Eýýup 2:1—13

  • Şeýtan ýene⁠-⁠de Eýýuba töhmet atýar (1—5)

  • Şeýtan Eýýuba agyryly çybanlar çykarýar (6—8)

  • Eýýubyň aýaly: «Alla gargap öleniň gowy dälmi?» diýýär (9, 10)

  • Eýýubyň üç dosty gelýär (11—13)

2  Bir gün perişdeler*+ Ýehowanyň huzuryna+ gelip, öz ýerlerinde durdular. Şeýtan hem olar bilen Ýehowanyň huzuryna geldi we öz ornunda durdy+.  Ýehowa Şeýtana: «Nireden gelýärsiň?» diýdi. Şeýtan: «Men ýer ýüzüne aýlanyp, syn etdim»+ diýip, Ýehowa jogap berdi.  Ýehowa Şeýtana: «Gulum Eýýuba üns berdiňmi? Ýer ýüzünde Eýýup ýaly halal, Hudaýa wepaly*+, Alladan gorkýan we erbetlikden gaça durýan adam ýokdur. Sen meni Eýýuba garşy öjükdirip+, ony nähak ýere heläk etdirjek bolýarsyň, ýöne ol şonda⁠-⁠da maňa wepaly*»+ diýdi.  Şonda Şeýtan Ýehowa: «Adam şirin jany üçin ähli zadyndan geçer.  Eliňi uzadyp, agyr kesele duçar edip* gör hany, ol saňa aç⁠-⁠açan* gargamazmy?»+ diýdi.  Ýehowa Şeýtana: «Bolýar, Eýýuby seniň eliňe berýärin, ýöne janyna degme» diýdi.  Şeýtan Ýehowanyň huzuryndan gitdi. Ol Eýýubyň depesinden tä dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy+.  Eýýup külüň üstünde oturyp, küýzäniň bölekleri bilen endam⁠-⁠janyny gaşardy+.  Hatda Eýýubyň aýaly hem: «Entegem Hudaýa wepaly galjak* bolýarsyňmy? Alla gargap öleniň gowy dälmi?» diýdi. 10  Eýýup bolsa aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Biz hak Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmeli dälmi näme?»+ diýdi. Başyna betbagtçylyk inse⁠-⁠de, Eýýup dili bilen günä etmedi+. 11  Eýýubyň başyna düşen betbagtçylyklary eşiden üç dosty: teýmanly Alypaz+, şuwaslardan+ Bildat+ we nagamatly Sapar+ ýola düşdüler. Olar duşuşyp, Eýýuba duýgudaşlyk we göwünlik bermäge bile gitmegi makul bildiler. 12  Olar uzakdan Eýýuby tanamadylar, ýöne golaýyna baryp, gözüne ynanmadylar. Olar möňňürip aglaşdylar, ýakasyny ýyrtdylar we başyndan gum sowurdylar+. 13  Olar Eýýubyň ýanynda ýedi gije⁠-⁠gündizläp oturdylar. Eýýubyň çekýän jebir⁠-⁠jepasyny+ görüp, olaryň hiç biri geplemedi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Hudaýyň ogullary.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyzlygyndan el çekmedi.
Sözme⁠-⁠söz: bedenine we süňküne degip.
Sözme⁠-⁠söz: ýüzüňe.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyzlygyňdan el çekmejek.