Dördünji Musa 14:1—45

  • Halk Müsüre dolanmak isleýär (1—10)

    • Ýuşa bilen Kalebiň gowy habary (6—9)

  • Ýehowa gaharlanýar; Musa halk üçin ýalbarýar (11—19)

  • Jeza: 40 ýyl çölde (20—38)

  • Ysraýyllaryň amaleklerden ýeňilmegi (39—45)

14  Şonda halk perýat edip başlady. Olar şol gijäni aglap⁠-⁠eňräp geçirdiler+.  Ysraýyllaryň bary Musa bilen Haruna igenip başlady+. Bütin halk olara garşy çykyp: «Müsürde ýa şu çölde ölen bolsak gowy bolardy!  Ýehowa bizi ol ýurda äkidip, gylyçdan geçirjek bolýarmyka?+ Aýallarymyz, çagalarymyz ýesir düşer+. Ondan⁠-⁠a Müsüre gidenimiz hem gowy!»+ diýişdiler.  Olar hatda biri⁠-⁠birine: «Geliň, özümize baştutan belläp, Müsüre dolanalyň!»+ diýişdiler.  Muny eşiden Musa bilen Harun halkyň öňünde ýüzlerini ýere berdiler.  Ýurdy gözden geçirmäge gidenlerden Nunuň ogly Ýuşa+ bilen Ýepunnanyň ogly Kalep+ bolsa ýakasyny ýyrtyp,  halka şeýle diýdiler: «Görüp gaýdan ýurdumyz juda gowy+.  Ýehowa bizden razy bolsa, hökman şol ýere elter. Süýt bilen bal akýan ýurdy mülk edip berer+.  Ýöne Ýehowanyň garşysyna çykmaň, ýurduň halkyndan gorkmaň+. Biz olary bir demde ýok ederis. Olaryň hiç hili goragy ýok, biziň arkamyzda bolsa Ýehowa dur+. Olardan gorkmaň». 10  Emma halk olary daşlajak boldy+. Şonda ähli ysraýyllara ýygnak çadyrynyň* üstünde Ýehowanyň şöhraty göründi+. 11  Ýehowa Musa: «Halk meni haçana çenli äsgermezlik etjekkä?+ Şunça gudratymy görübem, maňa haçana çenli ynanmazçylyk etjekkä?+ 12  Gowusy, olary mergi bilen gyryp taşlaýyn⁠-⁠da, senden has beýik hem güýçli halk döredeýin»+ diýdi. 13  Emma Musa Ýehowa: «Beýik güýjüň bilen Müsürden çykaran halkyňy gyrsaň, müsürliler näme diýer? Olar muny eşidip+, 14  Kengandaky halklara⁠-⁠da gürrüň bererler. Eý Ýehowa, seniň ysraýyl halkyňy goldap+, olara görnendigiňi*+ şol halklar hem eşitdiler ahyryn. Olar seniň Ýehowadygyňy we halkyň üstüne bir bulut goýup, gündizine bulut, gijesine ot sütüni bilen ýol görkezýäniňi bilýärler+. 15  Eger halkyň baryny birden ýok etseň, şöhratyň barada eşiden halklar: 16  „Ýehowa halkyny wada beren* ýurduna eltip bilmän, çölde gyrypdyr“+ diýmezlermi? 17  Ýalbarýaryn, Ýehowa, wada berişiň ýaly, beýik güýjüňi görkez. Sen: 18  „Ýehowa giň göwünli*, wepaly söýgä* baý+, etmişi we ýazygy bagyşlaýan Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk⁠-⁠çowluklaryna* jeza berýändir“+ diýipdiň. 19  Ýalbarýaryn, Müsürden çykaran halkyňy şu wagta çenli bagyşlaýşyň ýaly, beýik wepaly söýgiň bilen ýene⁠-⁠de bagyşla»+ diýdi. 20  Şonda Ýehowa: «Bolýar, aýdyşyň ýaly, olary bagyşlaýyn+. 21  Men diri şaýatdyryn, bütin ýer ýüzi Ýehowanyň şöhratyndan dolar+. 22  Emma Müsürde we çölde meniň şöhratymy, görkezen gudratymy görse⁠-⁠de+, meni telim* gezek synap+, sözüme gulak asmadyklaryň+ hiç biri 23  ata⁠-⁠babalaryna wada beren* ýurdumy görmez. Meni sylamadyklaryň ýekejesi⁠-⁠de şol ýurda aýak basmaz+. 