Dördünji Musa 26:1—65

  • Ysraýyl taýpalary ikinji gezek hasaba alynýar (1—65)

26  Gyrgynçylykdan soň+ Ýehowa Musa we Harun ruhanynyň ogly Algazara:  «Ysraýyl goşunynda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekleri tiresi boýunça hasaba alyň»+ diýdi.  Musa bilen Algazar+ ruhany Ýerihonyň+ garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde+ halka ýüzlenip:  «Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly, ysraýyllaryň 20 ýaşdan ýokary erkeklerini hasaba alyň»+ diýdiler. Müsürden çykan ysraýyllar şulardyr:  Ruben+ Ysraýylyň uly ogludy. Rubeniň ogullaryndan+: Hanohyň nesilleri, Palluwyň nesilleri,  Hesronyň nesilleri, Karminiň nesilleri.  Olar ruben taýpasynyň tireleridi. Olardan 43 730 adam hasaba alyndy+.  Alyýap Palluwyň ogludy.  Alyýabyň ogullary: Nemuýel, Datan we Abyram. Datan bilen Abyram jemagatyň arasyndan saýlanan adamlardy. Olar Karunyň tarapdarlaryna+ goşulyp, Musa bilen Haruna garşy baş göterip+, Ýehowa garşy çykdylar+. 10  Şonda ýer ýarylyp, olary ýuwutdy. Karun bilen 250 tarapdary bolsa oda ýanyp, kül boldy+. Şol waka hemmelere sapak* boldy+. 11  Emma Karunyň ogullaryna+ hiç zat bolmady. 12  Şimgonyň ogullaryndan+ dörän tireler: Nemuýeliň nesilleri, Ýaminiň nesilleri, Ýahiniň nesilleri, 13  Zeranyň nesilleri, Şewulyň nesilleri. 14  Olar şimgon taýpasynyň tireleridi. Olar 22 200 adamdy+. 15  Gadyň ogullaryndan+ dörän tireler: Zeponyň nesilleri, Hagganyň nesilleri, Şuniniň nesilleri, 16  Oznanyň nesilleri, Eriýiň nesilleri, 17  Arotyň nesilleri, Äralynyň nesilleri. 18  Olar gad taýpasynyň tireleridi. Olardan 40 500 adam hasaba alyndy+. 19  Er bilen Onan+ Ýahudanyň+ ogullarydy. Ýöne Er bilen Onan Kenganda aradan çykdy+. 20  Ýahudanyň beýleki ogullaryndan dörän tireler: Şelanyň+ nesilleri, Pereziň+ nesilleri, Zeranyň+ nesilleri. 21  Pereziň ogullaryndan: Hesronyň+ nesilleri, Hamulyň+ nesilleri. 22  Olar ýahuda taýpasynyň tireleridi. Olardan 76 500 adam hasaba alyndy+. 23  Ysaharyň ogullaryndan+ dörän tireler: Tolanyň nesilleri+, Puwanyň nesilleri, 24  Ýaşubyň nesilleri, Şimronyň nesilleri. 25  Olar ysahar taýpasynyň tireleridi. Olardan 64 300 adam hasaba alyndy+. 26  Zebulunyň ogullaryndan+ dörän tireler: Seratyň nesilleri, Elonyň nesilleri, Ýahlyýeliň nesilleri. 27  Olar zebulun taýpasynyň tireleridi. Olardan 60 500 adam hasaba alyndy+. 28  Ýusubyň ogullaryndan+ dörän tireler: Manaşa bilen Efraýym+; 29  Manaşanyň+ ogullaryndan: Mahyryň+ nesilleri, Gileadyň+ nesilleri; Mahyr Gileadyň kakasydy. 30  Gileadyň ogullaryndan: Iýezeriň nesilleri, Helegiň nesilleri, 31  Asryýeliň nesilleri, Şekemiň nesilleri, 32  Şemidanyň nesilleri, Heperiň nesilleri. 33  Heper ogly Selophatyň ogly ýokdy, diňe gyzy bardy+. Gyzlarynyň ady Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady+. 34  Olar manaşa taýpasynyň tireleridi. Olardan 52 700 adam hasaba alyndy+. 