Dördünji Musa 27:1—23

  • Selophatyň gyzlary (1—11)

  • Ýuşa Musanyň ýerine bellenýär (12—23)

27  Selophatyň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy+. Selophat Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasyndan bolup, Heperiň ogly, Gileadyň agtygy, Mahyryň çowlugy, Manaşanyň ýuwlugydy. Bir gün Selophatyň gyzlary  ýygnak çadyrynyň* agzyna gelip, Musa, Algazar ruhana, baştutanlara+ we jemagata:  «Kakamyz çölde aradan çykdy. Ýöne ol Ýehowa garşy giden Karunyň tarapdarlaryna+ goşulmandy. Ol öz günäsi üçin öldi, ogly hem ýok.  Ogly bolmandygy üçin, kakamyzyň ady ýitip gidäýmelimi? Bize kakamyzyň doganlarynyň arasyndan mülk beräýiň» diýdiler.  Musa muny Ýehowa habar berdi+.  Şonda Ýehowa:  «Selophatyň gyzlary dogry aýdýar. Olara kakasynyň doganlarynyň arasyndan ýer ber. Kakasynyň paýy olara berilsin+.  Ysraýyllara aýt: „Eger biri ogly bolman dünýäden ötse, mülküni gyzyna beriň.  Gyzy ýok bolsa, doganlaryna beriň. 10  Doganlary ýok bolsa, kakasynyň doganlaryna beriň. 11  Kakasynyň doganlary hem ýok bolsa, ýakyn garyndaşyna beriň. Ol onuň mülküne eýe çyksyn. Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, muny hemişelik kanun hökmünde berjaý etsin“» diýdi. 12  Soňra Ýehowa Musa: «Abarymdaky daga+ çyk⁠-⁠da, ysraýyllara berjek ýurdumy synla+. 13  Ýurdy göreniňden soň, senem doganyň Harun ýaly+ aradan çykarsyň+. 14  Sebäbi Zin çölünde halk maňa hüňürdände*, Harun ikiňiz suw hakda beren buýrugyma gulak asmadyňyz, halkyň öňünde meni şöhratlandyrmadyňyz*+. Şol waka Zin çölünde+, Kadeşdäki+ Meriba çeşmesinde+ bolupdy» diýdi. 15  Musa Ýehowa ýüzlenip: 16  «Bütin adamzada ýaşaýyş berýän Ýehowa! Onda halkyňa baştutan belle. 17  Goý, ol ähli işde halkyňa ýolbaşçylyk etsin. Ýehowanyň halky çopansyz goýunlar ýaly bolmasyn» diýdi. 18  Ýehowa Musa: «Ynha, Nunuň ogly Ýuşa başarjaň adam, onuň başyna eliňi goý+. 19  Ýuşany Algazar ruhanynyň we tutuş jemagatyň öňüne eltip, halka baştutan belle+. 20  Bütin ysraýyl halky Ýuşa+ gulak asar ýaly, oňa öz ygtyýaryňdan* ber+. 21  Ýuşa Algazar ruhanynyň öňünde dursun. Algazar ruhany urym*+ arkaly Ýehowadan maslahat sorasyn. Ýuşa hem, bütin ysraýyl halky hem onuň* buýrugyna gulak assyn» diýdi. 22  Musa Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ol Ýuşany Algazar ruhanynyň we tutuş jemagatyň öňüne eltip, 23  başyna elini goýdy⁠-⁠da, halka baştutan belledi+. Ähli zat Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly edildi+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: meniň bilen dawalaşanda.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes etmediňiz.
Ýa⁠-⁠da: at⁠-⁠abraýyňdan; şöhratyňdan.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Ýa⁠-⁠da: Hudaýyň. Hudaýyň buýrugy Ýuşa ýa⁠-⁠da Algazar arkaly berlen bolmaly.