Dördünji Musa 36:1—13

  • Mirasdüşer gyzlar üçin kanun (1—13)

36  Mahyryň+ ogly, Manaşanyň agtygy, Ýusubyň çowlugy Gileadyň nesliniň tirebaşylary Musanyň we ysraýyl baştutanlarynyň ýanyna gelip:  «Agam, Ýehowa saňa bije atyp+, ysraýyllara mülk paýlamagy tabşyrdy. Ýehowa doganymyz Selophatyň gyzlaryna⁠-⁠da mülk bermegi buýurdy+.  Eger olar ysraýylyň başga taýpasyna durmuşa çyksa, mülkleri atamyzyň adyndan aýrylyp, şol taýpa geçer. Şeýdip, biziň paýymyza düşen miras elimizden alnar.  Ysraýyllar üçin Azatlyk ýyly+ gelende, gyzlaryň mülki durmuşa çykan taýpasyna berler. Olaryň mülki biziň taýpamyzdan alnar» diýdiler.  Ýehowanyň buýrugy bilen, Musa halka şeýle diýdi: «Ýusubyň ogullarynyň aýdýany dogry.  Ýehowa Selophatyň gyzlary hakda şeýle tabşyryk berýär: „Olar islän adamyna durmuşa çykyp biler, ýöne barjak adamy öz taýpasyndan bolsun.  Ysraýyllar ata⁠-⁠babalaryndan miras alan mülküni gorap saklasyn, mülküni bir taýpadan başga taýpa geçirmesin.  Ysraýylyň islendik taýpasyndan mülk alan gyz atasynyň taýpasyna durmuşa çyksyn+. Şonda ysraýyllaryň her biri ata⁠-⁠babasyndan miras galan mülküni gorap saklar.  Ysraýyllar miras alan mülküni gorap saklasyn, mülküni bir taýpadan başga taýpa geçirmesin“». 10  Selophatyň gyzlary Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly⁠-⁠da etdiler+. 11  Selophatyň gyzlary+ Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noga kakasynyň garyndaşlaryna durmuşa çykdylar. 12  Atasynyň mirasy öz taýpasynda galar ýaly, olar Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasyna durmuşa çykdylar. 13  Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde Ýehowanyň Musa arkaly ysraýyllara beren tabşyryklary we hökümleri şulardyr+.

Çykgytlar