Dördünji Musa 17:1—13

  • Harunyň güllän hasasy (1—13)

17  Soňra Ýehowa Musa:  «Ysraýyllara aýt, goý, her baştutan öz taýpasy+ üçin bir hasa getirsin. Jemi 12 hasa bolsun. Her baştutanyň adyny öz hasasyna ýaz.  Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Sebäbi her baştutan üçin bir hasa bolmalydyr.  Hasalary ýygnak çadyrynda* siz bilen gepleşýän* ýerimde+, äht* sandygynyň+ öňünde goý.  Kimi saýlasam+, şonuň hasasy güllär. Şeýdip, maňa+ we size igenýän ysraýyllary dymdyraryn»+ diýdi.  Musa aýdylanlary halka ýetirdi. Şonda her baştutan öz taýpasy üçin bir hasa, jemi 12 hasa getirdi. Harunyň hasasy hem olaryň arasyndady.  Musa hasalary äht sandygy duran mukaddes çadyra* eltip, Ýehowanyň huzurynda goýdy.  Ertesi Musa äht sandygy duran mukaddes çadyra* baryp görse, lewilerden Harunyň hasasy gülläpdir. Hasa pyntyklap, gül açypdyr, onda bişen badamlar hem bar eken.  Musa hasalary Ýehowanyň huzuryndan alyp gaýdyp, ysraýyllara görkezdi. Her kim öz hasasyny aldy. 10  Ýehowa Musa: «Harunyň hasasyny+ ýene⁠-⁠de äht* sandygynyň öňünde goý. Hasany gozgalaň turuzmak+ isleýänlere duýduryş hökmünde sakla+. Indiden beýläk ysraýyllar maňa hüňürdäp, heläk bolmasyn» diýdi. 11  Musa Ýehowanyň buýrugyny dessine ýerine ýetirdi. Ähli zady aýdyşy ýaly etdi. 12  Soňra ysraýyllar Musa: «Işimiz gaýtdy! Indi barymyz gyrlyp, heläk bolarys! 13  Ýehowanyň çadyryna sähelçe golaýlaşan adam hem öler!+ Hemmämiz şeýdip ölüp gidäýmelimi?»+ diýdiler.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: özümi tanadýan.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk çadyryna.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk çadyryna.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.