Dördünji Musa 33:1—56

  • Ysraýyllaryň düşlän ýerleri (1—49)

  • Kengany basyp almak hakda görkezme (50—56)

33  Ysraýyllar Musa bilen Harunyň ýolbaşçylygynda+ Müsürden topar⁠-⁠topar*+ bolup çykdylar+. Olar ýol ugruna dürli⁠-⁠dürli ýerlerde düşlediler.  Ýehowanyň buýrugy bilen, Musa baran ýerlerini ýazyp aldy. Ysraýyllaryň düşlän ýerleri şulardyr+:  birinji aýyň 15⁠-⁠ne+ Ramsesden+ ýola düşdüler. Pashanyň+ ertesi güni olar müsürlileriň gözüniň alnynda arkaýyn* çykyp gaýtdylar.  Müsürliler bolsa şol wagt nowbahar ogullaryny jaýlaýardy, sebäbi Ýehowa olary öldüripdi+. Ýehowa müsürlileriň taňrylaryna höküm çykarypdy+.  Ramsesden gaýdan ysraýyllar Sukotda+ düşlediler.  Sukotdan çykyp, çölüň gyrasyndaky Etamda düşlediler+.  Etamdan çykyp, Bagal⁠-⁠zeponyň garşysyndaky Pihahirota+ tarap öwrüldiler we Migdolyň+ golaýynda düşlediler.  Pihahirotdan çykyp, deňizden geçdiler⁠-⁠de+, çöle gitdiler+. Etam çölünde+ üç gün ýol ýöräp, Marrada+ düşlediler.  Marradan çykyp, Elime bardylar. Elimde 12 çeşme bilen 70 palma agajy bardy+. 10  Elimden gaýdyp, Gyzyl deňziň kenarynda düşlediler. 11  Gyzyl deňizden gaýdyp, Sin çölünde+ düşlediler. 12  Soňra Sin çölünden gaýdyp, Dopkada düşlediler. 13  Dopkadan gaýdyp, Aluşda düşlediler. 14  Aluşdan gaýdyp, Repidimde+ düşlediler. Emma ol ýerde içere suw ýokdy. 15  Repidimden gaýdyp, Sinaý çölünde+ düşlediler. 16  Sinaý çölünden gaýdyp, Kibrot⁠-⁠hatawada+ düşlediler. 17  Kibrot⁠-⁠hatawadan gaýdyp, Haserotda+ düşlediler. 18  Haserotdan gaýdyp, Ritmada düşlediler. 19  Ritmadan gaýdyp, Rimmon⁠-⁠perezde düşlediler. 20  Rimmon⁠-⁠perezden gaýdyp, Libnada düşlediler. 21  Libnadan gaýdyp, Rissada düşlediler. 22  Rissadan gaýdyp, Kehelatda düşlediler. 23  Kehelatdan gaýdyp, Şeper dagynyň golaýynda düşlediler. 24  Soňra Şeper dagyndan gaýdyp, Haradagda düşlediler. 25  Haradagdan gaýdyp, Makhelotda düşlediler. 26  Makhelotdan gaýdyp, Tahatda düşlediler+. 27  Tahatdan gaýdyp, Tarahda düşlediler. 28  Tarahdan gaýdyp, Mitkada düşlediler. 29  Mitkadan gaýdyp, Haşmonada düşlediler. 30  Haşmonadan gaýdyp, Moserotda düşlediler. 31  Moserotdan gaýdyp, Bene⁠-⁠ýakanda+ düşlediler. 32  Bene⁠-⁠ýakandan gaýdyp, Hor⁠-⁠hagitgatda düşlediler. 33  Hor⁠-⁠hagitgatdan gaýdyp, Ýotbatada+ düşlediler. 34  Ýotbatadan gaýdyp, Abronahda düşlediler. 35  Abronahdan gaýdyp, Esýon⁠-⁠geberde+ düşlediler. 36  Esýon⁠-⁠geberden gaýdyp, Zin çölünde+, ýagny Kadeşde düşlediler. 37  Kadeşden gaýdyp, Edomyň serhedinde ýerleşýän Hor dagynda+ düşlediler. 38  Ysraýyllaryň Müsürden çykanyna 40 ýyl bolanda, bäşinji aýyň birine Harun ruhany Ýehowanyň buýrugy bilen Hor dagyna çykyp ýogaldy+. 39  Harun Hor dagynda aradan çykanda 123 ýaşyndady. 40  Kenganlardan Arat hany+ ysraýyllaryň gelýänini eşitdi. Ol Kengandaky Negepde ýaşaýardy. 41  Birnäçe wagtdan ysraýyllar Hor dagyndan+ gaýdyp, Zalmonada düşlediler. 42  Zalmonadan gaýdyp, Punonda düşlediler. 43  Punondan gaýdyp, Obotda+ düşlediler. 44  Obotdan gaýdyp, Mowabyň+ serhedinde ýerleşýän Iwaýabarymda düşlediler. 45  Iýimden* gaýdyp, Dibon⁠-⁠gadda+ düşlediler. 46  Dibon⁠-⁠gaddan gaýdyp, Almon⁠-⁠diblataýymda düşlediler. 47  Almon⁠-⁠diblataýymdan gaýdyp, Nebonyň+ garşysyndaky Abarym daglarynda+ düşlediler. 48  Ahyrsoňy Abarym daglaryndan hem gaýdyp, Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler+. 49  Iordanyň boýunda, Mowap düzlüginde düşlän ysraýyllaryň çadyrlary Beýt⁠-⁠ýeşimotdan Abyl⁠-⁠şitime+ çenli baryp ýetýärdi. 50  Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde Ýehowa Musa şeýle diýdi: 51  «Şu sözlerimi ysraýyllara ýetir: „Iordandan geçip, Kengana bararsyňyz+. 52  Ýurduň ilatyny kowup çykaryň, daşdan ýasalan+ we guýma butlaryny+ döwüp, seždegählerini* ýumruň+. 53  Ýurdy size mülk edip bererin+, onda mesgen tutarsyňyz. 54  Bije atyp+, her maşgala ýer paýlaň. Uly maşgala köpräk, kiçi maşgala azrak beriň+. Her kime bijesine düşen ýer miras berler. Taýpaňyza görä mülk alarsyňyz+. 55  Ýurduň ýaşaýjylaryny kowup çykarmasaňyz+, olar gözüňe dürtülýän çöp, teniňe* çümýän tiken ýaly, günüňize goýmazlar+. 56  Men bolsa olara berjek jezamy size bererin“»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Ýa⁠-⁠da: başyny dik tutup.
«Iwaýabarym» adynyň gysga görnüşi bolmaly.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: böwrüňe.