Dördünji Musa 2:1—34

  • Üç⁠-⁠üçden bölünen taýpalar (1—34)

    • Ýahuda taýpasy gündogarda düşelge gurýar (3—9)

    • Ruben taýpasy günortada düşelge gurýar (10—16)

    • Lewi taýpasynyň düşelgesi ortada gurulýar (17)

    • Efraýym taýpasy günbatarda düşelge gurýar (18—24)

    • Dan taýpasy demirgazykda düşelge gurýar (25—31)

    • Hasaba alnanlar (32—34)

2  Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi:  «Ysraýyl taýpalary üç⁠-⁠üçden bölünip+, her tire öz tugunyň* golaýynda çadyr gursun. Olar çadyrlaryny ýygnak çadyryna* bakdyryp, onuň daş⁠-⁠töwereginde gursun.  Üç taýpadan düzülen bir topar* gündogarda düşelge gursun. Olara ýahuda taýpasy ýolbaşçylyk etsin. Ýahudalaryň baştutany Aminadabyň ogly Nahşondyr+.  Onuň goşunynda 74 600 adam hasaba alyndy+.  Ýahudalaryň bir tarapynda ysahar taýpasy düşelge gursun. Ysaharlaryň baştutany Zugaryň ogly Netaneldir+.  Onuň goşunynda 54 400 adam hasaba alyndy+.  Ýahudalaryň beýleki tarapynda zebulun taýpasy düşelge gursun. Zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Alyýapdyr+.  Onuň goşunynda 57 400 adam hasaba alyndy+.  Ýahudanyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 186 400 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny birinji ýygnasyn+. 10  Üç taýpadan düzülen ýene bir topar* günortada düşelge gursun. Olara ruben taýpasy+ ýolbaşçylyk etsin. Rubenleriň baştutany Şeduryň ogly Alysurdyr+. 11  Onuň goşunynda 46 500 adam hasaba alyndy+. 12  Rubenleriň bir tarapynda şimgon taýpasy düşelge gursun. Şimgonlaryň baştutany Zuryşadaýyň ogly Şelumyýeldir+. 13  Onuň goşunynda 59 300 adam hasaba alyndy+. 14  Rubenleriň beýleki tarapynda gad taýpasy düşelge gursun. Gadlaryň baştutany Reguweliň ogly Alyýasapdyr+. 15  Onuň goşunynda 45 650 adam hasaba alyndy+. 16  Rubeniň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 151 450 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny ikinji bolup ýygnasyn+. 17  Ýygnak çadyry göçürilende+, lewileriň düşelgesi beýleki düşelgeleriň ortasynda bolsun. Halk çadyrlaryny nähili guran bolsa, şol tertipde+ hem ýola düşsün. Her üç taýpa öz topary bilen ýöresin. 18  Üç taýpadan düzülen ýene bir topar* günbatarda düşelge gursun. Olara efraýym taýpasy ýolbaşçylyk etsin. Efraýymlaryň baştutany Emihutyň ogly Alyşamdyr+. 19  Onuň goşunynda 40 500 adam hasaba alyndy+. 20  Efraýymlaryň bir tarapynda manaşa taýpasy+ düşelge gursun. Manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamaliýeldir+. 21  Onuň goşunynda 32 200 adam hasaba alyndy+. 22  Efraýymlaryň beýleki tarapynda benýamin taýpasy düşelge gursun. Benýaminleriň baştutany Gedeýonaýyň ogly Abydandyr+. 23  Onuň goşunynda 35 400 adam hasaba alyndy+. 24  Efraýymyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 108 100 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny üçünji bolup ýygnasyn+. 25  Üç taýpadan düzülen ýene bir topar* demirgazykda düşelge gursun. Olara dan taýpasy ýolbaşçylyk etsin. Danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdir+. 26  Onuň goşunynda 62 700 adam hasaba alyndy+. 27  Danlaryň bir tarapynda aşer taýpasy düşelge gursun. Aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldir+. 28  Onuň goşunynda 41 500 adam hasaba alyndy+. 29  Danlaryň beýleki tarapynda naftaly taýpasy düşelge gursun. Naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahuradyr+. 30  Onuň goşunynda 53 400 adam hasaba alyndy+. 31  Danyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 157 600 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar öz üç taýpasy bilen çadyrlaryny iň soňunda ýygnasyn»+. 32  Şeýlelikde, ysraýyllar tireleri boýunça hasaba alyndy. Goşun üçin hasaba alnanlar jemi 603 550 adamdy+. 33  Emma Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, lewiler ysraýylyň beýleki taýpalary bilen+ hasaba alynmady+. 34  Ysraýyllar ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler. Ysraýyl taýpalary üç⁠-⁠üçden bölünip+, düşelge gurardylar. Ýola düşenlerinde⁠-⁠de+, öz hojalygyna we tiresine görä ýörärdiler.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: nyşanynyň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.