Dördünji Musa 6:1—27

6  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyllara aýt: „Eger erkek ýa aýal özüni Ýehowa nezir*+ hökmünde bagyş etmek barada ant içse,  onda ol şerap ýa⁠-⁠da şoňa meňzeş içgileri içmesin. Üzümden we başga zatlardan edilen sirke*, üzüm şiresini⁠-⁠de içmesin+. Üzüm hem, kişmiş hem iýmesin.  Nezirlik döwri üzümden taýýarlanan hiç zady, hatda çig üzümi⁠-⁠de, gabygyny⁠-⁠da agzyna almasyn.  Nezirlik döwri onuň başyna päki degmeli däldir+. Ýehowa bagyş edilen günleri tamamlanýança, ol saçyny ösdürip, mukaddes bolsun.  Nezir Ýehowa bagyşlanan günleri jesede golaýlaşmasyn.  Hatda ene⁠-⁠atasy, dogany ýa uýasy ölse⁠-⁠de, jesede golaýlaşyp+, özüni haram etmesin. Sebäbi başyndaky saçy Hudaýyň öňünde nezirdigini aňladýandyr.  Nezirlik döwri ol Ýehowa üçin mukaddesdir.  Eger ýanynda biri tarpa⁠-⁠taýyn ölse+, ol hem jesede degip, nezirlik saçyny haram etse, onda tämizlenen güni, ýagny ýedinji gün saçyny syrsyn+. 10  Sekizinji gün iki gumryny ýa⁠-⁠da iki kepderini* ýygnak çadyrynyň* agzyna getirip, ruhana bersin. 11  Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip berip, jesede degen neziri günäden arassalasyn+. Şol gün nezir özüni* mukaddes etsin. 12  Ol ýene⁠-⁠de Ýehowanyň neziri bolmak üçin, ýazyk gurbanlygy hökmünde erkek tokly getirsin. Ol nezirligini haram etdi, şonuň üçin nezirliginiň öňki günleri hasaba alynmaz. 13  Nezir baradaky kanun şeýledir: nezirlik döwri+ tamamlananda, ony ýygnak çadyrynyň agzyna getirsinler. 14  Ol Ýehowa gurbanlyk berer ýaly, ýakma gurbanlygy+ üçin şikessiz erkek tokly, günä gurbanlygy+ üçin şikessiz urkaçy tokly, parahatlyk gurbanlygy+ üçin şikessiz goç, 15  ýokary hilli undan ýaga ýugrulan bir sebet halka görnüşli petir*, çelpek*, olaryň ýany bilen galla+ we şerap sadakalaryny+ getirsin. 16  Ruhany olary Ýehowanyň huzuryna getirip, onuň üçin günä we ýakma gurbanlygyny hödürlesin. 17  Ol goçy we sebetdäki petirleri Ýehowa parahatlyk gurbanlygy edip bersin. Goçuň ýany bilen galla+ we şerap sadakasyny hödürlesin. 18  Nezir ýygnak çadyrynyň agzynda saçyny syrsyn+. Ol nezirlik döwri ösdüren saçyny parahatlyk gurbanlygy ýakylýan oda atsyn. 19  Ruhany bolsa goçuň gaýnadylan+ goluny*, sebetden bir halka görnüşli petiri we çelpegi alyp, saçyny syrdyran neziriň eline bersin. 20  Ruhany olary Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatsyn+. Göterme sadakasynyň döşi we gurbanlygyň budy ýaly, olar hem ruhanynyň mukaddes paýydyr+. Şondan soň nezir şerap içip biler. 21  Ant içen nezir+ şu kanuna eýersin: eger ol nezirlerden edilýän talaby berjaý edip, Ýehowa ýene⁠-⁠de bir zatlary bermegi söz berse, muňa ýagdaýy⁠-⁠da ýetýän bolsa, nezirlik kanunyna eýerip, içen antyny berjaý etsin“». 22  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 23  «Harun bilen ogullaryna aýt, olar ysraýyl halkyna ak pata berende+, şeýle diýsinler: 24  „Goý, Ýehowa sizi ýalkasyn+, gorasyn! 25  Ýehowa nuruny saçyp+, sizden razy bolsun! 26  Ýehowa nazar salyp, parahatlyk bersin!“+ 27  Olar halka meniň adym+ bilen ak pata bersin, şonda ysraýyllary ýalkaryn»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Miwäniň turşy şiresi göz öňünde tutulýar.
Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: başyny. Saçyny ösdürmek göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa⁠-⁠da: ýukajyk çörek; gatlama.
Malyň öň aýagy göz öňünde tutulýar.