Eýýup 13:1—28

  • Eýýup sözüni dowam edýär (1—28)

    • «Men Gudratygüýçli bilen gepleşjek» (3)

    • «Ähliňiz dereksiz lukmansyňyz» (4)

    • «Günäsizdigimi anyk bilýärin» (18)

    • «Meni näme üçin duşmanyň hasaplaýarsyň?» (24)

13  Men bularyň ählisini gözüm bilen gördüm,Gulagym bilen eşitdim, göz ýetirdim.   Siziň bilýäniňizi menem bilýärin,Menem sizden kem däldirin.   Ýöne men Gudratygüýçli bilen gepleşjek,Hudaýyň öňünde arzymy aýtjak+.   Ýalan söz bilen gara ýöňkeýärsiňiz,Ähliňiz dereksiz lukmansyňyz+.   Eger siz dymsaňyz,Has akylly görnersiňiz+.   Meniň delillerimi diňläň,Ahy⁠-⁠nalama gulak goýuň.   Hudaýyň adyndan töhmet atýarsyňyzmy?Onuň adyndan ýalan sözleýärsiňizmi?   Kazyýetde hak Hudaýyň tarapyny tutýarsyňyzmy?Ony aklajak bolýarsyňyzmy?   Ol sizi barlasa, aman galarsyňyzmy?+ Başy ölümli ynsany aldaýşyňyz ýaly,Ony⁠-⁠da aldap bilersiňizmi? 10  Göz üçin+ Hudaýyň tarapyny tutsaňyz,Ol size hökman jeza berer. 11  Onuň beýikligini görüp hopugarsyňyz,Ondan gorkup sandyrarsyňyz. 12  Nakyllaryňyz küle öwrüler,Delilleriňiz toýun galkan kimin ejizdir. 13  Dymyň, men geplejek, Soň başyma näme gelse, şol gelsin! 14  Näme üçin janymy otdan alyp, suwa salaýyn?Näme üçin özümi howp astyna salaýyn?* 15  Hudaý meni öldürse⁠-⁠de, oňa sabyrly garaşaryn+,Onuň huzurynda özümi* aklaryn. 16  Şonda ol meni halas eder+.Öňünde hudaýsyz* adam durup bilmez+. 17  Sözümi ünsli diňläň,Aýdýanlaryma gulak goýuň. 18  Men kazynyň öňünde duraýyn,Günäsizdigimi anyk bilýärin. 19  Meniň bilen kim jedelleşip biler? Indi dymsam, men ölerin!* 20  Ýa Allam, senden gizlenip ýörmäýin!Meniň iki dilegim bar: 21  Agyr eliňi çek menden,Senden gorkmaýyn, sandyramaýyn+. 22  Sen sora, men⁠-⁠de jogap bereýin,Ýa⁠-⁠da men soraýyn, sen jogap ber. 23  Meniň ýazygym, günäm näme? Ýalňyşymy, günämi aýt maňa. 24  Näme üçin ýüzüňi sowýarsyň?+Meni näme üçin duşmanyň hasaplaýarsyň?+ 25  Men şemala tozaýan ýaprak, guran samandyryn.Meni näme üçin kowalaýarsyň, gorkuzýarsyň? 26  Maňa garşy arz⁠-⁠şikaýat ýygnaýarsyň,Ýaşlyk ýalňyşyma temmi berýärsiň. 27  Aýagyma gandal salýarsyň,Ähli ýollarymy barlaýarsyň,Her bir ädimimi yzarlaýarsyň. 28  Şeýdip, adam* çüýräp gidýär,Güýe düşen eşik kimin dargaýar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Näme üçin bedenimi dişimde götereýin?
Ýa⁠-⁠da: ýollarymy.
Ýa⁠-⁠da: imandan dänen.
Başga manysy: Garşyma çyksalar, indi dişim gysyp ölerin!
Sözme⁠-⁠söz: ol. Eýýup göz öňünde tutulýan bolmaly.