Ikinji Taryh 3:1—17

  • Süleýman ybadathanany gurup başlaýar (1—7)

  • Iň mukaddes otag (8—14)

  • Misden iki sütün (15—17)

3  Süleýman Iýerusalimiň Moryýa dagynda+, kakasy Dawuda Ýehowanyň görnen ýerinde+ Ýehowanyň öýüni gurup başlady+. Dawut ýabuslardan Ornanyň harmanynda ybadathana üçin ýer taýynlapdy+.  Süleýman hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, ikinji aýyň ikisine gurluşyga başlady.  Ol hak Hudaýyň öýüniň düýbüni tutdy. Ybadathananyň uzynlygy gadymy ölçeg birligine görä 60 tirsek, ini 20 tirsekdi*+.  Ybadathananyň öňünde minara gurdular. Minaranyň ini ybadathananyň* ini ýaly 20 tirsekdi, beýikligi bolsa 120⁠-⁠di*. Süleýman onuň içini sap altyna gaplady+.  Uly otagy* arça agaçlary bilen örtüp, üstüne sap altyn çaýdy+. Otagyň içini palma agaçlarynyň şekili+ we zynjyrlar bilen bezedi+.  Soňra owadan, gymmatbaha daşlar+ bilen bezedi. Gurluşykda ulanylan altyn+ Parwaýimden getirilipdi.  Ol ybadathanany, pürslerini, bosagalaryny, diwarlaryny we gapylaryny altyna gaplady+, diwarlaryň ýüzüni bolsa keruplaryň şekili bilen nagyşlady+.  Soňra ol iň mukaddes otagy gurdy+. Otagyň uzynlygy ybadathananyň ini ýaly 20 tirsekdi, ini hem 20 tirsekdi. Ol iň mukaddes otagyň içine 600 batman* sap altyn çaýdy+.  Çüýlere 50 şekel* altyn gidipdi. Ol ýokarky otaglaryň içine⁠-⁠de altyn çaýdy. 10  Ol iň mukaddes otagda iki kerubyň şekilini ýasap, olary altyna gaplady+. 11  Keruplaryň ganatlarynyň+ uzynlygy jemi 20 tirsekdi. Birinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi we otagyň diwaryna degip durdy. Beýleki ganatynyň uzynlygy hem bäş tirsekdi we ikinji kerubyň ganatyna degip durdy. 12  Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi we otagyň diwaryna degip durdy. Beýleki ganatynyň uzynlygy hem bäş tirsekdi we birinji kerubyň ganatyna degip durdy. 13  Keruplaryň ýaýylyp duran ganatlary 20 tirsekdi. Keruplar dik durdy, ýüzleri bolsa mukaddes otaga bakýardy. 14  Ol badam reňkli ýüňden, gök ýüplükden, gyrmyzy ýüplükden we nepis matadan tuty+ tikip, keruplaryň şekili bilen keşdeledi+. 15  Soňra iki sütün+ ýasap, olary ybadathananyň öňünde goýdy. Sütünleriň beýikligi 35 tirsekdi, her sütüniň üstünde beýikligi bäş tirsek täç bardy+. 16  Ol monjuk ýaly zynjyrlar ýasap, sütünleriň ýokarsyna dakdy we 100 sany naryň şekilini ýasap, zynjyrlardan asdy. 17  Sütünleriň birini ybadathananyň öňünde, sag* tarapda, beýlekisini çep* tarapda goýdy. Sag tarapdaky sütüne Ýahin*, çep tarapdaky sütüne bolsa Bowaz* diýip at goýdy.

Çykgytlar

Bir tirsek 44,5 sm. Käbirleriniň aýtmagyna görä, gadymy ölçeg birligi diýlende, gez göz öňünde tutulýar. Bir gez 51,8 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýagny ybadathananyň esasy binasy.
Ölçeg birligi belli däl.
Mukaddes otag göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: günorta.
Ýa⁠-⁠da: demirgazyk.
Manysy: Goý, ol (Ýehowa) berkitsin.
«Güýç bilen» diýmegi aňladýan bolmagy mümkin.