Dördünji Musa 9:1—23

  • Wagtynda taýýarlanmadyk Pasha üçin görkezme (1—14)

  • Mukaddes çadyryň depesindäki ot we bulut (15—23)

9  Ysraýyllar Müsürden çykandan soň, ikinji ýylyň birinji aýynda+ Ýehowa Sinaý çölünde Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyllar Pasha gurbanlygyny+ wagtynda+ taýynlasyn.  Pasha gurbanlygyny şu aýyň 14⁠-⁠i güni agşamara* öz wagtynda taýynlaň, ähli zady berlen kanuna we görkezmä görä ediň»+.  Musa ysraýyllara Pasha gurbanlygyny taýýarlamagy tabşyrdy.  Olar Sinaý çölünde birinji aýyň 14⁠-⁠i güni agşamara* Pasha gurbanlygyny taýynladylar. Halk ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdi.  Halkyň arasynda jesede degip haram bolan adamlar+ bardy. Şonuň üçin olar Pasha gurbanlygyny taýynlap bilmediler. Şol gün olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip+:  «Biz jesede degip haram bolduk. Indi bellenilen wagtda beýleki ysraýyllar bilen Ýehowa gurban berip bilmerismi?»+ diýdiler.  Şonda Musa: «Hany, garaşyň, Ýehowadan sorap göreýin»+ diýdi.  Ýehowa Musa: 10  «Ysraýyllara aýt: „Siz ýa geljekki nesilleriňizden biri jesede degip haram bolsa⁠-⁠da+, ýa uzak ýola gitse⁠-⁠de, Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny taýynlasyn. 11  Gurbanlygy ikinji aýyň+ 14⁠-⁠i güni agşamara* taýynlap, petir çörek* we ajy otlar+ bilen iýsinler. 12  Ertesi irdene çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn+. Gurbanlyk malynyň ýekeje süňküni hem döwmesinler+. Ony Pasha baradaky kanuna görä taýynlasynlar. 13  Eger tämiz ýa⁠-⁠da uzak ýola gitmedik adam Pasha gurbanlygyny taýynlamasa, onda ol halkyň arasyndan ýok edilsin*+, sebäbi ol adam Ýehowa üçin gurbanlygy wagtynda taýynlamady. Ol günäsi üçin jogap berer. 14  Araňyzdaky gelmişekler hem Pasha baradaky kanuna we görkezmä eýerip+, Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny taýynlasyn+. Gelmişek üçinem, ýerli halk üçinem bir kanun bolsun“»+ diýdi. 15  Mukaddes çadyr gurlan güni+ äht sandygy duran çadyry* bulut örtdi. Çadyryň üstündäki bulut gijelerine oda meňzäp, irdene çenli ýanyp durardy+. 16  Her gün şeýle bolardy: gündizine çadyryň depesinde bulut, gijesine bolsa ot durardy+. 17  Bulut çadyrdan ýokary göterilende, ysraýyllar dessine ýola düşerdiler+. Ol nirede saklansa, ysraýyllar hem şol ýerde düşlärdiler+. 18  Olar Ýehowanyň buýrugy bilen ýola düşerdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem düşlärdiler+. Bulut çadyryň üstünden göterilýänçä, ýola düşmezdiler. 19  Bulut çadyryň depesinde köp wagt dursa⁠-⁠da, ysraýyllar Ýehowa gulak asyp, hiç ýere gitmezdiler+. 20  Käte bulut çadyryň depesinde sanlyja gün durardy. Olar Ýehowanyň buýrugy bilen düşlärdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. 21  Käwagt bulut çadyryň üstünde ýekeje gije* durup, irden ýokary göterilerdi. Şonda halk ýola düşerdi. Gündiz bolsun, gije bolsun, bulut haçan göterilse, ýola düşerdiler+. 22  Bulut çadyryň depesinde iki gün, bir aý ýa⁠-⁠da uzak wagt dursa⁠-⁠da, ysraýyllar hiç ýere gitmän, düşelgede ýaşardylar. Bulut göterilende bolsa ýola düşerdiler. 23  Olar Ýehowanyň buýrugy bilen düşlärdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly edip, Ýehowa gulak asardylar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa⁠-⁠da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa⁠-⁠da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa⁠-⁠da: öldürilsin.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk çadyryny.
Ýa⁠-⁠da: agşamdan irdene çenli.