Dördünji Musa 7:1—89

  • Mukaddes çadyr üçin sadakalar (1—89)

7  Mukaddes çadyr gurlan güni+ Musa çadyry, ähli esbaplaryny, gurbanlyk ojagyny* we gap⁠-⁠gaçlaryny mukaddes ýag bilen mukaddes etdi+. Musa olary mukaddes edende+,  ysraýyl taýpalarynyň baştutanlary+ sadaka getirdiler. Ilat ýazuwyny geçiren baştutanlar  Ýehowanyň huzuryna 6 araba* bilen 12 öküz getirdiler. Mukaddes çadyryň öňüne her iki baştutan bir araba we adam başyna bir öküz getirdi.  Şonda Ýehowa Musa:  «Getirilen zatlar ýygnak çadyrynda* gerek bolar. Olary al⁠-⁠da, edýän işlerini göz öňünde tutup, lewilere paýla» diýdi.  Musa arabalary we öküzleri alyp, lewilere berdi.  Ol edýän işlerini göz öňünde tutup, iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi+.  Dört araba bilen sekiz öküzi edýän işlerini göz öňünde tutup, merarlara berdi. Olara Harun ruhanynyň ogly Ytamar gözegçilik edýärdi+.  Kohatlara bolsa hiç zat bermedi, sebäbi olar mukaddes çadyryň+ zatlaryny egninde göterýärdiler+. 10  Gurbanlyk ojagy mukaddes edilip, Hudaýa bagyş edilen güni baştutanlar gurbanlaryny hödürlediler+. Olar zatlaryny gurbanlyk ojagynyň öňüne getirenlerinde, 11  Ýehowa Musa: «Gurbanlyk ojagyny bagyş etmek üçin her gün bir baştutan gurban bersin» diýdi. 12  Birinji gün ýahuda taýpasyndan Aminadabyň ogly Nahşon+ gurban berdi. 13  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel* kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 14  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 15  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 16  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 17  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Aminadabyň ogly Nahşon+ şulary berdi. 18  Ikinji gün ysahar taýpasynyň baştutany Zugaryň ogly Netanel+ gurban berdi. 19  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 20  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 21  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 22  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 23  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Zugaryň ogly Netanel şulary berdi. 24  Üçünji gün zebulun taýpasynyň baştutany Helonyň ogly Alyýap+ gurban berdi. 25  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 26  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 27  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 28  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 29  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Helonyň ogly Alyýap+ şulary berdi. 30  Dördünji gün ruben taýpasynyň baştutany Şeduryň ogly Alysur+ gurban berdi. 31  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 32  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 33  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 34  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 35  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Şeduryň ogly Alysur+ şulary berdi. 36  Bäşinji gün şimgon taýpasynyň baştutany Zuryşadaýyň ogly Şelumyýel+ gurban berdi. 37  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 38  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 39  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 40  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 41  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Zuryşadaýyň ogly Şelumyýel+ şulary berdi. 42  Altynjy gün gad taýpasynyň baştutany Deguweliň ogly Alyýasap+ gurban berdi. 43  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 44  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 45  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 46  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 47  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Deguweliň ogly Alyýasap+ şulary berdi. 48  Ýedinji gün efraýym taýpasynyň baştutany Emihutyň ogly Alyşam+ gurban berdi. 49  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 50  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 51  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 52  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 53  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Emihutyň ogly Alyşam+ şulary berdi. 54  Sekizinji gün manaşa taýpasynyň baştutany Pedahsuryň ogly Gamaliýel+ gurban berdi. 55  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 56  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 57  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 58  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 59  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Pedahsuryň ogly Gamaliýel+ şulary berdi. 60  Dokuzynjy gün benýamin taýpasynyň baştutany+ Gedeýonaýyň ogly Abydan+ gurban berdi. 61  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 62  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 63  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 64  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 65  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Gedeýonaýyň ogly Abydan+ şulary berdi. 66  Onunjy gün dan taýpasynyň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezer+ gurban berdi. 67  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 68  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 69  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 70  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 71  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Emişadaýyň ogly Ahygezer+ şulary berdi. 72  On birinji gün aşer taýpasynyň baştutany Okranyň ogly Pagyýel+ gurban berdi. 73  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 74  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 75  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 76  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 77  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Okranyň ogly Pagyýel+ şulary berdi. 78  On ikinji gün naftaly taýpasynyň baştutany Eýnanyň ogly Ahura+ gurban berdi. 79  Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde⁠-⁠de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 80  içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 81  ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 82  günä gurbanlygy+ üçin owlak, 83  parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Eýnanyň ogly Ahura+ şulary berdi. 84  Gurbanlyk ojagy mukaddes edilip, Hudaýa bagyş edilende+, ysraýyl baştutanlarynyň beren zatlary: 12 kümüş tabak, 12 kümüş jam, 12 altyn käse+; 85  her kümüş tabagyň agramy 130 şekel, her jamyň agramy 70 şekel bolup, kümüş gaplaryň jemi agramy mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 2 400 şekeldi+. 86  Içine tütetgi goýlan käse, hersiniň agramy mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 10 şekelden 12 altyn käse; olaryň jemi agramy 120 şekeldi. 87  Ýakma gurbanlygy üçin 12 öküz, 12 goç, 12 erkek tokly we olaryň ýany bilen berilýän galla sadakalary, günä gurbanlygy üçin 12 owlak, 88  parahatlyk gurbanlygy üçin 24 öküz, 60 goç, 60 teke we 60 erkek tokly. Gurbanlyk ojagy mukaddes edilip+, Hudaýa bagyş edilende+ şular gurban berildi. 89  Musa her gezek Hudaý bilen gepleşmek+ üçin ýygnak çadyryna girende, äht* sandygynyň gapagynyň üstünden+ ses gelerdi. Hudaý Musa bilen iki kerubyň+ arasyndan gepleşerdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: üsti ýapyk araba.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.