Bäşinji Musa 18:1—22

  • Ruhanylaryň we lewileriň paýy (1—8)

  • Jadygöýlikden gaça durmak (9—14)

  • Musa ýaly pygamber (15—19)

  • Ýalan pygamberler (20—22)

18  Lewi ruhanylaryň, tutuş lewi taýpasynyň ysraýyllaryň arasynda paýy⁠-⁠da, mirasy⁠-⁠da ýokdur. Olar Ýehowanyň paýy hökmünde ýakylyp berilýän gurbanlardan iýip biler+.  Lewilere doganlarynyň arasyndan miras berilmesin. Hudaýyň aýdyşy ýaly, olaryň mirasy Ýehowadyr.  Ine şu zatlar ruhanylara berilsin: halkyň arasyndan biri öküz ýa goýun gurbanlyk berse, malyň goluny*, äňini we garnyny ruhana bersin.  Gallanyň ilkinji hasylyny, täze şeraby we ýagy, goýunlaryň ilkinji ýüňüni ruhana beriň+.  Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz lewileri ähli taýpalaryň arasyndan saýlap, hemişe Ýehowanyň adyndan hyzmat etmäge belledi+.  Eger lewilerden biri ýaşaýan şäherini+ goýup, Ýehowanyň saýlan ýerine*+ gitjek bolsa,  onda ol hem Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýän beýleki lewiler ýaly, şol ýerde Ýehowa Hudaýynyň adyndan hyzmat edip biler+.  Ol ata⁠-⁠babalaryndan galan mülküni satyp, girdeji alsa⁠-⁠da, oňa doganlary bilen deň paý* berilsin+.  Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna baranyňyzda, şol ýerdäki halklaryň nejis işlerini gaýtalajak bolmaň+. 10  Hiç kim ogul⁠-⁠gyzyny otda ýakyp gurban bermesin+ ýa⁠-⁠da palçylyk+, jadygöýlik+, täleýe garamak+, porhançylyk*+ bilen meşgullanmasyn. 11  Araňyzda adamlary dogalaýan, jadygöýe*+ ýa bilgije* ýüz tutýan+, ölüleri çagyrýan adam+ hem bolmasyn. 12  Ýehowa şeýle işleri edýän adamy ýigrenýändir. Ýehowa Hudaýyňyz beýleki halklary şeýle nejis işleri edýändigi üçin ýurtdan kowup çykarýar. 13  Siz Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde päk* bolmalysyňyz+. 14  Ýurtdan kowup çykarjak halklaryňyz jadygöýlere+ we palçylara+ ýüz tutýar. Emma Ýehowa Hudaýyňyz beýle işleri gadagan edýär. 15  Ýehowa Hudaýyňyz halkyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar, oňa hökman gulak asyň+. 16  Horepde ýygnanan günüňiz+: „Ýehowa Hudaýymyzyň sesini indi bir eşitmäli, oduň ýalnyny görmäli, ýogsam öleris“ diýip, Ýehowa Hudaýyňyza ýalbarypdyňyz+. 17  Şonda Ýehowa maňa şeýle diýipdi: „Olar dogry aýdýar. 18  Men halkyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn+. Oňa aýtmaly zatlaryny öwrederin+, ol tabşyryklarymy halka ýetirer+. 19  Meniň adymdan gepleýän şol pygambere gulak asmadyk adamdan hasap soraryn+. 20  Ýöne bir pygamber özbaşyna meniň adymdan gepläp, tabşyrmadyk zatlarymy aýtsa ýa⁠-⁠da başga taňrylaryň adyndan geplese, ony hökman öldüriň+. 21  Belki, siz: „Şol zatlary Ýehowanyň aýtmandygyny nädip bileli?“ diýýänsiňiz. 22  Eger Ýehowanyň adyndan geplän pygamberiň aýdany ýalan bolup çyksa ýa⁠-⁠da ýerine ýetmese, diýmek, şol sözleri Ýehowa aýtmandyr. Pygamber öz⁠-⁠özünden toslapdyr. Şol pygamberden gorkmaň“.

Çykgytlar

Malyň öň aýagy göz öňünde tutulýar.
Ýagny Ýehowa sežde edilýän ýer.
Ýa⁠-⁠da: iýmit.
Ýa⁠-⁠da: tebipçilik.
Ýa⁠-⁠da: arwah⁠-⁠jynlary çagyrýana.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.