Dördünji Musa 22:1—41

  • Ballak Bilgamy hakyna tutýar (1—21)

  • Bilgamyň gepleýän eşegi (22—41)

22  Soňra ysraýyllar ýola düşüp, Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlügine bardylar+.  Sefur ogly Ballak+ ysraýyl halkynyň amorlary näme edendigini bilýärdi.  Ysraýyl halkynyň köpdügini görüp, mowaplar öler ýaly gorkdular. Olar ysraýyllardan gorkup, howsala düşdüler+.  Mowaplar midýan ýaşulularyna+: «Öküziň meýdandaky oty ýalmap ýuwudyşy ýaly, ysraýyl halky hem daş⁠-⁠töweregimizi ýalmap ýuwudar» diýdiler. Şol wagt Sefur ogly Ballak Mowabyň patyşasydy.  Benur ogly Bilgam+ bolsa öz dogduk mekanynda, derýanyň* boýundaky Petorda ýaşaýardy. Ballak Bilgamyň ýanyna adam iberip: «Müsürden bir halk geldi. Olar bütin ýer ýüzüni eýeläp barýar+. Şu wagt edil garşymda düşlediler.  Olar menden has güýçli, gel⁠-⁠de, şol halka gargyş okap ber+. Belki, şonda olary derbi⁠-⁠dagyn edip, ýurdumdan kowup çykararyn. Seniň alkyşlan adamyň bereket tapýar, gargan adamyň gargyşa galýar» diýdi.  Mowap we midýan ýaşululary Bilgamyň ýanyna baryp, Ballagyň habaryny ýetirdiler. Olar Bilgama el aklyk hem äkitdiler+.  Bilgam olara: «Gije bärde galyň. Ýehowanyň näme diýýänini bilip, size aýdaryn» diýdi. Mowap begleri şol gije Bilgamyň ýanynda galdylar.  Hudaý Bilgamdan+: «Ýanyňa gelen adamlar kim?» diýip sorady. 10  Bilgam hak Hudaýa: «Mowabyň patyşasy Sefur ogly Ballak maňa şeýle habar ýollapdyr: 11  „Müsürden bir halk geldi, olar bütin ýer ýüzüni eýeläp barýar. Gel⁠-⁠de, şol halka gargyş okap ber+. Belki, şonda olardan üstün çykyp, ýurdumdan kowaryn“» diýdi. 12  Emma Hudaý Bilgama: «Olar bilen gitme. Halka gargyş okama, olar meniň ýalkan halkym»+ diýdi. 13  Bilgam irden turup, Ballagyň beglerine: «Baryň, ýurduňyza dolanyň. Ýehowa siz bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi. 14  Mowap begleri Ballagyň ýanyna baryp: «Bilgam biz bilen gaýtmady» diýdiler. 15  Şonda Ballak öňki beglerden⁠-⁠de has köp we abraýly beglerini iberdi. 16  Olar Bilgamyň ýanyna baryp: «Sefur ogly Ballak şeýle diýýär: „Gaýrat edip, gel, hiç zady bahana etme. 17  Sylag⁠-⁠serpaýyňy ýetirip, aýdan zadyňy bereýin. Gelip, şu halka gargyş okasaň bolýar“» diýdiler. 18  Emma Bilgam Ballagyň hyzmatkärlerine: «Ballak altyn⁠-⁠kümüşden doly öýüni berse⁠-⁠de, Ýehowa Hudaýymyň emrinden çykyp, hiç zat edip bilmerin+. 19  Ýöne siz gije bärde galyň, Ýehowadan ýene bir sorap göreýin»+ diýdi. 20  Gije Hudaý Bilgama görnüp: «Yzyňdan gelen bolsalar, gidiber. Ýöne diňe meniň aýdan zatlarymy aýdarsyň»+ diýdi. 21  Bilgam irden turdy⁠-⁠da, eşegini* gaňňalap, Mowap begleri bilen ýola düşdi+. 