35  Efraýymyň+ ogullaryndan dörän tireler: Şutelahyň+ nesilleri, Bekiriň nesilleri, Tahanyň nesilleri. 36  Şutelahyň ogullaryndan: Eranyň nesilleri. 37  Olar efraýym taýpasynyň tireleridi. Olardan 32 500 adam hasaba alyndy+. Olaryň hemmesi Ýusubyň ogullaryndan dörän tirelerdi. 38  Benýaminiň ogullaryndan+ dörän tireler: Beliniň+ nesilleri, Aşbeliň nesilleri, Ahyramyň nesilleri, 39  Şepuhamyň nesilleri şupimler, Hupamyň nesilleri. 40  Art bilen Nagyman+ Beliniň ogullarydy; Artyň nesilleri, Nagymanyň nesilleri. 41  Olar benýamin taýpasynyň tireleridi. Olardan 45 600 adam hasaba alyndy+. 42  Danyň+ ogullaryndan dörän tireler: Şuhamyň nesilleri. Olar dan taýpasynyň tireleridi. 43  Şuhamyň nesillerinden 64 400 adam hasaba alyndy+. 44  Aşeriň ogullaryndan+ dörän tireler: Imnanyň nesilleri, Ýişwiniň nesilleri, Beriýanyň nesilleri. 45  Beriýanyň ogullaryndan: Heberiň nesilleri, Mälikyllanyň nesilleri. 46  Aşeriň Sera diýen gyzy bardy. 47  Olar aşer taýpasynyň tireleridi. Olardan 53 400 adam hasaba alyndy+. 48  Naftalynyň ogullaryndan+ dörän tireler: Ýahzeýeliň nesilleri, Gunanyň nesilleri, 49  Ýezeriň nesilleri, Selimiň nesilleri. 50  Olar naftaly taýpasynyň tireleridi. Olardan 45 400 adam hasaba alyndy+. 51  Ysraýyllardan jemi 601 730 adam hasaba alyndy+. 52  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 53  «Her taýpa adam sanyna görä mülk berilsin+. 54  Uly tirelere köpräk, kiçi tirelere azrak ber+. Her tirede näçe adam hasaba alnan bolsa, şoňa görä⁠-⁠de mülk paýlaň. 55  Ýer paýlanyňyzda, bije atyň+. Her kime öz taýpasynyň mülkünden ýer beriň. 56  Ýeri bije atyp paýlaň we tiräniň uly⁠-⁠kiçiligine görä bölüň». 57  Lewi taýpasyndan+ hasaba alnanlar şulardyr: Gerşonyň nesilleri, Kohatyň+ nesilleri, Meraryň nesilleri. 58  Lewi tirelerinden: libniler+, hebronlar+, mahlylar+, muşeler+, karunlar+. Kohatyň Imram+ atly ogly bardy. 59  Imramyň aýalynyň ady Ýokebetdi+. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet Imrama Haruny, Musany we Merýemi+ dogrup berdi. 60  Harunyň Nadap, Abyhuw, Algazar we Ytamar diýen ogullary boldy+. 61  Emma Nadap bilen Abyhuw Ýehowanyň öňünde kanuna garşy gelýän ot ýakandygy üçin heläk bolupdy+. 62  Lewileriň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli erkekleri hasaba alyndy+. Olar jemi 23 000 adamdy. Lewiler beýleki ysraýyllar bilen hasaba alynmady+, sebäbi olara ysraýyllaryň arasyndan mülk berilmedi+. 63  Olar Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde hasaba alyndy. Olary Musa bilen Algazar ruhany hasaba aldy. 64  Emma Musa bilen Harun ruhanynyň Sinaý çölünde hasaba alan ysraýyllaryndan biri⁠-⁠de diri galmandy+. 65  Ýehowa: «Olaryň bary çölde heläk bolar»+ diýipdi. Şol sebäpli olardan diňe Ýepunnanyň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýuşa diri galypdy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: duýduryş.