Eýýup 27:1—23

  • Eýýup wepaly galmagy ýüregine düwýär (1—23)

    • «Soňky demime çenli wepaly bolaryn!» (5)

    • Hudaýsyzlaryň umydy ýok (8)

    • «Näme üçin boş sözleri aýdýarsyňyz?» (12)

    • Erbetleriň aljak paýy (13—23)

27  Eýýup sözüni dowam etdi:   «Maňa adalatsyzlyk eden Alla diri şaýatdyr+,Meni ynjydan Gudratygüýçli diri şaýatdyr!+   Heniz dem alýarkam,Içimde Hudaýyň beren ýaşaýyş demi barka+,   Agzymdan nähak söz çykmaz,Dilim ýalan sözlemez!   Siziň aýdanlaryňyz bilen asla razylaşmaryn. Soňky demime çenli wepaly* bolaryn!+   Men dogry ýoldan ýörärin, asla sowulmaryn+.Ýüregim meni hiç haçan ýazgarmaz*.   Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe,Ýagylarym zalymlaryň gününe düşsün.   Hudaýsyz* adam ýok edilende,Alla janyny alanda,Ol nämä umyt eder?+   Başyna betbagtçylyk inende,Hudaý ahy⁠-⁠nalasyny eşidermi?+ 10  Ol Gudratygüýçlüniň işlerine şatlanarmy? Hudaýy hemişe çagyrarmy? 11  Size Hudaýyň güýç⁠-⁠kuwwaty hakda öwrederin*,Gudratygüýçli hakynda hiç bir zady gizlemerin. 12  Siziň ähliňiz görnüş* gören bolsaňyz,Näme üçin boş sözleri aýdýarsyňyz? 13  Hudaýyň erbetlere berjek paýy+,Gudratygüýçlüniň zalymlara berjek mirasy şudur: 14  Ogul⁠-⁠gyzlary köp bolsa⁠-⁠da, gylyçdan geçer+,Nesilleri açlykdan horluk çeker. 15  Aman galanlary gyrgynçylykdan öler,Dul aýaly ýasyny tutmaz. 16  Kümşi çäge kimin,Lybasy palçyk kimin üýşürse⁠-⁠de, 17  Aňyrsyna basyp goýsa⁠-⁠da,Ony dogruçyl adam geýer+,Bigünäler kümşüni paýlaşar. 18  Salan jaýy ýüpek gurçugyň pilesi ýaly,Garawulyň kepbesi+ kimin gowşak bolar. 19  Baý uklanda, mal⁠-⁠mülkünden hiç zat galmaz*,Gözüni açanda, baýlygy zym⁠-⁠zyýat bolar. 20  Gorky ony sil kimin basar,Gije tupan turup ýok eder+. 21  Gündogar ýeli alyp gider.Mekanyndan süpürip taşlar+. 22  Janhowluna gaçanda,Tupan rehimsizlik bilen üstüni basar+. 23  Ol* öz mekanyndan sykylyk çalar*+,El çarpyp, ony masgara eder.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.
Ýa⁠-⁠da: ýaňsa almaz.
Ýa⁠-⁠da: Imandan dänen.
Başga manysy: Size Hudaýyň eli bilen öwrederin.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Baý bolup uklasa⁠-⁠da, hiç zat ýygnamaz.
Başga manysy: Olar.
Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.