Eýýup 30:1—31

  • Eýýup ýagdaýynyň üýtgändigini aýdýar (1—31)

    • Ýaşkiçiler üstümden gülýär (1—15)

    • Perýadyna Hudaýyň jogap bermeýändigini aýdýar (20, 21)

    • «Hamym garalyp soýulýar» (30)

30  Indi ýaşkiçiler üstümden gülýär+,Olaryň kakalaryny çopan itlerimçe görmezdim.   Ýaşkiçilerden näme peýda gördüm? Olar ysgyn⁠-⁠mydardan gaçýarlar.   Aç⁠-⁠suwsuz halys tapdan düşýärler,Harabalykda, çöllerde kesek gemirýärler.   Şor otlary ýygýarlar,Ýylgynyň köküni iýýärler.   Olar il arasyndan kowulýar+,Ogurlykda tutulan ýaly üstüne gygyrylýar.   Olar belentli⁠-⁠pesli derelerde,Çukurlarda, gowaklarda ýaşaýarlar.   Ýandaklaryň arasyndan uwlaşýarlar,Tikenekleriň arasynda biri⁠-⁠birine gysylyşýarlar.   Akmaklaryň we at⁠-⁠abraýsyzlaryň ogullaryÖz ýurdundan kowulýar*.   Indi bolsa kemsidip*, üstümden gülýärler,Olar ýaňsylap, meni masgara edýärler+. 10  Ýigrenýärler, deňimden aýlanyp geçýärler+,Ýüzüme tüýkürmegi⁠-⁠de hiç zatça görýärler+. 11  Hudaý ok⁠-⁠ýaýymy aldy*, meni kiçeltdi,Olar maňa islänini edýärler*. 12  Olar sagymdan gelip, üstüme topulýarlar,Meni kowýarlar,Ýoluma duzak gurup, heläk edýärler. 13  Ýolumy ýykan⁠-⁠ýumran edýärler,Derdime dert goşýarlar+,Olary saklaýan* ýokdur. 14  Olar diwary böwsüp gelýärler,Bela kimin başyma inýärler. 15  Gorky meni gaplap alýar,Abraýym depelenýär,Umydym* bulut kimin gaýyp bolýar. 16  Agyr günler ýakamdan ýapyşýar+,Janym gursagymdan çykyp barýar+. 17  Gijesine agyrylar süňkümi iýýär+,Yzalarymyň yzy üzülmeýär+. 18  Gahar bilen köýnegimden tutup süýreýärler*,Ýakasy meni bogup barýar. 19  Hudaý meni palçyga pylçap urdy,Gum we kül kimin boldum. 20  Perýat edýärin, jogap bereňok+,Dileg edýärin, üns bereňok. 21  Gahar⁠-⁠gazap bilen maňa garşy çykdyň+,Güýçli goluň bilen meni ezdiň. 22  Meni ýel bilen alyp gidýärsiň,Tupan bilen eýläk⁠-⁠beýläk kowýarsyň*. 23  Bilýärin, meni ölüme ýollaýarsyň,Hemmeleriň barjak öýüne iberýärsiň. 24  Agyr güne düşüp, perýat edýäne,Biçäre adama+ hiç kim el galdyrmaz. 25  Dertliniň derdine agladym, Garyp bilen bile gözýaş dökdüm+. 26  Ýagşylyga garaşdym, ýamanlyk geldi,Ýagtylyga garaşdym, garaňkylyk geldi. 27  Içimi ot alýar, ynjalyk tapamok,Başyma agyr günler düşdi. 28  Men tümlükde+, Güni göremok, Il⁠-⁠güne ýalbaryp, kömek soraýaryn. 29  Men şagallara dogan,Düýeguşlara dost boldum+. 30  Hamym garalyp soýulýar+,Süňklerim gyzgyndan* guraýar. 31  Arfam ýas sazyny çalýar,Tüýdügim zaryn⁠-⁠zaryn aglaýar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: taýaklanyp kowulýar.
Sözme⁠-⁠söz: aýdym aýdyp.
Sözme⁠-⁠söz: ýaýymyň kirşini gowşatdy.
Sözme⁠-⁠söz: Olar agyzzyrygyny aýyrdylar.
Başga manysy: Olara kömek edýän.
Sözme⁠-⁠söz: Gutulyşym.
Başga manysy: Agyr keselden ýaňa bedenim çüýreýär.
Başga manysy: meni ýok edýärsiň.
Başga manysy: Gyzgynym galyp, süýeklerim.