Eýýup 34:1—37

  • Alyhuw Hudaýyň adalatlylygy we ýollary hakda aýdýar (1—37)

    • Eýýup Hudaýyň adalatsyzlyk edendigini aýdýar (5)

    • Hak Hudaý asla erbetlik etmez (10)

    • Eýýup düşünmän gepleýär (35)

34  Alyhuw sözüni dowam edip, şeýle diýdi:   «Eý akyldarlar, maňa gulak asyň,Düşünjeli adamlar, meni diňläň.   Diliň tagamy bilşi ýaly,Gulak hem sözleri seljerýär.   Geliň, nämäniň dogrudygyny çözeliň,Nämäniň ýagşydygyny bileliň.   Sebäbi Eýýup diýýär: „Men dogruçyl adam+,Emma Hudaý maňa adalatsyzlyk etdi+.   Jezamyň agyrdygyny aýdyp ýalan sözledimmi? Günäm ýok bolsa⁠-⁠da, bitmejek ýara salyndy“+.   Ýaňsyly gepleri suw deý içýän,Eýýup ýaly adam barmy?   Ol günäkärler bilen dostlaşýar,Erbetler bilen tirkeşýär+.   Ol: „Hudaýy razy edip,Ynsan hiç zat gazanmaýar“+ diýdi. 10  Eý düşünjeli* adamlar, maňa gulak goýuň! Hak Hudaý asla erbetlik etmez+,Gudratygüýçli adalatsyzlyk etmez+. 11  Ol adamy eden işlerine görä sylaglar,Elleriniň işine görä hakyny berer+. 12  Hudaý erbetlik etmeýär+,Gudratygüýçli adalaty ýoýmaýar+. 13  Tutuş ýer ýüzüni,Bütin dünýäni kim Allanyň eline berdi? 14  Ol adamlara garşy çyksa,Olaryň janyny* we demini alsa+, 15  Bütin adamzat gyrlar,Ähli ynsanlar topraga öwrüler+. 16  Düşünjeli bolsaň, dykgatly bol,Sözlerimi ünsli diňle. 17  Adalaty ýigrenýän kişi höküm sürüp bilermi?Adyl hökümdary aýyplap bolarmy? 18  Patyşanyň ýüzüne: „Sen dereksiz adam“, Beglere: „Deýýuslar“ diýermiň?+ 19  Hudaý han⁠-⁠beglerden ýüz görmeýär,Baýy garypdan ýokary tutmaýar+,Sebäbi hemmeler onuň eliniň işidir+. 20  Olar ýarygije+ duýdansyz ölerler+,Gorkudan ýaňa titräp, aradan çykarlar.Güýçlülere ynsan eli degmez, ýöne şonda⁠-⁠da ýok bolarlar+. 21  Hudaý ynsanyň ýollaryny synlaýar,Her bir äden ädimini görýär+. 22  Betpäller gizlener ýaly,Ne tümlük, ne⁠-⁠de garaňkylyk bardyr+. 23  Hudaý höküm etmek üçinHiç bir adama wagt bellän däldir. 24  Güýçlüleriň işini derňemän ýykýar,Olaryň deregine başga birini goýýar+. 25  Sebäbi olaryň eden işlerini bilýär+,Bir gijede ýykyp, ýok edýär+. 26  Halkyň gözüniň alnynda,Erbet işleri üçin olara jeza berýär+. 27  Olar Hudaýdan ýüz öwürdiler+,Ýoluny äsgermezlik etdiler+. 28  Olar sebäpli garyplar perýat edýär,Mätäçleriň ahy⁠-⁠nalasy Alla baryp ýetýär+. 29  Hudaý jogap bermese, kim ýazgaryp biler? Ol milletden ýa⁠-⁠da ynsandan gizlense, Ony kim tapyp biler? 30  Hudaýsyz* adam hökümdarlyk etmesin+,Halklary duzaga salmasyn. 31  Kim Hudaýa diýip biler:„Men ýazyksyz bolsam⁠-⁠da, jeza çekdim+. 32  Bilmeýän zadym bolsa,Ýalňyşlyk eden bolsam,Aýt maňa, indi gaýtalamaýyn“. 33  Eger hökümine boýun bolmasaň, ol nädip sylaglasyn? Men aýtmaýyn, özüň oýlanyp gör, Şeýle gowy bilýän bolsaň, maňa⁠-⁠da aýt. 34  Düşünjeli adamlar,Meni diňleýän akyldarlar diýer: 35  „Eýýup düşünmän gepleýär+,Manysyz sözleýär“. 36  Eýýup soňuna çenli synalsyn!*Sebäbi ol erbetler ýaly dil gaýtarýar. 37  Ol günäsiniň üstüne günä goşýar+,Göwnüýetmezçilik bilen el çarpyp,Hak Hudaýy günäkärleýär»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ýürekli.
Ýa⁠-⁠da: ruhuny.
Ýa⁠-⁠da: Imandan dänen.
Başga manysy: Atam, Eýýup synalsyn!