Dördünji Musa 28:1—31

  • Gurbanlyklar babatda görkezme (1—31)

    • Her günki ýakma gurbanlygy (1—8)

    • Sabat güni berilýän gurbanlyk (9, 10)

    • Her aýky ýakma gurbanlygy (11—15)

    • Pasha baýramynda berilýän gurbanlyk (16—25)

    • Hepdeler baýramynda berilýän gurbanlyk (26—31)

28  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyllara aýt: „Meniň paýymy*, ýagny gurbanlarymy hökman beriň. Ýakyp berýän ýakymly ysly gurbanlaryňyzy wagtynda hödürläň“+.  Olara şeýle diý: „Ine şu zatlary Ýehowa ýakyp gurban bermelisiňiz: her gün ýakma gurbanlygy+ üçin şikessiz iki sany erkek tokly.  Toklularyň birini irden, beýlekisini agşamara* gurbanlyk beriň+.  Ýany bilen bir jam* ýokary hilli una bir golça* zeýtun ýagyny guýup, galla sadakasyny hem hödürläň+.  Ýehowa Sinaý dagynda ýakymly ysly ýakma gurbanlygy yzygider bermegi+ tabşyrypdy.  Her toklynyň ýany bilen bir golça* şerap sadakasyny hem hödürläň+. Şeraby mukaddes ýerde Ýehowa şerap sadakasy hökmünde döküň.  Beýleki toklyny agşamara* gurban berip, irdenki ýaly galla we şerap sadakasy bilen hödürläň. Toklyny Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň+.  Sabat güni+ şikessiz iki sany erkek tokly gurbanlyk beriň. Hersiniň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny we şerap sadakasyny hödürläň. 10  Sabat güni ýakma gurbanlygy şeýdip berilmelidir. Mundan başga⁠-⁠da, her günki ýakma gurbanlygy bilen şerap sadakasyny beriň+. 11  Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy we ýedi sany şikessiz erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň+. 12  Her öküzçäniň ýany bilen galla sadakasy+ hökmünde üç jam*, goçuň+ ýany bilen bolsa iki jam* ýokary hilli una ýag garyp getiriň. 13  Her toklynyň ýany bilen bir jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny hödürläň. Ýehowa üçin ýakymly ysly ýakma gurbanlyk+ şeýdip berilmelidir. 14  Öküzçäniň ýany bilen ýarym küýze+, goçuň ýany bilen bir ýarym golça*+, toklynyň ýany bilen bolsa bir golça*+ şerap sadakasyny getiriň. Ýylyň dowamynda her aý ýakma gurbanlygyny şeýdip bermelisiňiz. 15  Mundan başga⁠-⁠da, her gün ýakma gurbanlygyny we şerap sadakasyny bereniňizde, Ýehowa günä gurbanlygy üçin bir owlak hem hödürläň. 16  Birinji aýyň 14⁠-⁠i Ýehowa bagyşlanan Pashadyr+. 17  Şol aýyň 15⁠-⁠ne baýramçylyk bolar. Ýedi günläp petir* iýiň+. 18  Baýramçylygyň birinji güni mukaddes ýygnak geçiriň. Hiç hili agyr iş etmäň. 19  Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun+. 20  Her öküzçäniň ýany bilen üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny hödürläň+. 21  Ýedi toklynyň hersi üçin bir jam* una ýag garyp getiriň. 22  Şeýle⁠-⁠de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir geçini günä gurbanlygy edip beriň. 23  Şol zatlary her gün irdenki ýakma gurbanlygynyň daşyndan hödürläň. 24  Olary baýramçylygyň ýedi güni hem Ýehowanyň paýy* we ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň. Mundan başga⁠-⁠da, her günki ýakma gurbanlygy bilen şerap sadakasyny beriň. 25  Ýedinji gün mukaddes ýygnak geçiriň+. Hiç hili agyr iş etmäň+. 26  Ilkinji hasylyňyzdan+ Ýehowa galla sadakasyny getiren günüňiz+, Hepdeler baýramynda mukaddes ýygnak geçiriň+. Hiç hili agyr iş etmäň+. 27  Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň+. 28  Her öküzçäniň ýany bilen galla sadakasy üçin üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, 29  ýedi toklynyň hersi üçin bolsa bir jam* una ýag garyp getiriň. 30  Şeýle⁠-⁠de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir owlagy günä gurbanlygy edip beriň+. 31  Şol zatlary her günki ýakma gurbanlygy bilen galla sadakasynyň daşyndan hödürläň. Mallar şikessiz bolsun+, hersiniň ýany bilen şerap sadakasyny⁠-⁠da beriň.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: çöregimi.
Ýa⁠-⁠da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: küýzäniň üçden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme⁠-⁠söz: çöregi.