Bäşinji Musa 17:1—20

  • Şikessiz mal gurban bermek (1)

  • Imandan dänenleriň işine seretmek (2—7)

  • Çözmesi kyn meseleler (8—13)

  • Patyşa üçin görkezme (14—20)

    • Patyşa Kanuny göçürip almaly (18)

17  Şikesli ýa kemli öküzi we goýny Ýehowa Hudaýyňyza gurban bermäň. Şeýle gurban Ýehowa Hudaýyňyz üçin ýigrenjidir+.  Ýehowa Hudaýyňyzyň beren şäherlerinde bir erkek ýa aýal Ýehowanyň ýigrenýän işini edip, ähtini bozsa+,  erbet ýola düşüp, başga taňrylara sežde etse, gadagan etsem⁠-⁠de+, şol taňrylara ýa⁠-⁠da Güne, Aýa, asman jisimlerine* tagzym etse+,  muny size habar berseler ýa özüňiz eşitseňiz, sorap⁠-⁠idäp, anygyna ýetiň. Eger Ysraýylda, dogrudanam, şeýle nejislik edilen bolsa+,  günä eden erkegi ýa aýaly şäher derwezesine eltiň. Ony daşlap öldürmelidir+.  Ýöne şeýle adamy ölüme höküm etmek üçin iki ýa üç şaýat+ bolmalydyr. Hiç kimi bir şaýadyň sözi bilen öldürmäň+.  Ölüme höküm edilen adama ilki bilen şaýatlar daş zyňsyn, soňra halk daşlasyn. Şeýdip, erbetligi araňyzdan aýryň+.  Eger şäheriňizde adam öldürmek+, arz⁠-⁠şikaýat ýa zorluk bilen bagly meseleleri çözmek kyn bolsa, Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gidiň+.  Lewi ruhanylaryň we şol wagtky kazynyň*+ ýanyna baryp, ýüze çykan meseläni aýdyň. Olar size çözüp bererler+. 10  Olar Ýehowanyň saýlan ýerinde nähili karara gelseler, şoňa görä boluň. Ähli zady olaryň aýdyşy ýaly ediň. 11  Olaryň görkezen kanunyna we çykaran hökümine görä hereket ediň+. Olaryň çykaran höküminden saga⁠-⁠da, sola⁠-⁠da sowulmaň+. 12  Eger biri boýnuýogynlyk edip, Ýehowa Hudaýyň ruhanysyna ýa kaza gulak asmasa, hökman öldürilsin+. Şeýdip, Ysraýyldan erbetligi aýryň+. 13  Şonda tutuş halk muny eşidip gorkar, gaýdyp hiç kim boýnuýogynlyk etmez+. 14  Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduny miras alyp, ýaşap başlanyňyzda: „Geliň, beýleki halklar ýaly özümize patyşa belläliň“+ diýseňiz, 15  diňe Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan adamyny patyşa belläň+. Patyşa öz halkyňyzdan bolsun, başga milletli adamy patyşa bellemäň. 16  Ýöne patyşa özüne köp at edinmesin+, atlarynyň sanyny köpeltjek bolup, halky Müsüre ibermesin+. Sebäbi Ýehowa: „Hiç wagt Müsüre dolanaýmaň“ diýipdi. 17  Patyşanyň ýüregi Hudaýdan daşlaşmaz ýaly, ol özüne köp aýal almasyn+. Altyn⁠-⁠kümşüni hem köpeltmesin+. 18  Ol tagta çykan badyna, lewi ruhanylarynda duran Kanuny göçürip alsyn+. 19  Patyşa Kanunyň nusgasyny özünde saklap, ömrüniň ähli günlerinde okasyn+. Şonda ol Ýehowa Hudaýyndan gorkmagy, Kanundaky sözleri we düzgünleri berjaý etmegi öwrener+. 20  Özüni ildeşlerinden ýokary tutup, tekepbirlik etmez, tabşyryklardan saga⁠-⁠da, sola⁠-⁠da sowulmaz. Şonda patyşanyň özi⁠-⁠de, ogullary⁠-⁠da Ysraýylda uzak wagt höküm sürer.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlaryna.
Ýa⁠-⁠da: serdaryň.