Dördünji Musa 8:1—26

  • Harun ýedi şem ýakýar (1—4)

  • Lewileriň tämizlenip, hyzmat etmegi (5—22)

  • Hyzmat etmeli lewileriň ýaşy (23—26)

8  Ýehowa Musa:  «Haruna aýt, şemdanyň ýedi şemini ýakyp, ýagtysy şemdanyň öňüne düşer ýaly edip goýsun»+ diýdi.  Harun Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, şemleri ýakyp, ýagtysy şemdanyň öňüne düşer ýaly edip goýdy+.  Şemdan altyndan çekiçlenip ýasalypdy. Ortaky direginden güllerine çenli çekiçlenip ýasalypdy+. Şemdany Ýehowanyň Musa görnüşde* görkezişi ýaly ýasadylar+.  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyl halkynyň arasyndan lewileri saýla⁠-⁠da, hemmesini tämizle+.  Olary tämizlemek üçin günäden arassalaýan suwy üstlerine sep. Olar endamyndaky tüýlerini syryp, eşiklerini ýuwup, tämizlensinler+.  Soňra bir öküzçe+ we ýokary hilli una ýag garylan galla sadakasyny+ getirsinler. Sen bolsa günä gurbanlygy üçin başga bir öküzçe getir+.  Lewileri ýygnak çadyrynyň* öňüne getir⁠-⁠de, ysraýyl jemagatyny ýygna+. 10  Lewiler+ Ýehowanyň huzuryna gelende, ysraýyllar* olaryň kellesine elini goýsun. 11  Harun lewileri ysraýyllaryň göterme sadakasy+ hökmünde Ýehowa bagyş etsin*. Olar Ýehowa hyzmat etmelidir+. 12  Lewiler öküzçeleriň kellesine elini goýsun+. Lewileri günäden arassalamak+ üçin, öküzçeleriň birini Ýehowa günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürläň. 13  Lewileri Harun bilen ogullarynyň öňünde durzup, Ýehowa göterme sadakasy hökmünde bagyş et. 14  Lewileri ysraýyllardan aýyrmalysyň, olar meniňki bolar+. 15  Şondan soň lewiler ýygnak çadyryna gelip, maňa hyzmat edip biler. Olary tabşyryşym ýaly tämizläp, göterme sadakasy hökmünde bagyş et. 16  Olar ysraýyllaryň arasyndan maňa bagyş edilen adamlardyr. Lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna+ derek saýlap aldym. 17  Ysraýyl halkynyň ähli nowbaharlary: ynsanlaryň⁠-⁠da, mallaryň⁠-⁠da ilkinji doglan erkegi meniňkidir+. Olary müsürlileriň nowbaharlaryny heläklänimde+ özüme bagyş edipdim*. 18  Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri saýlaýaryn. 19  Olary ysraýyl halkyndan saýlap, Haruna we ogullaryna berýärin. Ysraýyllar mukaddes ýere golaýlaşyp heläk bolmaz ýaly+, lewiler halkyň adyndan ýygnak çadyrynda hyzmat edip+, olaryň günäleri üçin gurbanlyk bererler». 20  Musa, Harun we ysraýyl jemagaty lewiler hakda aýdylan zatlary berjaý etdiler. Ysraýyllar Ýehowanyň lewiler babatda Musa beren tabşyryklaryny doly ýerine ýetirdiler. 21  Lewiler tämizlenip, eşiklerini ýuwansoň+, Harun olary göterme sadakasy hökmünde Ýehowa bagyş etdi+. Soňra olary günäden arassalamak üçin gurbanlyk berdi+. 22  Şeýlelikde, lewiler Harun bilen ogullarynyň ýolbaşçylygy astynda ýygnak çadyrynda hyzmat edip başladylar. Ýehowa lewiler hakda Musa näme tabşyran bolsa, şony hem etdiler. 23  Ýehowa Musa: 24  «Lewiler hakda şeýle kanun berýärin: olaryň 25 ýaşa ýeten erkekleri ýygnak çadyrynda hyzmat edip başlasyn. 25  Ýöne 50 ýaşdan soň hyzmatyny goýsun, çadyrda hyzmat etmesin. 26  Ol ýygnak çadyrynda hyzmat edýän doganlaryna kömek edip biler, ýöne oňa hiç hili jogapkärçilik berilmesin. Lewiler we olaryň borçlary barada kanun şeýledir»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Halkyň baştutanlary göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: Ýehowanyň öňünde galgatsyn. Iki ýana ýöremegi ýa⁠-⁠da yranmagy aňladýar.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes edipdim.