Ikinji Taryh 21:1—20

  • Ýahuda patyşasy Ýehoram (1—11)

  • Ylýas pygamberiň haty (12—15)

  • Ýehoramyň ejirli ölümi (16—20)

21  Soňra Ýehoşapat aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Ýehoram patyşa boldy+.  Ýehoşapatyň ogullary Azarýa, Ýehiýel, Zekerýa, Azarýa, Mikaýyl we Şepatýa Ýehoramyň doganlarydy. Ählisi Ysraýyl patyşasy Ýehoşapatyň ogullarydy.  Ýehoşapat ogullaryna birgiden altyn⁠-⁠kümüş, gymmatbaha zatlary we Ýahudadaky galalary+ berdi. Patyşalygy bolsa nowbahar ogly Ýehorama+ berdi.  Emma Ýehoram kakasynyň ýerine patyşa bolanda, patyşalygyny has⁠-⁠da berkitjek bolup, hemme doganlaryny we Ysraýylyň käbir han⁠-⁠beglerini gylyçdan geçirdi+.  Ýehoram 32 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde sekiz ýyl höküm sürdi+.  Ýehoram Ahabyň gyzyna öýlenensoň+, Ahabyň maşgalasy ýaly, Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi.  Emma Ýehowa Dawut bilen baglaşan ähtiniň+ hatyrasyna, Dawudyň maşgalasyny ýok etmek islemedi, sebäbi ol Dawudyň neslini hiç wagt tagtdan düşürmejekdigini* wada beripdi+.  Ýehoramyň döwründe edomlylar Ýahuda garşy gozgalaň turzup+, özlerine patyşa bellediler+.  Şonda Ýehoram serkerdelerini we söweş arabalaryny alyp, Edoma gitdi. Edomlylar Ýehoramyň we söweş arabaly serkerdeleriniň daşyny gabadylar. Ýehoram bolsa gijäniň içinde aýaga galyp, olary derbi⁠-⁠dagyn etdi. 10  Ýöne edomlylar häzire çenli Ýahuda garşy gozgalaň turzup gelýärler. Şol wagtlar Libna galasy+ hem Ýehorama garşy gozgalaň turzupdy, sebäbi ol ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwrüpdi+. 11  Ýehoram Ýahudanyň daglarynda seždegähleri*+ gurup, Iýerusalimiň ilatyna⁠-⁠da biwepalyk etdirdi*. Ol Ýahuda halkyny ýoldan çykardy. 12  Bir gün Ýehorama Ylýas+ pygamberden şeýle hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapatyň+ we Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýolundan ýöremediň. 13  Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ahabyň maşgalasy ýaly+, Ýahuda we Iýerusalim ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň+. Özüňden has gowy doganlaryňy⁠-⁠da öldürip+, kakaň hojalygyny gyrdyň. 14  Şonuň üçin Ýehowa halkyňy, ogullaryňy, aýallaryňy we mal⁠-⁠garaňy heläk eder. 15  Seniň bolsa keselden gözüň açylmaz, içege keselinden hem ejir çekersiň, içegeleriň daşyna çogup çykýança, ýagdaýyň gün⁠-⁠günden beterleşer“». 16  Soňra Ýehowa piliştlileri+ we efiopiýalylaryň golaýynda ýaşaýan araplary+ Ýehorama garşy aýaga galdyrdy+. 17  Olar Ýahuda çozup, ýurdy basyp aldylar. Köşkdäki ähli zady+, patyşanyň ogullaryny we aýallaryny alyp gitdiler, diňe körpe ogly Ýehogahaz*+ galdy. 18  Şondan soň Ýehowa Ýehoramy agyr içege keseline duçar etdi+. 19  Iki ýyldan ýagdaýy has agyrlaşyp, içegeleri daşyna çogdy. Şeýdip, ol agyr keselden ejir çekip öldi. Emma ata⁠-⁠babalaryna edilişi ýaly+, Ýehoramyň hatyrasyna uly ot ýakmadylar. 20  Ýehoram 32 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde sekiz ýyl höküm sürdi. Ýehoramyň ölümine gynanan adam bolmady, ony Dawudyň şäherinde+ jaýladylar, ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: çyragyny hiç haçan söndürmejekdigini.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýalan taňrylar bilen zyna etdirdi. Ýalan taňrylara sežde etmek göz öňünde tutulýar.
Ahazýa hem diýilýär.