22  Emma Hudaý Bilgamyň gidenine gaharlandy. Ýehowanyň perişdesi Bilgamy saklamak üçin ýoluň ugrunda durdy. Bilgam eşekli barýardy, ýanynda⁠-⁠da iki hyzmatkäri bardy. 23  Eşek öňünde Ýehowanyň perişdesiniň eli gylyçly duranyny görüp, ýoldan sowuldy⁠-⁠da, ekiniň içine girip gitdi. Bilgam eşegi yzyna gaýtarjak bolup urup başlady. 24  Soňra Ýehowanyň perişdesi iki üzümligiň arasyndaky darajyk ýolda durdy. Ýoluň her tarapynda daşdan salnan diwar bardy. 25  Eşek Ýehowanyň perişdesini görüp, diwara dykyldy. Bilgamyň aýagy hem diwara gysyldy. Ol eşegini ýene⁠-⁠de urup başlady. 26  Ýehowanyň perişdesi biraz öňe geçip, ýoluň darajyk ýerinde durdy, ol ýerden ne saga, ne çepe öwrülip bolýardy. 27  Eşek Ýehowanyň perişdesini gören badyna, ýere çökdi⁠-⁠de, ýatyberdi. Şonda Bilgamyň gany depesine urup, eşegini taýaklap başlady. 28  Ahyry Ýehowa eşegi gepletdi*+. Eşek Bilgama: «Meni beýle urar ýaly, saňa näme etdim? Eýýäm üçünji gezek urýaň»+ diýdi. 29  Bilgam: «Meni däliretdiň⁠-⁠ä! Entegem elimde gylyç ýok, ýogsam seni bölek⁠-⁠bölek ederdim!» diýdi. 30  Eşek bolsa: «Men bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi? Öň seni şeýdip kösäpdimmi?» diýdi. Bilgam: «Ýok!» diýdi. 31  Şonda Ýehowa Bilgamyň gözüni açdy+, Bilgam ýolda eli gylyçly duran Ýehowanyň perişdesini gördi. Bilgam şol bada ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 32  Ýehowanyň perişdesi Bilgama: «Eşegiňi näme üçin üç gezek urduň? Men seni ýoluňdan saklajak boldum, sebäbi sen islegime garşy gidýäň+. 33  Eşek meni görüp, üç gezek aýlanyp geçjek boldy+. Eger ol şeýtmedik bolsa, seni öldürip, eşegi diri goýardym» diýdi. 34  Bilgam Ýehowanyň perişdesine: «Men günä etdim, öňümde duranyňy bilmändirin. Gitmegimi islemeýän bolsaň, yzyma dolanaryn» diýdi. 35  Emma Ýehowanyň perişdesi: «Olar bilen git, ýöne diňe meniň aýdan zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Şeýdip, Bilgam Ballagyň begleri bilen ýoluny dowam etdi. 36  Ballak Bilgamyň gelýänini eşiden badyna, garşy almak üçin Mowabyň serhedine, Arnon jülgesiniň golaýynda ýerleşýän şähere bardy. 37  Ballak Bilgama: «Yzyňdan adam iberdim. Näme üçin gelmediň? Sylag⁠-⁠serpaýsyz goýar öýtdüňmi?»+ diýdi. 38  Bilgam bolsa: «Ine, geldim⁠-⁠ä. Ýöne ygtyýarym öz elimde däl, diňe Hudaýyň diýen zadyny aýdaryn»+ diýip jogap berdi. 39  Şeýlelikde, Bilgam Ballak bilen Kirýat⁠-⁠husota gitdi. 40  Ballak öküz, goýun gurbanlyk berip, bir bölegini Bilgama we ýanyndaky beglere iberdi. 41  Ertesi irden Ballak Bilgamy alyp, Bamot⁠-⁠bagala gitdi, sebäbi şol ýerden tutuş halky görüp bolýardy+.

Çykgytlar

Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: urkaçy eşegini.
Ýa⁠-⁠da: eşege dil bitirdi.