Dördünji Musa 34:1—29

  • Kenganyň serhedi (1—15)

  • Ýurdy paýlamaga bellenen adamlar (16—29)

34  Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyllara aýt: „Kengan ýurduna+ baranyňyzda, mülk edip aljak ýurduňyzyň serhedi şular bolar+:  Günorta serhediňiz Edomyň golaýyndaky Zin çölünden başlar. Gündogar tarapdaky günorta serhediňiz bolsa Duz deňziniň*+ çetinden başlar.  Serhet Akrap depesiniň+ günortasyndan Zine tarap uzalyp, Kadeş⁠-⁠barneýanyň+ günortasyna ýeter. Ondan bolsa Hasar⁠-⁠adara+ we Azmona çenli uzalar.  Azmondan Müsür jülgesine tarap uzalyp, deňze*+ baryp ýeter.  Günbatar serhediňiz Beýik deňziň* kenaryndan başlar. Şol siziň günbatar serhediňiz+ bolar.  Demirgazyk serhediňiz bolsa Beýik deňizden Hor dagyna çenli uzalar.  Hor dagyndan Lebo⁠-⁠hamata*+, ondanam Zedata+ ýeter.  Soňra Ziprona çenli uzalyp, Hasar⁠-⁠enana+ baryp ýeter. Şol siziň demirgazyk serhediňiz bolar. 10  Gündogar serhediňiz Hasar⁠-⁠enandan başlap, Şepama çenli uzalar. 11  Şepamdan Aýnyň gündogaryndaky Ribla çenli uzalyp, aşaklygyna Kinneret deňziniň*+ gündogaryndan* geçer. 12  Soňra Iordana çenli uzalyp, Duz deňzine+ baryp ýeter. Ine şular ýurduňyzyň+ serhedi bolar“». 13  Musa ysraýyllara: «Ýehowa ýurdy dokuz ýarym taýpanyň arasynda bije atyp+ paýlamagy tabşyrdy. 14  Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy eýýäm mülküni aldy+. 15  Şol iki ýarym taýpanyň mülki Ýerihonyň golaýyndaky Iordanyň gündogarynda bolar»+ diýdi. 16  Ýehowa Musa şeýle diýdi: 17  «Mülk ýeriňizi Algazar+ ruhany bilen Nunuň ogly Ýuşa+ bölüp berer. 18  Ýer paýlamaga her taýpadan bir baştutan kömek etsin+. 19  Olar şulardyr: ýahuda taýpasyndan+ Ýepunnanyň ogly Kalep+, 20  şimgon taýpasyndan+ Emihutyň ogly Şemuwel, 21  benýamin taýpasyndan+ Kislonyň ogly Alydat, 22  dan taýpasyndan+ Ýoglynyň ogly Bekki baştutan, 23  Ýusubyň ogly+ Manaşanyň taýpasyndan+ Efodyň ogly Hannyýel baştutan, 24  efraýym taýpasyndan+ Şiptanyň ogly Kemuwel baştutan, 25  zebulun taýpasyndan+ Parnagyň ogly Alsapan baştutan, 26  ysahar taýpasyndan+ Azanyň ogly Paltaýel baştutan, 27  aşer taýpasyndan+ Salamlynyň ogly Ahyhut baştutan, 28  naftaly taýpasyndan+ Emihutyň ogly Pedahel baştutan». 29  Ýehowa şol baştutanlara ysraýyl halkyna Kengan ýurduny paýlap bermegi tabşyrdy+.

Çykgytlar

Ýagny Öli deňzi.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Ýa⁠-⁠da: Hamatyň girelgesine.
Genesaret köli ýa⁠-⁠da Jelile deňzi hem diýilýär.
Ýa⁠-⁠da: gündogar eňňidinden.