Dördünji Musa 32:1—42

  • Iordanyň gündogary (1—42)

32  Rubenleriň+ we gadlaryň+ birgiden maly bardy. Olar Ýazeriň+ we Gileadyň mal bakmaga gowy ýerdigini gördüler.  Gadlar bilen rubenler Musanyň, Algazar ruhanynyň we halkyň baştutanlarynyň ýanyna gelip:  «Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon+, Elgala, Sebam, Nebo+ we Begon+ topraklaryny  Ýehowa ysraýyl halkyna berdi*+. Şol ýerler mal bakmaga gowy eken, biziň* bolsa malymyz köp»+ diýdiler.  Olar sözüni dowam edip: «Garşy bolmasaň, şol ýurdy bize mülk edip ber. Bizi Iordandan geçirip oturma» diýdiler.  Musa gadlara we rubenlere: «Doganlaryňyzy söweşe iberip, özüňiz bärde galjak bolýaňyzmy?  Halk Ýehowanyň berjek ýurduna gitjek bolup dur. Olaryň göwnüni böljek bolýaňyzmy?  Kadeş⁠-⁠barneýadan ýurdy gözden geçirmäge iberenimde, atalaryňyz hem şeýdipdi+.  Eşkol jülgesinden+ ýurdy görüp gaýtdylar. Ýöne gelip, halkyň göwnüni böldüler, Ýehowanyň berjek ýurduna gitmäge höwesini gaçyrdylar+. 10  Şonda Ýehowa gaharyna ant içip+: 11  „Müsürden çykan 20 ýaşdan ýokary adamlaryň ýekejesi⁠-⁠de Ybraýyma, Yshaga hem Ýakuba+ wada beren ýurduma girmez+. Olar maňa bütin ýüregi bilen gulak asmadylar. 12  Şol ýurda diňe kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalep+ we Nunuň ogly Ýuşa+ girer, sebäbi olar Ýehowa bütin ýüregi bilen gulak asdylar“+ diýdi. 13  Ýehowanyň ysraýyllara gahar⁠-⁠gazaby lowlady. Ýehowa garşy günä edenler ölüp gutarýança+, halk 40 ýyllap çölde sergezdan boldy+. 14  Eý günäkärlerden dörän nesil, indi sizem atalaryňyzyň edenini gaýtalap, Ýehowanyň gaharyny getirýäňiz! 15  Hudaýa gulak asmasaňyz, ol halky ýene⁠-⁠de çölde sergezdan eder. Siz sebäpli, bütin halk heläk bolar» diýdi. 16  Biraz wagtdan olar Musanyň ýanyna gelip: «Şu ýerde mallarymyza agyl*, çagalarymyza şäher guraýaly. 17  Daş⁠-⁠töwerekdäki adamlar howp salmaz ýaly, çagalarymyz galalarda ýaşasyn. Özümiz bolsa halkyň öňüne düşüp, söweşe gideris+, olary barmaly ýerine elteris. 18  Ysraýyllaryň her biri öz mülküni alýança, öýümize gaýtmarys+. 19  Bize Iordanyň bäri ýüzünden mülk berilse+, derýanyň beýleki tarapyndan mülk almarys» diýdiler. 20  Şonda Musa: «Eliňize ýarag alyp, Ýehowa üçin söweşe çyksaňyz+, 21  hemmäňiz Iordandan geçip, Ýehowa üçin söweşseňiz, Hudaý duşmanlaryny kowup çykarýança+, 22  Ýehowa ýurdy boýun egdirýänçä+, şol ýurtda bolsaňyz+, Ýehowanyň we halkyň öňünde günäli bolmarsyňyz. Ýehowa⁠-⁠da şu topragy size mülk edip berer+. 23  Emma şeýle etmeseňiz, Ýehowa garşy günä edersiňiz, günäňiz jezasyz galmaz*. 24  Baryň, çagalaryňyza öý*, mallaryňyza agyl guruň+, ýöne beren sözüňizde duruň» diýdi. 25  Gadlar bilen rubenler Musa şeýle diýdiler: «Agam, ähli zady aýdyşyň ýaly ederis. 26  Çagalarymyz, aýallarymyz, mal⁠-⁠garalarymyz Gileadyň şäherlerinde galar+. 27  Ähli erkeklerimiz bolsa agamyzyň aýdyşy ýaly, derýadan geçip, Ýehowa üçin söweşer»+. 28  Musa Algazar ruhana, Nunuň ogly Ýuşa we ysraýyl taýpalarynyň baştutanlaryna tabşyryk berip, 29  şeýle diýdi: «Gadlaryň we rubenleriň ähli erkekleri siz bilen Iordandan geçip, Ýehowa üçin söweşse, ýurdy basyp alanyňyzda, Gileady olara mülk edip beriň+. 30  Ýöne Iordandan geçip, siz bilen deň söweşmeseler, olar hem siziň ýanyňyzda Kenganda ýaşar». 31  Şonda gadlar bilen rubenler: «Ýehowa gullaryňa näme diýen bolsa, şony hem ederis. 32  Elimize ýarag alyp, Ýehowanyň öňünde Iordandan geçeris⁠-⁠de, Kengana gideris+. Ýöne mülkümiz derýadan bärde bolar» diýdiler. 33  Musa amor halkynyň hany Sihonyň+, Başan hany Oguň+ ýurduny şäherleri we daş⁠-⁠töweregindäki ýerleri bilen gadlara, rubenlere+ hem⁠-⁠de Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasynyň ýarysyna+ berdi. 34  Gadlar Dibon+, Atarot+, Aroger+, 35  Atrot⁠-⁠şopan, Ýazer+, Ýogbeg+, 36  Beýtnimra+ we Beýtharan+ galalaryny dikeldip, mallary üçin agyl gurdular. 37  Rubenler bolsa Heşbony+, Elgalany+, Kirýataýymy+, 38  Nebony+, Bagal⁠-⁠megony+ (olaryň ady üýtgedildi) we Sibmany gurdular. Dikelden galalarynyň adyny hem üýtgetdiler. 39  Manaşanyň ogly Mahyryň+ nesilleri Gileady basyp alyp, amorlary kowup çykardylar. 40  Şonda Musa Gileady Manaşanyň ogly Mahyryň nesillerine berdi. Olar şol ýerde ýaşap başladylar+. 41  Manaşanyň ogly Ýaýyryň nesilleri bolsa olaryň obalaryny basyp alyp, adyna Hawot⁠-⁠ýaýyr*+ goýdular. 42  Noba Kenaty we daş⁠-⁠töweregindäki galalary basyp alyp, öz adyny dakdy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ysraýyl halky üçin basyp aldy.
Sözme⁠-⁠söz: gullaryň.
Daşdan salnan agyllar göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: yzyňyzdan ýeter.
Sözme⁠-⁠söz: şäherler.
Manysy: Ýaýyryň çadyrly obalary.