24  Ýöne gulum Kalep+ olar ýaly däldir*. Ol maňa bütin ýüregi bilen gulak asýar. Şol sebäpli Kalebi görüp gaýdan ýurduna elterin, nesline mülk edip bererin+. 25  Ertir Gyzyl deňze barýan ýol bilen yzyňyza çöle gidiň, sebäbi jülgede amalekler bilen kenganlar+ ýaşaýar»+ diýdi. 26  Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 27  «Zalym halk haçana çenli maňa hüňürdejekkä?+ Olaryň menden zeýrenýänini eşitdim+. 28  Olara aýt, Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn, nämeden zeýrenýän bolsaňyz, şony hem başyňyzdan indererin+. 29  Jesetleriňiz şu çölde galar+. Ilat ýazuwynda 20 ýaşdan başlap hasaba alnanlar, ýagny maňa igenenleriň bary öler+. 30  Ýepunnanyň ogly Kalepden we Nunuň ogly Ýuşadan+ başga hiç haýsyňyz wada beren* ýurduma girmersiňiz+. 31  Şol ýurda ýesir düşer öýdüp gorkan çagalaryňyzy elterin+. Olar siziň nähili ýurtdan ýüz öwrendigiňizi görerler+. 32  Siziň jesetleriňiz bolsa şu çölde galar. 33  Baryňyz gyrylýançaňyz, ogullaryňyz çölde 40 ýyllap+ çopançylyk edip, siziň biwepalygyňyz üçin jebir çeker+. 34  Ýurdy 40 günläp+ gözden geçiren bolsaňyz, her güne bir ýyl hasabynda, 40 ýyllap+ günäleriňize jogap berersiňiz. Şonda maňa garşy çykmagyň nähili elhençdigine düşünersiňiz. 35  Muny men — Ýehowa aýdýandyryn. Maňa garşy giden zalym halkyň soňuna çykaryn. Olar şu çölde heläk bolar+. 36  Musanyň ýurdy gözden geçirmäge iberen adamlary, erbet habar getirip, halky Musa garşy öjükdirenler+, 37  ýurt hakynda ýaramaz zatlary aýdanlar Ýehowanyň elinden heläk bolar+. 38  Ýurdy görmäge gidenlerden diňe Nunuň ogly Ýuşa bilen Ýepunnanyň ogly Kalep diri galar“»+. 39  Musa muny ysraýyllara aýtdy, olar dady⁠-⁠perýat edip başladylar. 40  Ertesi olar daň bilen turup: «Biz günä etdik. Indi Ýehowanyň aýdan ýurduna gitmäge taýyn» diýdiler⁠-⁠de, daga çykjak boldular+. 41  Emma Musa: «Ýehowanyň tabşyrygyna näme üçin boýun bolaňyzok? Beýtseňiz, gowulygyň üstünden barmarsyňyz. 42  Gitmäň, Ýehowa sizi goldamaz. Duşmanlar sizi derbi⁠-⁠dagyn eder+. 43  Amalekler bilen kenganlar üstüňize hüjüm edip+, gylyçdan geçirer. Ýehowadan ýüz öwrendigiňiz üçin, Ýehowa sizi goldamaz»+ diýdi. 44  Olar şonda⁠-⁠da kesirlik edip, daga çykdylar+. Ýehowanyň äht sandygy bilen Musa bolsa düşelgede*+ galdy. 45  Dagda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar bolsa aşak düşüp, ysraýyllary derbi⁠-⁠dagyn etdiler⁠-⁠de, Horma+ çenli kowaladylar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ýüzbe⁠-⁠ýüz görnendigiňi.
Ýa⁠-⁠da: ant içen.
Ýa⁠-⁠da: sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: üçünji we dördünji nesline.
Sözme⁠-⁠söz: on.
Ýa⁠-⁠da: ant içen.
Ýa⁠-⁠da: Kalebiň garaýşy başgaçadyr.
Ýa⁠-⁠da: elimi galdyryp, ant içen.
Sözme⁠-⁠söz: düşelgäniň ortasynda.