Ikinji Taryh 8:1—18

  • Süleýmanyň gurluşyk işleri (1—11)

  • Sežde bilen bagly tertip⁠-⁠düzgün (12—16)

  • Süleýmanyň gämileri (17, 18)

8  Süleýman Ýehowanyň öýüni we köşgüni 20 ýylda gurup boldy+.  Ol Huramyň+ beren şäherlerini täzeden dikeltdi, ysraýyllar şol şäherlerde ýaşap başlady.  Soňra Süleýman Hamat⁠-⁠sobany basyp aldy.  Ol çöldäki Tadmory we Hamatdaky+ ammarly şäherleri+ gaýtadan dikeltdi.  Derwezeli we gulply galalary, ýagny ýokarky Beýthoron+ bilen aşaky Beýthorony+ dikeltdi.  Şeýle⁠-⁠de Süleýman Bagalaty+, ammarly şäherleri, söweş arabalary+ üçin we atly esgerleri üçin şäherleri gurdy*. Ol Iýerusalimde, Liwanda we golastyndaky ýerlerde islän zadyny gurdy.  Hetler, amorlar, perizler, hiwiler we ýabuslar+ ysraýyl halkyndan däldi. Süleýman şol halklardan diri galan adamlary+,  ysraýyllaryň elinden ölmän galan nesillerini+ agyr işde işletdi. Olar häzire çenli hem gul bolup ýaşaýar+.  Emma Süleýman ysraýyllaryň hiç birini gul etmedi+. Olar Süleýmanyň nökerleri, serkerdebaşylary, söweş arabaly hem⁠-⁠de atly esgerleriniň baştutanlary bolup hyzmat etdiler+. 10  Süleýman patyşanyň işçileriniň üstünden goýlan 250 sany gözegçisi bardy+. 11  Süleýman faraonyň gyzyny+ Dawudyň şäherinden çykaryp, gurup beren öýüne göçürdi+. Süleýman: «Ol meniň aýalym bolsa⁠-⁠da, Ysraýyl patyşasy Dawudyň öýünde ýaşamasyn, sebäbi Ýehowanyň äht sandygy goýlan ýer mukaddes»+ diýdi. 12  Soňra Süleýman minaranyň+ öňünde Ýehowa üçin guran gurbanlyk ojagynda*+ Ýehowa ýakma gurbanlyklary berdi+. 13  Ol Musanyň tabşyrygyna görä, Sabat günleri+, Täze aý baýramy+, her ýyl bellenilýän üç baýramçylykda+, ýagny Petir baýramynda+, Galla baýramynda*+ we Çatma baýramynda+ hödürlenmeli gurbanlyklary berdi. 14  Süleýman kakasy Dawudyň goýan tertip⁠-⁠düzgünine görä, ruhanylary toparlara bölüp+, etmeli işlerini tabşyrdy. Lewileri bolsa her gün Hudaýy şöhratlandyryp+, ruhanylar bilen hyzmat etmäge belledi. Hak Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, her derwezede derwezebanlary goýdy+. 15  Ruhanylar we lewiler ähli zatda, hatda ammarlar babatda hem patyşanyň buýrugyndan çykmaýardylar. 16  Ýehowanyň öýüniň düýbi tutulyp+, gurluşyk doly tamamlanýança, Süleýman ähli işlerini gowy gurnady. Şeýlelikde, Ýehowanyň öýüniň gurluşygy tamamlandy+. 17  Süleýman Edom topragynyň kenarýakasynda+ ýerleşýän Esýon⁠-⁠gebere+ we Elota+ gitdi. 18  Huram+ Süleýmana gämileri we ökde deňizçileri ýollady. Olar Süleýmanyň hyzmatkärleri bilen Ofere+ gidip, Süleýmana 450 batman* altyn+ getirip berdiler+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: dikeltdi.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Hepdeler baýramynda.