Bäşinji Musa 23:1—25

  • Hudaýyň halkyna goşulyp bilmeýän adamlar (1—8)

  • Düşelgäni mukaddes saklamak (9—14)

  • Gaçgak gullar (15, 16)

  • Azgynlyk (17, 18)

  • Göterim we wada (19—23)

  • Ýol ugruna iýilýän zatlar (24, 25)

23  Erkeklik mäzine şikes ýeten ýa⁠-⁠da jyns agzasy kesilen adam Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez+.  Nikasyz doglan çaga Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez+, nesliniň hem hiç biri* Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez.  Ammonlardan ýa mowaplardan hiç kim Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez+. Hatda on nesil aýlansa⁠-⁠da, olaryň hiç biri Ýehowanyň halkyna goşulmaly däldir.  Sebäbi Müsürden çykyp gelýärkäňiz, olar size kömek etmediler, bir döwüm çörek, bir owurt suw bermediler+. Gaýtam size gargyş okatmak üçin Mesopotamiýadaky Petorda ýaşaýan Benur ogly Bilgamy hakyna tutdular+.  Emma Ýehowa Hudaýyňyz ony+ diňlemedi. Ýehowa Hudaýyňyz sizi gowy görýär+. Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyz onuň gargyşyny alkyşa* öwürdi+.  Olary hiç wagt asuda we bolelin ýaşatmaň+.  Edomlylary ýigrenmäň, olar siziň doganyňyz+. Müsürlileri ýigrenmäň, sebäbi olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz+.  Olaryň çowluklary* Ýehowanyň halkyna goşulyp biler.  Duşman bilen söweşmek üçin düşelge guranyňyzda, özüňizi her dürli hapalykdan* goraň+. 10  Eger erkek adamyň gije tohumy akyp haram bolsa+, düşelgeden daşyna çyksyn we yzyna girmesin. 11  Ol agşamara ýuwunsyn, Gün ýaşansoň düşelgä girip biler+. 12  Aýakýoluna gider ýaly, düşelgäniň daşynda hajathanaňyz bolsun. 13  Aýakýoluna gidýän adam ýany bilen pilçe alsyn. Çukur gazyp, meýdan etsin we täretini gömsün. 14  Ýehowa Hudaýyňyz sizi halas edip, duşmanlaryňyzy eliňize bermek üçin araňyzda gezýändir+. Şol sebäpli düşelgäňiz mukaddes bolsun+. Şonda araňyzda ýigrenji zady görüp, Hudaý sizi terk etmez. 15  Hojaýynyndan gaçyp, öýüňize gelen guly yzyna äkitmäň. 16  Goý, ol araňyzda galyp, islän şäherinde ýaşasyn. Gula sütem etmäň+. 17  Ysraýyl gyzlarynyň we ogullarynyň hiç biri buthanada azgynlyk etmesin*+. 18  Aýalyň⁠-⁠da, erkegiň⁠-⁠de* azgynlyk edip gazanan puluny wada berlen sadaka hökmünde Ýehowa Hudaýyňyzyň öýüne getirmäň. Olaryň özi⁠-⁠de, puly⁠-⁠da Ýehowa Hudaýyňyz üçin ýigrenjidir. 19  Doganyňyza pul, çörek ýa başga bir zat karz berseňiz, göterimine bermäň+. 20  Gelmişege göterimine karz berip bilersiňiz+, ýöne doganyňyza göterimine zat bermäň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz ýaşajak ýurduňyzda ähli işiňize bereket berer+. 21  Ýehowa Hudaýyňyza näme wada berseňiz+, soňa goýman berjaý ediň+, ýogsam günä galarsyňyz. Ýehowa Hudaýyňyz beren wadaňyzy sizden talap eder+. 22  Wada bermeseňiz, günä galmarsyňyz+. 23  Wada berseňiz, sözüňizde duruň+. Ýehowa Hudaýyňyza öz islegiňiz bilen beren wadaňyzy berjaý ediň+. 24  Biriniň üzümligine girseňiz, üzüminden doýýançaňyz iýip bilersiňiz, ýöne sebede ýygnap almaň+. 25  Biriniň bugdaýlygyna girseňiz, dänelerini ýolup iýip bilersiňiz, ýöne orak degirmäň+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: onunjy nesline çenli.
Ýa⁠-⁠da: berekede.
Ýa⁠-⁠da: nesliniň üçünji arkasy.
Ýa⁠-⁠da: erbetlikden.
Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Sözme⁠-⁠söz: itiň⁠-⁠de.