Dördünji Musa 35:1—34

  • Lewiler üçin şäherler (1—8)

  • Gaçybatalga şäherleri (9—34)

35  Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde+ Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyllara aýt, olar miras aljak mülkünden lewilere şäher bersinler+. Şäherleriň daşyndaky öri meýdanlary hem bersinler+.  Lewiler şol şäherlerde ýaşar, öri meýdanlarda bolsa agyllar gurup, mal⁠-⁠garalaryny saklar.  Lewilere berjek şäheriňiziň öri meýdanyny şeýdip ölçäň: şäheriň diwaryndan her tarapa 1 000 tirsek* aralyk goýuň.  Şäheriň daşyndan gündogara 2 000 tirsek, günorta 2 000 tirsek, günbatara 2 000 tirsek, demirgazyga⁠-⁠da 2 000 tirsek ölçäň, şonda şäher ortada galar. Şol aralyk lewileriň şäherleriniň öri meýdany bolar.  Adam öldüren kişi gaçyp biler ýaly+, lewilere 6 sany gaçybatalga şäherini+ we başga⁠-⁠da 42 şäheri beriň.  Lewilere jemi 48 şäher we daş⁠-⁠töweregindäki öri meýdanlar berilsin+.  Ysraýyllaryň mülkünden lewilere şäher beriň+. Uly taýpalardan köpräk, kiçi taýpalardan azrak alyň+. Her taýpa miras aljak mülkünden birnäçe şäheri lewilere bersin».  Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 10  «Ysraýyllara aýt: „Iordandan geçip, Kengana bararsyňyz+. 11  Ýurtda özüňize amatly ýerlerden gaçybatalga şäherlerini saýlaň. Biri tötänden adam öldürse, şoňa gaçyp barsyn+. 12  Jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, ol gan algyly adamdan*+ gaçyp biler+. 13  Şol alty şäher siziň üçin gaçybatalga bolar. 14  Gaçybatalga şäherleriň üçüsi Iordanyň bäri ýüzünde+, üçüsi Kenganda bolsun+. 15  Ysraýyllardan, araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden+ ýa⁠-⁠da başga milletlilerden bolsun, kimde⁠-⁠kim tötänden adam öldürse, şol alty şäheriň birine gaçyp biler+. 16  Eger bir adam başga birini demir gural bilen urup öldürse, ganhor bolýandyr. Ol hökman öldürilsin+. 17  Birini daş* bilen urup öldüren adam hem ganhor bolýandyr. Ol hökman öldürilsin. 18  Agaç gural* bilen urup öldürse⁠-⁠de, ganhor bolýandyr. Ol hökman öldürilsin. 19  Ganhory gan algyly adam* öldürmelidir. Ol ganhora nirede duşsa⁠-⁠da, öldürip biler. 20  Eger adam birini ýigrenç bilen itekläp ýa⁠-⁠da bilgeşleýin*+ zat zyňyp öldürse, 21  ýa⁠-⁠da ýigrenjinden ýaňa ony urup* öldürse, ol ganhordyr. Ony hökman öldüriň. Gan algyly adam* ganhora nirede duşsa⁠-⁠da, öldürip biler. 22  Adam birini ýigrenmese⁠-⁠de, tötänden itekläp goýberse ýa⁠-⁠da bilmän*+ zat zyňsa, 23  görmän daş zyňsa, ýa⁠-⁠da daşy üstüne gaçyrsa, ol adam hem ölse, ýöne günäkäriň hiç hili duşmançylygy we erbet niýeti ýok bolsa, 24  jemagat şol zatlary göz öňünde tutup, adam öldüren bilen gan algylynyň* arasyndaky meselä seretsin⁠-⁠de, höküm çykarsyn+. 25  Soňra jemagat ol adamy gan algylydan* gorap, gaçyp baran gaçybatalga şäherine yzyna äkitsin. Ol baş* ruhany+ ölýänçä, şol şäherde ýaşamalydyr. 26  Emma ol adam gaçybatalga şäheriniň çäginden çyksa, 27  gan algyly* hem ony görüp öldürse, ganhor hasaplanmaz. 28  Sebäbi ol adam baş ruhany ölýänçä, gaçybatalga şäherinde ýaşamalydyr. Ol diňe baş ruhany ölenden soň, öýüne gaýdyp biler+. 29  Nirede ýaşasaňyz⁠-⁠da, hemişe şu kanuna eýerip, höküm çykaryň. 30  Ganhory ölüme höküm etmek+ üçin şaýatlaryň görkezmesi bolmalydyr+, ýöne hiç kimi bir şaýadyň görkezmesi esasynda ölüme höküm etmäň. 31  Ölüme höküm edilen ganhor üçin töleg almaň, hökman öldüriň+. 32  Gaçybatalga şäherinde ýaşaýan adamy hem baş ruhany ölmänkä, öýüne goýbermek üçin töleg almaň. 33  Gan döküp, ýurduňyzy hapalamaň+. Toprak gan bilen hapalansa, diňe ganhoryň gany bilen arassalap bolýandyr+. 34  Ýaşaýan ýurduňyzy haram etmäň, sebäbi araňyzda men ýaşaýaryn. Men — Ýehowa ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýaryn“»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: öleniň aryny alýan garyndaşyndan.
Ýa⁠-⁠da: adam öldürip biljek daş.
Ýa⁠-⁠da: Adam öldürip biljek agaç gural.
Ýa⁠-⁠da: öleniň aryny alýan garyndaşy.
Ýa⁠-⁠da: erbet niýet bilen.
Ýa⁠-⁠da: eli bilen urup.
Ýa⁠-⁠da: Öleniň aryny alýan garyndaşy.
Ýa⁠-⁠da: erbet niýeti bolman.
Ýa⁠-⁠da: öleniň aryny alýan garyndaşynyň.
Ýa⁠-⁠da: öleniň aryny alýan garyndaşyndan.
Sözme⁠-⁠söz: ýag guýlup bellenen.
Ýa⁠-⁠da: öleniň aryny alýan garyndaşy.