Dördünji Musa 10:1—36

  • Kümüş surnaýlar (1—10)

  • Halk Sinaý çölünden ýola düşýär (11—13)

  • Tertip boýunça ýörelýär (14—28)

  • Hobapdan edilen haýyş (29—34)

  • Halk ýola düşende, Musanyň eden dogasy (35, 36)

10  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Halky ýygnamak we çadyrlary sökdürmek üçin, özüňe kümüşden* iki surnaý+ ýasa.  Surnaýlaryň ikisi bile çalynsa, halk seniň ýanyňa, ýygnak çadyrynyň* agzyna gelsin+.  Biri çalynsa, diňe baştutanlar, ýagny ysraýyl müňbaşylary gelsin+.  Surnaý gysga⁠-⁠gysga çalynsa, gündogardaky düşelge+ ýola düşsün.  Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, günortadaky düşelge+ ýola düşsün. Her gezek surnaý gysga çalnanda, bir düşelge ýola düşsün.  Eger tutuş halky ýygnamaly bolsa, surnaýlary+ gysga çalmaň.  Surnaýlary Harunyň ruhany ogullary çalsyn+. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.  Size azar berýän duşmanlara garşy söweşe çykanyňyzda, ilaty söweşe çagyrmak üçin surnaý çalyň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz dadyňyza ýetişip, duşmanlardan halas eder. 10  Şat günüňizde+, ýagny baýramçylyklarda+, her aýyň başynda ýakma+ we parahatlyk gurbanlyklary+ hödürläniňizde⁠-⁠de surnaý çalyň. Şonda Hudaýyňyz size nazar salar*. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn»+. 11  Äht sandygy duran mukaddes çadyryň*+ depesindäki bulut ikinji ýylyň ikinji aýynyň 20⁠-⁠sine+ ýokary göterildi. 12  Ysraýyllar Sinaý çölünden tertip boýunça ýola düşdüler+. Bulut Paran çölüne+ baryp saklandy. 13  Olar Ýehowanyň Musa beren buýrugy+ bilen, ilkinji gezek ýola düşüpdiler. 14  Ýahudalaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ilkinji bolup ýola düşdi. Olaryň baştutany Aminadabyň ogly Nahşondy+. 15  Ysahar taýpasynyň baştutany Zugaryň ogly Netaneldi+. 16  Zebulun taýpasynyň baştutany Helonyň ogly Alyýapdy+. 17  Mukaddes çadyr sökülende+, çadyry göterýän gerşonlar+ bilen merarlar+ ýola düşdi. 18  Rubenleriň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olaryň baştutany Şeduryň ogly Alysurdy+. 19  Şimgon taýpasynyň baştutany Zuryşadaýyň ogly Şelumyýeldi+. 20  Gad taýpasynyň baştutany Deguweliň ogly Alyýasapdy+. 21  Soňra mukaddes çadyryň esbaplaryny göterýän kohatlar+ ýola düşdi. Kohatlar barýança, mukaddes çadyr gurulmalydy. 22  Efraýymlaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olaryň baştutany Emihutyň ogly Alyşamdy+. 23  Manaşa taýpasynyň baştutany Pedahsuryň ogly Gamaliýeldi+. 24  Benýamin taýpasynyň baştutany Gedeýonaýyň ogly Abydandy+. 25  Danlaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olar tutuş halkyň yzyndan ýöräp, ähli düşelgeleri goraglap barýardy. Olaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdi+. 26  Aşer taýpasynyň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldi+. 27  Naftaly taýpasynyň baştutany Eýnanyň ogly Ahurady+. 28  Ysraýyllar göçende, topar⁠-⁠topar* bolup, şu tertipde ýola düşerdiler+. 29  Musa midýan gaýynatasy Reguweliň*+ ogly Hobaba: «Biz Ýehowanyň wada beren ýurduna+ barýarys. Ýör, biz bilen git+, saňa elimizden gelen ýagşylygy ederis. Ýehowa ysraýyl halkyna gowy zatlary wada berdi»+ diýdi. 30  Emma ol: «Ýok, men gitmäýin. Gowusy, öz ilime, dogan⁠-⁠garyndaşlarymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi. 31  Şonda Musa: «Bizi taşlap gitme. Sen çöle belet, nirede düşlemelidigini gowy bilýäň, bize ýol görkezersiň. 32  Eger biz bilen gitseň+, Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryny senem görersiň*» diýdi. 33  Şeýlelikde, olar Ýehowanyň dagyndan+ gaýdyp, üç gün ýol ýörediler. Düşläre ýer tapylýança+, üç günläp Ýehowanyň äht sandygyny+ halkyň öňünden göterip gitdiler. 34  Gündiz ýola düşenlerinde, Ýehowanyň buludy+ üstlerinden aýrylmazdy. 35  Her gezek äht sandygyny göterenlerinde, Musa: «Eý Ýehowa, aýaga gal!+ Duşmanlaryňy derbi⁠-⁠dagyn et, seni ýigrenýänler yzyna garaman gaçsyn!» diýerdi. 36  Sandygy goýanlarynda bolsa: «Eý Ýehowa, ägirt uly* ysraýyl halkyňa+ dolan!» diýerdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: kümşi çekiçläp.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: sizi ýatlar.
Sözme⁠-⁠söz: Şaýatlyk çadyrynyň.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Sözme⁠-⁠söz: goşun.
Ýagny Şugaýyp.
Ýa⁠-⁠da: Ýehowanyň bize ýagşylyk edişi ýaly, biz hem saňa ýagşylyk ederis.
Ýa⁠-⁠da: on müňlerçe müňler.