Bäşinji Musa 16:1—22

16  Abyp* aýyny ýatdan çykarmaň, Ýehowa Hudaýyňyzyň şanyna Pasha baýramyny belläň+. Ýehowa Hudaýyňyz sizi abyp aýynda, gije Müsürden çykarypdy+.  Ýehowanyň ady üçin saýlan ýerinde+ mal⁠-⁠garaňyzdan+ Ýehowa Hudaýyňyza Pasha gurbanlygyny beriň+.  Ýöne gurbanlygyň ýany bilen hamyrmaýa goşulan zat iýmäň+. Müsürden howlukmaç çykanyňyzda+, petir çörek* iýşiňiz ýaly, ýedi günläp diňe petir iýiň. Şonda azap çeken döwrüňiz we Müsürden çykan günüňiz hiç wagt ýadyňyzdan çykmaz+.  Ýaşaýan ýeriňizde ýedi günläp hamyrmaýa bolmasyn+. Birinji gün agşam gurban beren malyňyzyň etinden ertesi irdene hiç zat galmasyn+.  Pasha gurbanlygyny Ýehowa Hudaýyňyzyň beren şäherleriniň hemmesinde däl⁠-⁠de,  diňe Ýehowanyň öz ady üçin saýlan ýerinde beriň. Müsürden haýsy gün çykan bolsaňyz, Pasha gurbanlygyny şol gün agşamara, Gün ýaşandan soň hödürläň+.  Gurbanlygyň etini Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerinde+ bişirip iýiň+. Ertesi irden öýüňize* gaýdyp bilersiňiz.  Alty günläp diňe petir iýiň, ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyzyň şanyna uly baýram ediň. Şol gün hiç hili iş etmäň+.  Hasyl orup başlan günüňizden ýedi hepde geçsin+. 10  Soňra Ýehowa Hudaýyňyzyň beren berekedine+ görä göwnüňizden çykaran sadakaňyzy getirip, Ýehowa Hudaýyňyzyň şanyna Hepdeler baýramyny belläň+. 11  Ýehowa Hudaýyňyzyň öz ady üçin saýlan ýerinde, Ýehowanyň huzurynda siz bilen ogul⁠-⁠gyzlaryňyz, gul⁠-⁠gyrnaklaryňyz, şäheriňizde ýaşaýan lewiler, araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dul aýallar hem şatlansyn+. 12  Müsürde gul bolup ýaşanyňyzy unutman+, şu kanunlary birkemsiz ýerine ýetiriň. 13  Harmany galladan arassalap, zeýtundan ýag, üzümden şerap ýasanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň+. 14  Baýramçylykda siz bilen ogul⁠-⁠gyzlaryňyz, gul⁠-⁠gyrnaklaryňyz, şäheriňizde ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dul aýallar hem şatlansyn+. 15  Ýehowanyň saýlan ýerinde Hudaýyňyz Ýehowanyň şanyna ýedi gün baýram ediň+. Ýehowa Hudaýyňyz bol hasyl berip, ähli işiňizi ugruna eder+. Sizem muňa begenip, şatlyk⁠-⁠şagalaň edersiňiz+. 16  Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda+, Hepdeler baýramynda+ we Çatma baýramynda+ Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelsin. Ýöne hiç kim Ýehowanyň huzuryna eli boş gelmesin. 17  Her kim Ýehowanyň beren berekedine görä sadaka* getirsin+. 18  Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek şäherlerinde her taýpa üçin kazylary+ we serdarlary belläň. Olar halka adalatly höküm çykarsynlar. 19  Adalatsyzlyk etmäň+, hiç kimi ala tutmaň+, para almaň. Sebäbi para paýhasly adamyň⁠-⁠da gözüni gapýandyr+, dogruçyl adama⁠-⁠da ýalan sözledýändir. 20  Adalata, diňe adalata ýapyşyň+, şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduny miras alyp, uzak ýaşarsyňyz. 21  Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagynyň* ýanynda keramatly pürs* hökmünde agaç oturtmaň+. 22  Keramatly sütün hem goýmaň+, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz muny ýigrenýändir.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörek.
Sözme⁠-⁠söz: çadyrlaryňyza.
Ýa⁠-⁠da: sowgat.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.