Dördünji Musa 23:1—30

  • Bilgamyň 1⁠-⁠nji ak patasy (1—12)

  • Bilgamyň 2⁠-⁠nji ak patasy (13—30)

23  Soňra Bilgam Ballaga: «Şu ýerde ýedi sany gurbanlyk ojagyny* gurup+, maňa ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarla» diýdi.  Ballak dessine Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk ojagynda bir öküzi we goçy gurbanlyk berdiler+.  Bilgam Ballaga: «Sen ýakma gurbanlygynyň ýanynda dur, men gideýin, belki, Ýehowa meniň bilen gepleşer. Ol näme diýse, saňa aýdaryn» diýip, depä çykdy.  Şonda Hudaý Bilgam bilen gepleşdi+. Bilgam Hudaýa: «Men ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, hersinde bir öküz bilen goç gurbanlyk berdim» diýdi.  Ýehowa Bilgamyň aýtmaly zatlaryny öwredip+: «Ballagyň ýanyna bar⁠-⁠da, şu sözleri aýt» diýdi.  Bilgam yzyna baranda, Ballak bilen Mowap begleri ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaşyp durdy.  Şonda Bilgam parasatly sözleri aýdyp başlady+: «Mowap patyşasy Ballak:„Meniň üçin Ýakuby näletle, Ysraýyla garga“+ diýip, meni Aramdan+, Gündogar daglardan getirdi.   Ýöne Hudaý halkyny näletlemese, men nädip näletläýin?! Ýehowa gargamasa, men nädip gargaýyn?!+   Gaýalaryň depesinden olary görýärin,Baýyrlardan olara syn edýärin. Başga halklardan aýry+,Öz başyna ýaşaýan halk+. 10  Ýakubyň çäge deý neslini kim sanap biler?+Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler? Halal adam kimin ölsedim,Ömrümiň soňy şu halkyňky deý bolsady!» 11  Muny eşiden Ballak Bilgama: «Edýäniň näme? Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim, sen bolsa olara ak pata berýäň!»+ diýdi. 12  Bilgam: «Ýehowanyň aýdan sözlerini aýtmaly bolaryn⁠-⁠a!»+ diýdi. 13  Şonda Ballak: «Ýör, onda başga ýere gideli. Şol ýerden tutuş halky däl⁠-⁠de, bir bölegini görersiň. Gaýrat edip, olara gargyş oka»+ diýdi. 14  Ballak Bilgamy Pisganyň depesindäki+ Sopym baýryna eltdi we ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, hersinde bir öküz bilen goçy gurban berdi+. 15  Soňra Bilgam Ballaga: «Hudaý bilen gepleşip gelýänçäm, ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaş» diýdi. 16  Ýehowa Bilgam bilen gepleşdi. Hudaý oňa aýtmaly zatlaryny öwredip+: «Ballagyň ýanyna bar⁠-⁠da, şu sözleri aýt» diýdi. 17  Bilgam yzyna baranda, Ballak bilen Mowap begleri ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaşyp duran eken. Ballak: «Ýehowa näme diýdi?» diýip sorady. 18  Şonda Bilgam şeýle parasatly sözleri aýtdy+: «Eý Ballak, gulak as! Sefur ogly, sözümi diňle! 19  Hudaý adam ýaly ýalan sözlemez+,Ynsan ýaly pikirini üýtgetmez*+. Heý⁠-⁠de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi?! Beren sözünde durmazmy?!+ 20  Hudaý meni halkyna ak pata bermäge getirdi,Isleýşi ýaly ak pata hem berdi+, muny üýtgedip bilmerin+. 21  Ol Ýakuby jadyly güýçden gorar,Ysraýylyň heläk bolmagyna ýol bermez. Ýehowa Hudaý olary goraýar+,Halkyna patyşa bolup, şöhrat gazanýar! 22  Hudaý halkyny Müsürden çykardy+, Öküziň şahy deý güýji bilen gorady+. 23  Ýakuba hiç hili doga⁠-⁠tumar+,Ysraýyla jadygöýlik täsir etmez+. Ýakup, Ysraýyl hakda söz açylanda: „Görsene, Hudaýyň gudratyny!“ diýerler. 24  Ysraýyl halky ýolbars deý aýaga galar,Arslan deý ýerinden turar+. Awuny ýalmap⁠-⁠ýuwudýança,Oljasynyň ganyndan doýýança ýatmaz». 25  Ballak Bilgama: «Olara gargyş okap bilmeseň, ak pata bir berme!» diýdi. 26  Bilgam bolsa: «Men diňe Ýehowanyň aýdanyny ederin diýdim ahyryn»+ diýdi. 27  Ballak: «Ýör, onda başga ýere gideli. Belki, hak Hudaý halka şol ýerde gargyş okamagyňy makullar»+ diýdi. 28  Ballak Bilgamy alyp, Pegoryň depesine çykdy. Şol ýerden Ýeşimon* görünýärdi+. 29  Bilgam Ballaga: «Ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarla»+ diýdi. 30  Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her gurbanlyk ojagynda bir öküzi we goçy gurbanlyk berdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: eden işine puşman etmez.
Başga manysy: çöl.