seni ýaradyşym ýaly ony⁠-⁠da ýaratdym, Ol öküz kimin ot iýýär. 16  Begemotyň güýji bilindedir,Kuwwaty garyn gasynlaryndadyr! 17  Guýrugy kedr agajy kimindir,Budunyň siňirleri örüm⁠-⁠örümdir. 18  Süňkleri mis kimindir,Aýaklary demir kimindir. 19  Ol Hudaýyň ýaradan iň täsin haýwanydyr,Ony diňe Ýaradan gylyçdan geçirip biler. 20  Daglar onuň öri meýdany,Ýabany haýwanlar bilen bile ýaýnaýar. 21  Ol tikenli agaçlaryň aşagynda,Gamyşly batgalyklarda ýatýar. 22  Tikenli agaçlar üstüne kölege salýar,Jülgäniň derekleri gurşaýar. 23  Derýa joşsa⁠-⁠da, ol gorkmaýar, Iordan+ möwç ursa⁠-⁠da, ol äwmeýär. 24  Oýa wagty kim ony tutup biler?Kim onuň burnuna çeňňek ildirip biler?

Çykgytlar