Ikinji Taryh 33:1—25

  • Ýahuda patyşasy Manaşa (1—9)

  • Manaşa toba edýär (10—17)

  • Manaşa aradan çykýar (18—20)

  • Ýahuda patyşasy Amon (21—25)

33  Manaşa+ 12 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 55 ýyl höküm sürdi+.  Manaşa Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşup, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi+.  Ol kakasy Hizkiýanyň ýumran seždegählerini*+ dikeltdi, Bagal butlary üçin gurbanlyk ojaklaryny* gurup, keramatly pürsleri* dikdi. Asman jisimlerine* tagzym etdi, sežde etdi+.  Ýehowa: «Iýerusalim hemişe meniň adymy göterer»+ diýipdi. Manaşa bolsa Ýehowanyň öýünde ýalan taňrylar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+.  Ýehowanyň öýüniň iki howlusynda⁠-⁠da asman jisimleri üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+.  Ol hatda ogullaryny hem Hennem oglunyň jülgesinde*+ otda ýakyp gurban berdi+, jadygöýlik+, palçylyk we gözbagçylyk edip, jadygöýleri hem bilgiçleri*+ belledi. Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi.  Ol oýma but ýasap, hak Hudaýyň öýünde+ goýdy. Hudaý Dawut bilen ogly Süleýmana: «Şu öý, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan saýlan şäherim Iýerusalim hemişe meniň adymy göterer+.  Ysraýyllar tabşyryklarymy birkemsiz ýerine ýetirseler, gulum Musa arkaly beren kanunyma, düzgünlerime we hökümlerime doly eýerseler, olary ata⁠-⁠babalaryna beren ýurdumdan hiç wagt kowmaryn» diýipdi.  Manaşa bolsa Ýahuda we Iýerusalim ilatyny ýoldan çykardy. Olar Ýehowanyň ýurtdan ýok eden halklaryndan hem beter erbet işleri etdiler+. 10  Ýehowa Manaşa we halka gaýta⁠-⁠gaýta duýduryş berdi, emma olar gulak asmadylar*+. 11  Şol sebäpli Ýehowa Assiriýa patyşasynyň goşun serkerdelerini olara garşy aýaga galdyrdy. Serkerdeler Manaşa çeňňek ildirip*, iki mis gandala baglap, Wawilona äkitdiler. 12  Manaşa betbagtçylyga uçranda, Ýehowa Hudaýdan rehim⁠-⁠şepagat diledi. Ol ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni kiçeltdi. 13  Manaşa dyngysyz doga etdi, Hudaý hem ahy⁠-⁠nalasyny, doga⁠-⁠dilegini eşidip, Iýerusalimdäki patyşalyk tagtyny gaýtaryp berdi+. Şonda Manaşa Ýehowanyň hak Hudaýdygyna göz ýetirdi+. 14  Manaşa jülgede ýerleşýän Gihonyň+ günbataryndan Balyk derwezesine+ çenli aralykda Dawudyň şäheriniň+ daşyna beýik diwar aýlady. Diwar Opele+ çenli uzalýardy. Soňra ol Ýahudanyň galalarynda goşun serkerdelerini belledi. 15  Manaşa Ýehowanyň öýünden ýalan taňrylary we butlary aýyrdy+. Ýehowanyň öýüniň dagynda we Iýerusalimde guran gurbanlyk ojaklaryny+ hem aýryp, şäheriň daşyna zyňdyrdy. 16  Ýehowanyň gurbanlyk ojagyny+ täzeden gurup, parahatlyk gurbanlyklary+ we şükür gurbanlyklary+ berip başlady. Ýahuda ilatyny Ysraýyl Hudaýy Ýehowa gulluk etmäge höweslendirdi. 17  Halk diňe Ýehowa Hudaýa gurbanlyk berýärdi, emma ony seždegählerde hödürleýärdi. 18  Manaşanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, Hudaýa eden dogasy we Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň pygamberleri* arkaly aýdan habary Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 19  Şeýle⁠-⁠de Manaşanyň eden dogasy+, Hudaýyň jogap berişi, ähli eden günäleri we biwepalygy+, toba etmänkä* guran seždegähleri, keramatly pürsleri*+ we oýma butlary hakda patyşanyň görgürleriniň* golýazmalarynda ýazylandyr. 20  Soňra Manaşa aradan çykyp, köşgüniň golaýynda jaýlandy, ýerine ogly Amon patyşa boldy+. 21  Amon+ 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde iki ýyl höküm sürdi+. 22  Amon kakasy Manaşa ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. Ol kakasy Manaşanyň ýasan oýma butlaryna+ gurban berip, sežde edýärdi. 23  Ol kakasy Manaşa ýaly+, Ýehowanyň öňünde özüni kiçeltmedi+, gaýtam has köp günäleri etdi. 24  Ahyrsoňy hyzmatkärleri dil düwşüp+, köşkde Amony öldürdiler. 25  Emma adamlar Amon patyşa garşy dil düwşenleri öldürip+, ýerine ogly Ýoşyýany patyşa bellediler+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň: Jähennem.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: üns bermediler.
Başga manysy: Manaşany çukurdan tapyp.
Ýa⁠-⁠da: görgürleri. Sözlüge serediň: Görgür.
Sözme⁠-⁠söz: özüni kiçeltmänkä.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.