Eýýup 10:1—22

  • Eýýup sözüni dowam edýär (1—22)

    • Hudaý näme üçin garşy çykýar? (2)

    • Hudaý bilen başy ölümli Eýýubyň arasyndaky tapawut (4—12)

    • Hudaý meni günüme goýsun! (20)

10  Men janymdan doýdum+. Arz⁠-⁠şikaýatymy aýdaýyn, Ýüregimi dökeýin.   Hudaýa diýerin: „Meni günäkärleme, Aýt, sen näme üçin garşy çykdyň?   Meni gynaýarsyň, elleriň işini kemsidýärsiň+,Erbetleriň maslahatyny goldaýarsyň.Munuň saňa näme peýdasy bar?   Seniň gözleriň ynsan gözlerimi?Ýa başy ölümli ynsan ýaly seredýärmiň?   Seniň günleriň başy ölümli ynsanyň günlerimi?Ömrüň ynsan ömri deý gysgamy?+   Siňe seredip, ýalňyşymy agtarýarsyň,Günämi, aýybymy gözleýärsiň+.   Günäsizdigimi bilýärsiň+,Eliňden meni halas etjek ýok+.   Özüň şekil berip, meni ýaratdyň+,Indi meni kül⁠-⁠peýekun etjekmi?   Ýalbarýaryn, ýadyňa sal! Meni toprakdan ýaratdyň+,Indem topraga öwürýärsiň+. 10  Meni süýt kimin dökmänmidiň?Peýnir kimin gatatmanmydyň? 11  Meni et hem deri bilen örtdüň,Süňkler we siňirler bilen birleşdirdiň+. 12  Ýaşaýyş berip, ýagşylyk etdiň*,Aladamy edip+, janymy* goradyň. 13  Emma ýamanlyk etmegi ýüregiňe düwdüň*, Bilýärin, olary eden sensiň. 14  Günä etsem, görerdiň+,Ýazygymy geçmezdiň. 15  Günäli bolsam, waý günüme! Bigünä bolsam⁠-⁠da, başymy galdyryp bilmerin+,Sebäbi masgara boldum, derdim başymdan agdy+. 16  Başymy galdyrsam, ýolbars kimin topulýarsyň+,Bar güýjüň bilen basýarsyň. 17  Täze şaýatlary garşyma goýýarsyň.Maňa gahar⁠-⁠gazabyň tutaşýar,Derdime dert goşýarsyň. 18  Meni näme üçin dünýä inderdiň?+ Käşgä ölsedim, hiç kim meni görmezdi. 19  Ýagty jahany görmezdim,Ejemiň göwresinden göni mazara inerdim“. 20  Sanlyja günlerim galdy+. Hudaý menden el çeksin!Menden gözüni sowsun, günüme goýsun!*+ 21  Tüm⁠-⁠garaňky ýurda barýaryn+,Yzyma dolanyp gelmerin+. 22  Garaňkylygyň mekanyna,Tüm⁠-⁠garaňkylyk we bulam⁠-⁠bujar ýurda,Ýagtylygy garaňkylyga meňzeýän ýurda barýaryn».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirdiň.
Ýa⁠-⁠da: demimi; ruhumy.
Sözme⁠-⁠söz: ýüregiňde ýygşyrdyň.
Ýa⁠-⁠da: biraz göwnüm göterilsin!