Eýýup 36:1—33

  • Alyhuw Hudaýyň beýikligini wasp edýär (1—33)

    • Gulak asmak bagtly edýär; hudaýsyz adam gylyçdan ölýär (11—13)

    • Hudaýa taý geljek mugallym ýokdur (22)

    • Eýýup Hudaýyň işlerini wasp etmeli (24)

    • «Hudaýyň beýikligine ynsan düşünmez» (26)

    • Hudaý ýagyş ýagdyrýar we ýyldyrym çakdyrýar (27—33)

36  Alyhuw sözüni dowam edip, şeýle diýdi:   «Biraz sabyr etseň, men düşündireýin,Hudaýyň adyndan aýtjak sözüm bar.   Bilýänimi giňişleýin düşündireýin,Ýaradanyň adalatlydygyny subut edeýin+.   Men hakykaty sözleýärin,Hemme zady bilýän+ öňüňde dur.   Hudaý gudratlydyr+, hiç kimden ýüz öwürmeýär,Aň⁠-⁠düşünjesi çuňdur.   Ol erbediň janyny goramaýar+,Ejiziň dawasyny adalatly çözýär+.   Dogruçyl adamlary gözden salmaýar+,Olary tagtda oturdyp*+, ebedilik beýgeldýär.   Olara gandal salynsa,Jebir⁠-⁠jepa ýüpleri baglansa,   Hudaý olaryň eden işlerini,Tekepbirlik bilen eden günälerini paş edýär. 10  Olaryň gulagyna nesihat guýýar,Erbet ýoldan dolanmagy ündeýär+. 11  Eger Hudaýa gulak asyp, gulluk etse,Bolçulykda ýaşarlar, bagtly ömür sürerler+. 12  Gulak asmasalar, gylyçdan ölerler+,Bilimsiz dünýäden öterler. 13  Hudaýsyzlar* ýüreginde öýke⁠-⁠kine saklaýarlar, Hudaý gandal salsa⁠-⁠da, kömek soramaýarlar. 14  Olar ýaş wagty aradan çykýarlar+,Ömrüni buthanadaky azgyn erkekler* bilen geçirýärler*+. 15  Hudaý ejizleri kyn gününde goldaýar,Ezilenleriň gulagyna nesihat guýýar. 16  Ol seni agyr dertden gutarýar+,Gözýetmez, giň sähra çykarýar+,Saçagyňy dolduryp, göwnüňi göterýär+. 17  Erbetlere höküm çykarylar, jeza berler+,Şonda adalat dikeldiler, janyň aram tapar. 18  Seresap bol, gaharlanyp, ýamanlyk edäýme+,Para alyp, ýoldan çykaýma. 19  Kömek sorasaň⁠-⁠da, näçe urunsaň⁠-⁠da,Gaýgy⁠-⁠aladadan dynyp bilermiň?+ 20  Adamlaryň öz ýerine geçýän wagtyny,Gijäni arzuw etme. 21  Ägä bol, kösenmejek bolup,Erbet ýoldan ýöräýme+. 22  Hudaýyň güýjüniň çägi ýokdur,Oňa taý geljek mugallym ýokdur. 23  Kim oňa maslahat berip* biler?+Kim oňa: „Edeniň nädogry“ diýip biler?+ 24  Adamlar onuň işlerini wasp edýär+,Sen hem alkyş aýtmagy unutma+. 25  Olary ynsan ogullary görýär,Başy ölümli ynsan uzakdan ser salýar. 26  Hudaýyň beýikligine ynsan düşünmez+,Ýaşan ýyllaryny sanap bilmez+. 27  Ol suw damjalaryny ýygnaýar+,Olary buludyň içinde ýagşa öwürýär. 28  Soňra bulutdan ýagyş ýagýar+,Ynsanlaryň üstüne çabga guýýar. 29  Bulutlaryň ýaýraýşyny kim bilýär?Gök* gürrüldisine kim düşünýär?+ 30  Asmanda ýyldyrym çakdyrýar+,Deňizleri suwdan doldurýar. 31  Şeýdip, ynsanlary goldaýar*,Saçagyny näz⁠-⁠nygmatdan doldurýar+. 32  Ýyldyrymy eline alýar,Nyşana tarap atýar+. 33  Ol barada gök gürrüldisi jar edýär,Mal⁠-⁠gara kimiň* gelýändigini duýdurýar.

Çykgytlar

Başga manysy: Ol patyşalary tagta çykaryp.
Ýa⁠-⁠da: Imandan dänenler.
Buthanadaky käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Başga manysy: Azgyn erkekleriň arasynda dünýäden ötýärler.
Başga manysy: ony ýazgaryp; ondan hasabat sorap.
Sözme⁠-⁠söz: Çadyryndan çykýan.
Başga manysy: ynsanlaryň arkasyny alýar.
Başga manysy: nämäniň.