Dördünji Musa 18:1—32

  • Ruhanylaryň we lewileriň borjy (1—7)

  • Ruhanylaryň paýy (8—19)

    • Ebedilik äht (19)

  • Lewileriň ondan bir bölegi almagy we bermegi (20—32)

18  Ýehowa Haruna şeýle diýdi: «Mukaddes çadyra+ garşy edilen günälere sen, ogullaryň we nesilleriň jogap berer. Ruhanylyk borjy bilen bagly günälere⁠-⁠de sen we ogullaryň jogapkärdir+.  Lewi taýpasyndan doganlaryňy getir. Olar size goşulyp, äht sandygy duran çadyryň*+ öňünde saňa+ we ogullaryňa hyzmat etsinler.  Olar seniň tabşyran zatlaryňy we çadyryň işlerini etsinler+. Ýöne mukaddes çadyryň esbaplaryna, gurbanlyk ojagyna* golaýlaşmasynlar. Ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz+.  Olar saňa goşulyp, ýygnak çadyry* we onuň hyzmaty bilen bagly işleri etsinler. Keseki adam* ýanyňyza gelmesin+.  Mundan beýläk ysraýyl halkyna gaharym gelmez ýaly+, mukaddes ýer+ we gurbanlyk ojagy+ bilen bagly borçlaryňyzy ýerine ýetiriň.  Lewi doganlaryňyzy ysraýyllardan saýlap, size berdim*+. Olar ýygnak çadyrynda hyzmat etmek üçin Ýehowa bagyş edilen adamlardyr+.  Sen bolsa ogullaryň bilen gurbanlyk ojagynda we tutynyň aňyrsynda+ ruhanylyk borçlaryny ýerine ýetir+. Ruhanylygy size berdim*. Keseki adam* mukaddes çadyra golaýlaşsa, hökman öldürilsin»+.  Soňra Ýehowa Haruna: «Maňa berilýän sadakalara+ sen gözegçilik edersiň. Ysraýyllaryň getirýän ähli mukaddes zatlaryndan saňa we ogullaryňa hemişelik paý berýärin+.  Ýakylyp berilýän iň mukaddes gurbanlardan halkyň maňa berýän ähli gurbanlary, galla sadakasy+, günä+ we ýazyk gurbanlyklary+ seniňki bolar. Olar seniň üçin, ogullaryň üçin örän mukaddesdir. 10  Olary mukaddes ýerde iý+. Olardan erkekleriň bary iýip biler. Olar seniň üçin mukaddesdir+. 11  Ysraýyllaryň göterme sadakalary+, olaryň ýany bilen getirýän sowgatlary+ hem seniňki bolar. Olary saňa, ogul⁠-⁠gyzlaryňa hemişelik paý edip berdim+. Öýüňdäki tämiz adamlaryň hemmesi ondan iýip biler+. 12  Halkyň Ýehowa hödürleýän ilkinji hasylyndan+ ýagyň, täze şerabyň, gallanyň iň gowusyny saňa berýärin+. 13  Ysraýyllaryň ilkinji hasylyndan Ýehowa getirýän islendik zady seniňki bolar+. Öýüňdäki tämiz adamlar ondan iýip biler. 14  Ysraýylda Hudaýa bagyş edilýän* zatlaryň bary seniňki bolar+. 15  Ynsan bolsun, mal⁠-⁠gara bolsun, Ýehowa bagyş edilýän ähli nowbaharlar+ seniňki bolar. Ýöne nowbahar ogullar+ we ilkinji doglan haram mallar üçin töleg tölenmelidir+. 16  Bir aýlykdan geçen çagalar üçin mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen bäş şekel*+ kümüş tölensin. Bir şekel 20 gera* deňdir. 17  Ýöne ilkinji doglan göle, guzy we owlak* üçin töleg tölenmesin+, olar mukaddesdir. Olaryň ganyny gurbanlyk ojagynyň+ üstüne sep⁠-⁠de, ýagyny Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýak+. 18  Şol mallaryň eti seniň paýyň bolar. Göterme sadakasy hökmünde galgadylan döşi we sag budy berişleri ýaly, olaryň eti hem seniňkidir+. 19  Ysraýyllaryň Ýehowa getirýän ähli mukaddes sadakasyny+ saňa, ogul⁠-⁠gyzlaryňa hemişelik paý edip berýärin+. Ýehowa seniň bilen, nesilleriň bilen ebedilik* äht baglaşdy» diýdi. 20  Ýehowa sözüni dowam edip, Haruna şeýle diýdi: «Ysraýyl ýurdunda seniň mirasyň hem, paýyň hem bolmasyn+. Ysraýyllaryň arasynda seniň paýyň, mirasyň mendirin+. 21  Ysraýyldaky ähli zadyň ondan bir bölegini+ lewilere miras edip berýärin. Sebäbi olar ýygnak çadyrynda hyzmat edýärler. 22  Indiden beýläk ysraýyllar ýygnak çadyryna golaýlaşmasyn, ýogsam günä edip, heläk bolarlar. 23  Ýygnak çadyrynda lewiler hyzmat etsin. Halkyň mukaddes çadyra garşy eden günälerine lewiler jogap berer+. Ysraýyllaryň arasynda olaryň mirasy ýokdur+. Şu zatlar siziň üçin nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun bolar. 24  Ysraýyllaryň Ýehowa getirýän sadakalarynyň ondan bir bölegini lewilere berýärin. Şol sebäpli⁠-⁠de: „Ysraýyllaryň arasynda olaryň mirasy bolmasyn“+ diýdim». 25  Soňra Ýehowa Musa: 26  «Lewilere şeýle diý: „Ysraýyl halkynyň getirýän zatlaryndan ondan bir bölegini size miras edip berýärin+. Ýöne sizem alan zatlaryňyzyň ondan bir bölegini Ýehowa sadaka beriň+. 27  Şonda harmanyňyzdaky galladan+, şerapdan we ýagdan sadaka berdigiňiz bolar. 28  Şeýdip, ysraýyllaryň getirýän zatlarynyň ondan bir böleginden sizem Ýehowa sadaka berersiňiz. Olary Ýehowa sadaka hökmünde Harun ruhana beriň. 29  Size berilýän ähli mukaddes sadakalaryň iň gowusyny+ Ýehowa sadaka beriň“. 30  Olara şu sözlerimi hem aýt: „Lewiler, sadakalaryň iň gowusyny Hudaýa beriň⁠-⁠de, galanyny özüňize alyň. Olar harmanyňyzdaky galla, şerap we ýag ýaly siziňki bolar. 31  Olary öý⁠-⁠içeriňizdäkiler bilen islän ýeriňizde iýip bilersiňiz. Ol ýygnak çadyrynda edýän hyzmatyňyzyň hakydyr+. 32  Getirilen sadakalaryň iň gowusyny sadaka berseňiz, günä galmarsyňyz. Ysraýyllaryň mukaddes zatlaryny haram etmäň, ýogsam ölersiňiz“»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk çadyrynyň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
Sözme⁠-⁠söz: sowgat edip berdim.
Sözme⁠-⁠söz: sowgat edip berdim.
Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
Hudaýa bütinleý bagyş edilip, yzyna satyn alynmaýan zatlar göz öňünde tutulýar.
Erkek mallar göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: duz. Üýtgemeýän, hemişelik ähti aňladýar.