Eýýup 15:1—35

  • Alypaz ikinji gezek gepleýär (1—35)

    • Eýýubyň Hudaýdan gorkmaýandygyny aýdýar (4)

    • Eýýup tekepbirlikde aýyplanýar (7—9)

    • «Hudaý perişdelerine⁠-⁠de ynanmaýar» (15)

    • Erbet adam ejir çekýär (20—24)

15  Teýmanly Alypaz+ söze başlady:   «Paýhasly adam boş deliller getirermi?Ýüreginde erbet höwese ýer berermi?   Gury söz bilen käýemegiň,Boş geplemegiň peýdasy ýokdur.   Hudaýdan gorkmaýarsyň,Oňa ünsem bermeýärsiň.   Sözleriňden günäleriň görünýär*,Diliň hilegärlik bilen gepleýär.   Men däl, seni öz diliň höküm edýär,Dodaklaryň paş edýär, aýybyňy açýar+.   Dünýä inen ilkinji ynsan senmi?Dag⁠-⁠depelerden öň doguldyňmy?   Özüňi Hudaýyň syrdaşy hasaplaýarmyň?Sen ýeke⁠-⁠täk paýhasly adammy?   Bizden artyk bilýän zadyň barmy?+ Bizden artyk düşünjäň barmy? 10  Aramyzda kakaňdan⁠-⁠da uly,Çal saçly garrylar, gojalar bar+. 11  Hudaýyň berýän tesellisi,Hoşamaý sözleri saňa az boldumy? 12  Näme üçin tekepbir ýüregiň ýesiri bolýarsyň?Näme üçin gözleriňi alardýarsyň? 13  Hudaýa garşy gahar⁠-⁠gazabyň tutaşýar,Diliňi saklaman, erbet sözleri aýdýarsyň. 14  Başy ölümli ynsan, heý⁠-⁠de, päk bolarmy?Eneden doglan dogruçyl hasaplanarmy?+ 15  Hudaý perişdelerine⁠-⁠de ynanmaýar,Gökler hem nazarynda arassa däldir+. 16  Onsoň ol erbetligi suw ýaly içýän,Ýigrenji, zalym işleri edýän ynsana neneň ynansyn?!+ 17  Meni diňle, düşündireýin! Görenlerimi beýan edeýin! 18  Akyldarlaryň nesihatyny aýdaýyn,Ata⁠-⁠babalary olara gürrüň beripdir+, gizlemändir. 19  Olara ýurtdan paý berlipdi,Aralarynda ýat adam ýaşamandy. 20  Erbet adam ömürboýy ejir çekýändir,Ýyllarboýy jebir⁠-⁠jepa içindedir. 21  Elhenç sesler gulagynda ýaňlanýar+,Asuda döwür garakçylar çozýar. 22  Heläkçilikden gutulmajagyny bilýär+,Gylyçdan öljegine düşünýär. 23  Ol: „Çöregi nireden tapaýyn?“ diýip urunýar, Heläkçiligiň gelýändigini ýüregi duýýar. 24  Gaýgy⁠-⁠hasrat gorkuzýar,Patyşa kimin topulýar, sustuny basýar. 25  Ol Hudaýa el göterýär,Gudratygüýçlüden üstün çykjak bolýar. 26  Galkany galyňdyr, berkdir,Boýnuýogynlyk edýär, Hudaýa topulýar. 27  Ýüzünden ýag damýar,Garnyny ýag basýar. 28  Ýaşaýan galalary weýran ediler,Öýlerinde hiç kim ýaşamaz,Olar haraba öwrüler. 29  Ol baýamaz, döwleti artmaz,Mal⁠-⁠mülki ýer ýüzüne ýaýramaz. 30  Bela⁠-⁠beter başyndan sowulmaz,Şahalary oda ýanyp kül bolar*,Ol Hudaýyň demine ýok bolar+. 31  Boş zatlara bil baglap, öz⁠-⁠özüni aldamasyn,Sebäbi gazanan zady bolmaz. 32  Aýdylanlar tiz amala aşar,Şahalary hiç haçan pyntyklamaz+. 33  Ol üzüm agajy kimin, bişmedik miwesini döker,Zeýtun agajy kimin, güllerini döker. 34  Hudaýsyzlaryň* maslahaty puç bolar+,Parahorlaryň çadyry ýanyp kül bolar. 35  Olar diňe erbetlik hakda pikir edýär,Adamlara hemişe ýamanlyk edýär,Ýürekleri mekirlikden doly».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Günäleriň aýtmaly sözleriňi agzyňa salýar.
Ýagny gutulmaga umydy bolmaz.
Ýa⁠-⁠da: Imandan dänenleriň.