Dördünji Musa 24:1—25

  • Bilgamyň 3⁠-⁠nji ak patasy (1—11)

  • Bilgamyň 4⁠-⁠nji ak patasy (12—25)

24  Bilgam Ýehowanyň ysraýyllara diňe ak pata berýändigine düşündi. Şonuň üçin ýamanlyga ýorup boljak alamat gözlemegini goýup+, ýüzüni çöle tarap öwürdi.  Bilgam başyny galdyryp, ysraýyl taýpalarynyň çadyrlaryna+ seredende, üstüne Hudaýyň ruhy inip+,  şeýle parasatly sözleri aýdyp başlady+: «Benur ogly Bilgamy,Gözi açylan adamy diňläň.   Hudaýyň sözüni eşidip,Gudratygüýçlüden görnüş* alan,Gözi açylyp, tagzym eden adam+ şeýle diýýär:   Eý Ýakup, çadyrlaryň nähili gözel,Eý Ysraýyl, düşelgäň nähili owadan!+   Çadyrlaryň jülgeler kimin,Derýa ýakasyndaky baglar deýin,Ýehowanyň eken gülleri* kimin,Çeşme boýunda kedr agaçlary deýin uzalyp gidýär+.   Meşikleri* suwdan püre⁠-⁠pür,Tohumy* akar suwuň ýakasynda ekiler+, Patyşasy+ Agagdan beýik bolar+,Patyşalygy beýgeler+.   Hudaý halkyny Müsürden çykardy,Öküziň şahy deý güýji bilen gorady. Ysraýyl duşmanlaryny ýalmap ýuwudar+,Üstlerine ok ýagdyrar, süňklerini gemrer.   Ýolbars deý peýläp ýatyr,Degmäge kim milt eder? Saňa alkyş okan bereket tapar,Gargan gargyşa galar»+. 10  Şonda Ballagyň Bilgama gahary geldi. Ol gahardan ýaňa elini çarpyp: «Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim+, sen bolsa üç gezek ak pata berdiň! 11  Bar, gümüňi çek! Saňa sylag⁠-⁠serpaý ýapjakdym+, ýöne Ýehowa seni sylagsyz goýdy» diýdi. 12  Bilgam bolsa: «Iberen adamlaryňa: 13  „Ballak altyn⁠-⁠kümüşden doly öýüni berse⁠-⁠de, Ýehowanyň emrinden çykyp, hiç zat edip bilmerin. Diňe Ýehowanyň aýdan sözlerini aýdaryn“+ diýipdim ahyryn. 14  Men öz ilime giderin. Ýöne gitmänkäm, ysraýyllaryň gelejekde* seniň halkyňa näme etjekdigini aýdaýyn» diýdi. 15  Soňra Bilgam şeýle parasatly sözleri aýtdy+: «Benur ogly Bilgamy,Gözi açylan adamy+ diňläň. 16  Hudaýyň sözüni eşidip,Allatagaladan bilim alan,Gudratygüýçlüden görnüş alan,Gözi açylyp, tagzym eden şeýle diýýär: 17  Men görerin, ýöne şu wagt däl,Gözlerim bakar, ýöne ýakynda däl. Ýakupdan bir ýyldyz+ çykar,Ysraýyldan şalyk hasasy+ göteriler+. Ol Mowabyň maňlaýyny ýarar+,Batyr ýigitleriň kellesini pytradar. 18  Ysraýyl mertlerçe söweşer,Edomy basyp alar, mülk eder+,Segir+ öz duşmanlaryna mülk bolar+. 19  Ýakubyň nesline duşman boýun eger+,Ol şäherde diri galany ýok eder». 20  Bilgamyň amaleklere gözi düşüp, sözüni dowam etdi: «Amalekler ilkinji halkdy*+,Ahyrsoňy gyrlyp gutarar»+. 21  Soňra kenlere+ gözi düşüp, şeýle parasatly sözleri aýtdy: «Asuda ýaşaýarsyň, gaýada mesgen tutýarsyň. 22  Emma biri Keýini* küle öwrer. Assiriýa seni haçan ýesir äkider?» 23  Bilgam sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Wah, şonda Hudaýyň elinden kim diri sypar? 24  Kittimden+ gämiler çykar,Assiriýany+ eýelär,Eberi basyp alar. Soňra özi⁠-⁠de ýok bolar». 25  Şeýdip, Bilgam+ ýola düşdi, Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: aloeleri.
Sözme⁠-⁠söz: Iki meşigi.
Ýa⁠-⁠da: Nesli.
Ýa⁠-⁠da: soňky günlerde.
Ysraýyllar Müsürden çykanda, amalekler olara hüjüm eden ilkinji halkdy.
Kenler göz öňünde tutulýar.