Eýýup 18:1—21

  • Bildat ikinji gezek gepleýär (1—21)

    • Pisleriň jepa çekjegini aýdýar (5—20)

    • Eýýubyň Hudaýy tanamaýandygyny aýdýar (21)

18  Şuwaslardan Bildat+ söze başlady:   «Gepiňi haçan gutarjak? Düşünjeli bolsaň, gepleşip bilerdik.   Bizi haýwan hasaplaýarmyň?+Bizi akmak* görýärmiň?   Gaharyňdan ýaňa ýarylaýjak bolýarsyň.Näme, sen diýip ýer çepbe çöwrülsinmi?Näme, daglar ýerinden gozgansynmy?   Pis adamyň yşygy söner,Ojagynda ot tutaşmaz+.   Çadyrynda yşyk garaňkylyga döner,Çyrasy bütinleý söner.   Ädiminiň bady gowşar,Maslahaty ony tora salar+.   Aýaklary duzaga elter,Ol çukuryň içine gaçar.   Gapan ökjesinden gapjar,Duzak öz penjesine salar+. 10  Ýoluna tor gurarlar,Ýodasyna gapan goýarlar. 11  Çar tarapdan gorky gaplar+,Her bir ädimini yzarlar. 12  Güýç⁠-⁠kuwwaty gider,Bela⁠-⁠beter+ dyzyny eper. 13  Derisi çüýrär,Agyr kesel* ony guradar. 14  Howpsuz çadyryndan çykarylyp+,Elhenç ölüme sezewar ediler*. 15  Çadyrynda kesekiler ýaşar.Kükürt ýagyp, öýüni kül eder+. 16  Kökleri gurar,Ýapraklary solar. 17  Ýer ýüzünde ýatlanmaz,Köçelerde ady tutulmaz. 18  Ýagtylykdan garaňkylyga zyňlar,Mes toprakdan kowlar. 19  Il içinde ne zürýady, ne⁠-⁠de nesli galar,Obasynda janly⁠-⁠jemende galmaz. 20  Betbagtçylyk başyna iner,Günbatar halky haýran galar,Gündogar halky gorkudan ýaňa sandyrar. 21  Zalymyň öý⁠-⁠içerisiniň,Hudaýy tanamaýan adamyň görjegi şudur».

Çykgytlar

Başga manysy: haram.
Sözme⁠-⁠söz: Ölümiň nowbahary.
Ýa⁠-⁠da: Elhenç patyşanyň öňüne eltiler.