Eýýup 16:1—22

  • Eýýup söze başlaýar (1—22)

    • «Derdime dert goşýarsyňyz!» (2)

    • Hudaý meni nyşana aldy (12)

16  Eýýup söze başlady:   «Men beýle sözleri köp eşidipdim, Göwünlik bermän, derdime dert goşýarsyňyz!+   Boş gepiňi haçan goýjak? Sen* näme beýle jogap berýärsiň?   Menem siziň ýaly gepläp bilerdim. Meniň ýerime siz bolsadyňyz,Menem sizi ýazgaryp, başymy ýaýkap bilerdim+.   Emma men beýle etmezdim, gaýtam sizi ruhlandyrardym,Dilim bilen göwünlik berip, derdiňizi ýeňlederdim+.   Geplesem⁠-⁠de, derdim köşeşmeýär+,Dymsam⁠-⁠da, janym aram tapmaýar.   Hudaý meni halys tapdan düşürdi+,Ojagymy ýer bilen ýegsan etdi.   Hudaý meni urdy, hemme bilýändir,Guran bedenim muňa şaýatdyr.   Hudaý gaharlanyp, meni bölek⁠-⁠bölek edýär+, Maňa dişini gyjap, duşmany hasaplaýar. Gözleri içimden geçip barýar+. 10  Adamlar maňa topulýarlar+,Kemsidip, ýaňagyma urýarlar,Maňa garşy dil düwüşýärler+. 11  Alla meni ýaş oglanlaryň,Erbet adamlaryň eline berdi+. 12  Asuda ýaşaýardym, meni iki bükdi+,Ýeňsämden tutup, ýere pylçady,Meni nyşana alyp, oklaryny atdy. 13  Ýaýçylary daşymy gabaýar+.Rehimsizlik bilen bagrymy dilýär+,Ödümi ýere dökýär. 14  Endam⁠-⁠janymy kül⁠-⁠owram edýär,Pälwan kimin üstüme topulýar. 15  Egnime jul* tikindim+,Abraýym* gaçdy+. 16  Aglamakdan ýüz⁠-⁠gözüm çişdi+,Gabaklarym gap⁠-⁠gara boldy. 17  Men hiç hili erbet iş etmeýärin,Ak ýürekden doga⁠-⁠dileg edýärin. 18  Eý toprak, ganymy gizleme!+ Goý, sesim diňmesin! 19  Meniň şaýadym asmandadyr,Güwä geçýänim gökdedir. 20  Dostlarym üstümden gülýär+,Hudaýyň öňünde gözýaşym diňmeýär*+. 21  Iki adamyň arasynda töwellaçy bolşy ýaly,Hudaý bilen meniň aramda⁠-⁠da töwellaçy bolsun+. 22  Ömrümiň günleri tükenip barýar,Barsa⁠-⁠gelmez diýara giderin+.

Çykgytlar

Ýagny Alypaz.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Güýjüm. Sözme⁠-⁠söz: Şah. Sözlüge serediň.
Başga manysy: Ukusyz gözlerim Hudaýa bakýar.