Eýýup 29:1—25

  • Eýýup bagtly günlerini ýatlaýar (1—25)

    • Oňa şäher derwezesinde hormat goýýardylar (7—10)

    • Ol adalatlydy (11—17)

    • Ondan maslahat soraýardylar (21—23)

29  Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:   «Wah, öňki günlerim gaýdyp gelsedi,Hudaý meni penasynda saklasady.   Çyrasy başyma ýagty saçardy,Garaňkylykda ýoluma nur saçardy+.   Men gujur⁠-⁠gaýratlydym,Hudaý bilen ýakyn dostdum+.   Gudratygüýçli ýanymdady,Çagalarym* daşymdady.   Aýagymy süýt bilen ýuwardym,Gaýalardan zeýtun ýagy akardy+.   Şäher derwezesine barardym+,Meýdançasynda* oturardym+.   Ýigitler meni görüp, ýol bererdi*,Ýaşulular ör turardy+.   Han⁠-⁠begler gürrüňini bes ederdi,Elleri bilen agzyny ýapardy. 10  Atly⁠-⁠abraýlylardan ses⁠-⁠üýn çykmazdy,Dilini ýuwudyp, ümsüm bolardy. 11  Sözümi eşiden meni öwerdi,Gören gözler meni taryplardy. 12  Men perýat edýän garyby+,Ýetimi we mätäji halas ederdim+. 13  Ölümden halas edenlerim alkyş aýdardy+,Kömek edip, dul aýallary begendirerdim+. 14  Dogruçyllyk eşigim,Adalat donum hem selläm boldy. 15  Körlere gözdüm,Agsaklara aýakdym. 16  Garyplara atadym+,Nätanyşlaryň hukugyny gorardym+. 17  Erbetleriň äňini ýazdyryp+,Awuny agzyndan kakyp alardym. 18  Men diýerdim: „Günlerim çäge kimin köp,Dünýäden razy bolup öterin*+. 19  Köklerim suwlara tarap ýaýrar,Gijelerine ýapraklaryma çyg düşer. 20  At⁠-⁠abraýym artar durar,Ýaýym bilen atar duraryn“. 21  Halaýyk maslahatyma gulak gerip,Ses⁠-⁠üýnsüz diňlärdi+. 22  Sözümi soňlanymda, diýmäge söz tapmazdy,Aýdýanlarym gulaklaryna hoş ýakardy. 23  Ýagyş⁠-⁠ýagmyra garaşýan ýaly, maňa garaşardylar,Sözlerim ýaz ýagşy deý gandyrardy+. 24  Ýylgyryp baksam, gözlerine ynanmazdylar,Nurana ýüzümi görüp, ruhlanardylar*. 25  Olara serdar kimin ýol görkezerdim,Esgerleriň arasyndaky patyşa kimin+,Aglaýanlary köşeşdirýän adam kimin ýaşadym+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Hyzmatkärlerim.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: gizlenerdi.
Sözme⁠-⁠söz: Höwürtgämde jan bererin.
Başga manysy: Nurana ýüzümi soldurmazdylar.