Eýýup 23:1—17

  • Eýýup söze başlaýar (1—17)

    • Hudaýyň öňünde arzymy aýdaryn (1—7)

    • Hudaýy tapyp bilmeýärin (8, 9)

    • «Onuň ýolundan sowulman barýaryn» (11)

23  Eýýup söze başlady:   «Ahy⁠-⁠nala edip, ysgyndan gaçdym.Şu gün ýene⁠-⁠de zeýrenjek+.   Wah, Hudaýyň nirededigini bilsedim!+ Mekanyna barardym+.   Öňünde arzymy aýdardym.Hemme delillerimi getirerdim.   Beren jogabyny diňlärdim,Aýdan sözlerine gulak asardym.   Ol gudratly güýji bilen maňa garşy çykardymy? Ýok, ol meni ünsli diňlärdi+.   Huzurynda dogruçylyň dawasy çözüler,Men Kazymyň öňünde doly aklanardym.   Gündogara gitsem, ol ýerde ýok,Günbatara gelsem, ol ýerde⁠-⁠de ýok.   Ol demirgazykda işlände, saýgaryp bilmedim,Günorta dolananda, görüp bilmedim. 10  Ol meniň ýöreýän ýolumy gowy bilýär+, Meni synaýar, indi men sap altyn ýaly bolaryn+. 11  Men onuň yzyndan ädimme⁠-⁠ädim gidýärin,Onuň ýolundan sowulman barýaryn+. 12  Agzyndan çykan tabşyryklaryny bozmadym, Sözlerini hazyna kimin ýygşyrdym+.Olary artygy bilen berjaý etdim. 13  Bir zat etmek islese, kim oňa garşy çykar?+ Ol ýüregine düwse, hökman eder+. 14  Maňa etjek diýenini eder,Onuň niýetleri köpdür. 15  Ol sebäpli men howsala düşýärin,Ol hakda oýlansam, has⁠-⁠da gorkýaryn. 16  Alla meni gorkuzdy,Gudratygüýçli meni gorka saldy. 17  Emma tüm⁠-⁠garaňkylyk örtse⁠-⁠de,Men dymmaryn, asla dymmaryn.

Çykgytlar