Ikinji Taryh 2:1—18

  • Ybadathananyň gurluşygy üçin taýýarlyk (1—18)

2  Soňra Süleýman Ýehowanyň adyny göterjek ybadathanany+ we şa köşgüni gurmagy buýurdy+.  Süleýman patyşa 70 000 adama ýük daşatdy, 80 000 adama dagda daş ýondurdy+, 3 600 adamy bolsa işçilere gözegçi edip goýdy+.  Ol Tir patyşasy Hurama+ habar ýollap: «Kakam Dawut köşk salanda, kedr agajyny iberip kömek edişiň ýaly+, maňa⁠-⁠da kömek edäý.  Men Ýehowa Hudaýymyň adyny göterýän öý gurjak bolýaryn. Ybadathanany Hudaýyma bagyşlap, her gün ertirine⁠-⁠agşamyna+, Sabat günlerinde+, Täze aý baýramynda+ we Ýehowa Hudaýymyzyň baýramçylyklarynda+ hoşboý ysly tütetgi ýakaryn+, hödür çöregini hödürlärin+, ýakma gurbanlyklary bererin. Şol zatlar Ysraýyl üçin hemişelik kanun bolar.  Men kaşaň ybadathana gurjak bolýaryn, sebäbi Hudaýymyz ähli taňrylardan beýik!  Aslynda, Hudaýa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ol göklere, hatda ägirt uly asmana⁠-⁠da syganok ahyryn+. Heý⁠-⁠de, Hudaýa ýaşamak üçin öý gurup bilerinmi?! Men diňe Hudaýa gurban bermek üçin öý guraýmasam.  Gaýrat edip, maňa bir senetçi iber. Ol altyn⁠-⁠kümüşden, misden+, demirden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden, gök ýüplükden zat ýasamaga we oýup nagyş salmaga ökde bolsun. Ol Ýahudada we Iýerusalimde kakam Dawudyň bellän ökde senetçileri bilen işlär+.  Liwanyň kedr, arça+ we gyzyl agaçlaryny*+ hem iberäý. Seniň hyzmatkärleriň Liwan agaçlaryny+ çapmaga ökde, hyzmatkärlerimiz bile işläp+,  agaç çapsyn. Maňa köp agaç gerek, ybadathanany beýik hem owadan edip gurjak bolýaryn. 10  Agaç çapýan hyzmatkärleriň iýjek⁠-⁠içjegini ýetirip+, 20 000 hum* bugdaý, 20 000 hum arpa, 20 000 çelek* şerap, 20 000 çelek ýag bererin» diýdi. 11  Tir patyşasy Huram Süleýmana hat ýollap: «Ýehowa halkyny eziz görýän eken, şonuň üçin seni patyşa belläpdir» diýdi. 12  Soňra ol: «Ýeri⁠-⁠gögi ýaradan Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Hudaý Dawuda akyldar, paýhasly we düşünjeli ogul beripdir+. Ol Ýehowanyň adyny göterjek ybadathana bilen şa köşgüni gurjak bolýar. 13  Ine, ökde we düşünjeli senetçi Huramaby+ ýanyňa iberýärin. 14  Onuň ejesi dan taýpasyndan, kakasy bolsa tirli. Huramap altyn⁠-⁠kümüşden, misden, demirden, daşdan, agaçdan, badam reňkli ýüňden, gök ýüplükden, gyrmyzy ýüplükden, nepis matadan zat ýasamaga+ ökde. Ol oýup nagyş salyp, islendik zadyň şekilini ýasap bilýär+. Goý, ol jenabym Dawudyň we seniň ökde senetçileriň bilen işlesin. 15  Ýöne sen* aýdyşyň ýaly, hyzmatkärleriňe bugdaý, arpa, ýag we şerap iber+. 16  Saňa Liwandan näçe diýseň agaç çapyp bereli+, olary daňyp, deňziň üsti bilen Ýafa+ elteris, senem Iýerusalime äkidersiň»+ diýdi. 17  Süleýman kakasy Dawudyň edişi ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleri hasaba aldy+; olar jemi 153 600 adamdy. 18  Süleýman 70 000 adama ýük daşatdy, 80 000 adama dagda daş ýondurdy+, 3 600 adamy bolsa işçilere gözegçi edip goýdy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: sandal agaçlaryny.
Sözme⁠-⁠söz: jenabym.