Üçünji Musa 19:1—37

  • Mukaddes bolmak barada kanun (1—37)

    • Hasyl ýygymy (9, 10)

    • Ker we kör adam (14)

    • Töhmet (16)

    • Öýke⁠-⁠kine (18)

    • Jadygöýlik we palçylyk (26, 31)

    • Endamyňa surat çekdirmek (28)

    • Garry adama hormat goýmak (32)

    • Gelmişekler bilen gatnaşyk (33, 34)

19  Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyl halkyna aýt: „Mukaddes boluň, sebäbi men — Hudaýyňyz Ýehowa mukaddesdirin+.  Her kes ene⁠-⁠atasyna hormat goýsun+. Sabat baradaky kanunymy berjaý ediň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.  Dereksiz taňrylara sežde etmäň+, guýma butlary ýasamaň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.  Ýehowa parahatlyk gurbanlygyny bermek isleseňiz+, gurbanlygyňyz kabul bolar ýaly edip beriň+.  Gurbanlyk etini şol gün we ertesi iýiň. Üçünji güne galanyny ýakyň+.  Üçünji güne galan et iýilse, gurbanlyk kabul bolmaz, haram bolar.  Şol etden iýen adam Ýehowanyň mukaddes gurbanlygyny haram edeni üçin jogap bermeli bolar. Ol halkyň arasyndan ýok ediler*.  Hasyl ýygymynda ekiniň gyrasyny doly ormaň, ýere gaçan däneleri* çöplemäň+. 10  Üzümlikde galan⁠-⁠gaçan salkymlary ýygnamaň. Olary garyplara+ we gelmişeklere goýuň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 11  Ogurlyk etmäň+, ýalan sözlemäň+, birek⁠-⁠birege hile gurmaň. 12  Meniň adym bilen ýalandan ant içip+, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Ýehowadyryn. 13  Hiç kimi aldawa salma+, talaňçylyk etme+. Işçiniň zähmet hakyny bir günem saklama+. 14  Ker adama sögme*, köri büdretjek bolup, öňüne zat goýma+. Hudaýyňdan gork+. Men Ýehowadyryn. 15  Höküm çykaranyňda, garyba dözmezçilik edip ýa⁠-⁠da baýa ýaranjak bolup, adalatsyzlyk etme+. Her kime adalatly höküm çykar. 16  Il içinde gep gezdirme*+. Hiç kimiň kastyna çykma*+. Men Ýehowadyryn. 17  Ýüregiňde hiç kime ýigrenç saklama+. Ýakynyň etmişini ýüzüne aýt*+, şonda günäsine şärik bolmarsyň. 18  Ar alma+, ildeşiňden öýke⁠-⁠kine saklama. Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý+. Men Ýehowadyryn. 19  Şu kada⁠-⁠kanunlarymy hem berjaý ediň: iki dürli maly jübütleşdirme. Ekiniňe iki dürli tohum sepme+, iki dürli ýüplükden dokalan eşik geýme+. 20  Kimde⁠-⁠kim başga birine bellenen, ýöne yzyna satyn alynmadyk ýa⁠-⁠da azat edilmedik gyrnaga ýanaşsa*, ikisine⁠-⁠de jeza berilsin. Ýöne olary ölüme höküm etmäň, sebäbi gyrnak heniz azat edilmändi. 21  Ol adam bir goçy Ýehowa ýazyk gurbanlygy hökmünde ýygnak çadyrynyň* agzyna getirsin+. 22  Ruhany ony ýazyk gurbanlygy üçin goç bilen Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn. Şonda günäsi bagyşlanar. 23  Size berjek ýurduma baryp, agaç oturtsaňyz, ilkinji miweleri siziň üçin hapa we haram bolsun, olary iýmäň. Üç ýylyň dowamynda ondan iýmek gadagandyr. 24  Dördünji ýyl agajyň miweleri mukaddes bolar. Olary höwes bilen Ýehowa sadaka beriň+. 25  Bäşinji ýyl agajyň miwelerini iýip bilersiňiz, ol size bol hasyl berer. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 26  Hiç bir eti gany bilen iýmäň+. Pal atmaň, jadygöýlik etmäň+. 27  Saçyňyzyň iki gapdalyny aýyrmaň, sakgalyňyzyň ujuny gyrkmaň*+. 28  Merhum üçin ýas tutanyňyzda, teniňizi kesmäň+. Endamyňyza surat* çekdirmäň. Men Ýehowadyryn. 29  Gyzyňyzy ýoldan çykaryp*, biabraý etmäň+. Ýogsam ahlaksyz aýallardan ýaňa ýurtda azgynlyk köpeler+. 30  Sabat baradaky kanunymy berjaý ediň+, mukaddes çadyryma hormat goýuň*. Men Ýehowadyryn. 31  Jadygöýlere+ we bilgiçlere*+ ýüz tutup, özüňizi haram etmäň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 32  Ak saçly garrynyň öňünde ör tur+, garry adama hormat goý+. Hudaýyňdan gork+. Men Ýehowadyryn. 33  Ýurduňyza göçüp gelen gelmişegi äsgermezlik etmäň+. 34  Gelmişegi⁠-⁠de öz halkyňyzdan biri ýaly görüp+, özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň. Sizem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 35  Bir zadyň uzynlygyny, agramyny ýa⁠-⁠da göwrümini ölçäniňizde, hiç kimi aldamaň+. 36  Tereziňiz, terezi daşyňyz, galla önümlerini* we suwuk* zatlary ölçeýän gaplaryňyz dogry bolsun+. Men sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 37  Ähli kada⁠-⁠kanunlarymy we hökümlerimi berjaý edip ýaşaň+. Men Ýehowadyryn“».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: öldüriler.
Ýa⁠-⁠da: hoşalary.
Ýa⁠-⁠da: gargama.
Ýa⁠-⁠da: töhmet ýaýratma.
Başga manysy: Biriniň janyna howp abanýandygyny göreniňde, gyra çekilip durma.
Ýa⁠-⁠da: berk käýinç ber.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sakgalyňa timar bermezlik däl⁠-⁠de, butparazlaryň däbi göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: tatuirowka.
Pul üçin ahlaksyzlyk etmek göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: gorkuň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: çuwallaryňyz. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme⁠-⁠söz: küýzeleriňiz. Goşmaça maglumata serediň: B14.