Abdyýar 1:1—21

  • Gopbamsy Edom peseldiler (1—9)

  • Edomyň Ýakuba eden zorluk⁠-⁠sütemi (10—14)

  • Ýehowa ähli milletlere höküm çykarar (15, 16)

  • Ýakubyň öýi dikeldiler (17—21)

    • Ýakup Edomy ýalmap ýuwudar (18)

    • Ýehowa patyşa bolar (21)

 Älemiň Hökümdary Ýehowa Abdyýara* Edom hakda görnüş* berdi. Abdyýar şeýle diýýär+: «Biz Ýehowanyň habaryny eşitdik.Çapar halklara habar getirip: „Turuň, oňa garşy söweşe çykalyň!“ diýdi»+.   «Seni halklaryň arasynda peseltdim;Seni uly iliň öňünde kemsitdim+.   Sen gowaklarda mesgen tutduň,Tekepbirligiň seni aldawa saldy+,Belent daglarda ýaşap, öz⁠-⁠özüňe:„Kim meni aşak düşürip biler?“ diýýärsiň.   Sen bürgüt kimin gaýalarda mesgen tutsaň⁠-⁠da*,Ýyldyzlaryň arasynda höwürtge ýasasaň⁠-⁠da,Men seni aşak indererin» diýip, Ýehowa yglan edýär.   «Gije üstüňe talaňçylar, ogrular gelse,Olar diňe islän zadyny almazmy? Eger üzümçiler gelse,Olar az⁠-⁠owlak üzüm goýup gitmezmi? Indi duşmanlaryň seni ýer bilen ýegsan eder*+.   Ysaw, ýagylaryň saňa garşy aýaga galdy. Gizlin hazynalaryňy agtaryp tapdy.   Olar seni ýurduňdan kowup çykardy. Dost⁠-⁠ýarlaryň ählisi seni aldady. Seniň bilen agzybir ýaşanlar üstüňden agalyk etdi. Bile duz⁠-⁠çörek iýýänleriň saňa duzak gurarlar.Sen bolsa muny asla aňmarsyň».   Ýehowa şeýle diýýär: «Şol gün men Edomyň akyldarlaryny,Daglarynda ýaşaýan düşünjeli adamlaryny heläk ederin+.   Eý Teýman+, seniň batyr ýigitleriň gorka düşer+.Sebäbi Ysawyň daglarynda ýaşaýanlar gylyçdan geçiriler+. 10  Doganyň Ýakuba eden zorluk⁠-⁠sütemiň sebäpli+,Sen masgara bolarsyň+,Hemişelik ýok edilersiň+. 11  Duşmanlar onuň goşunyny ýesir alanda+,Sen gyra çekilip, seredip durduň,Başga milletler derwezesinden girip,Iýerusalim üçin bije atanda+,Senem olara goşuldyň. 12  Doganyň başyna kynçylyk düşende gülmeli däldiň+,Ýahuda halkynyň heläkçilik gününde şatlanmaly däldiň+,Olaryň gara gününde gedemlik etmeli däldiň. 13  Halkymyň agyr gününde derwezesinden girmeli däldiň+,Halkymyň gara gününde heşelle kakmaly däldiň,Halkyma betbagtçylyk inen güniBaýlygyna el urmaly däldiň+. 14  Sen ýoluň çatrygynda durup,Gaçyp barýanlary öldürmeli däldiň+,Gara gününde halkymyň aman galanlarynyDuşmanyň eline bermeli däldiň+. 15  Ýehowanyň milletlere höküm çykarjak güni ýakyndyr+. Başgalara basan oduň, özüňe⁠-⁠de basylar+, Il⁠-⁠güne edeniň, öz başyňa iner. 16  Meniň mukaddes dagymda şerap içişiňiz ýaly,Milletler hem meniň gahar şerabymdan içerler+. Olar içip, gahar⁠-⁠gazabymdan lül bolarlar,Dünýä inmedik ýaly bolarlar. 17  Halas bolanlar Sion dagyna gelerler+,Ol ýer mukaddes bolar+,Ýakubyň nesli mal⁠-⁠mülküne eýe çykar+. 18  Ýakubyň öýi ot kimin,Ýusubyň öýi alaw kimin,Ysawyň öýi saman kimin bolar.Olar ot kimin ýanyp, ony ýalmap ýuwudar.Ysawyň öýünden hiç kim aman galmaz+.Muny Ýehowa aýdýar. 19  Olar Negebe we Ysawyň daglaryna+,Şepela bilen piliştlileriň ýurduna+ eýe çykarlar. Efraýymyň we Samariýanyň topragyny mülk edinerler+.Benýaminler Gileady eýelärler. 20  Galadan+ sürgün edilen ysraýyl halkyKenganyň Sarepta+ şäherine çenli ähli ýerlerini eýelär, Iýerusalimden Separata sürgün edilenlerNegebiň ähli şäherlerinde ýaşarlar+. 21  Halasgärler Sion dagyna çykarlar,Ysawyň daglaryny höküm ederler+,Ýehowa patyşa bolar»+.

Çykgytlar

Manysy: Ýehowanyň guly.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: ýokary uçsaň⁠-⁠da.
Başga manysy: Olar seni nähili weýrançylyga salardylar?