Ikinji Taryh 13:1—22

  • Ýahuda patyşasy Abyýar (1—22)

    • Abyýar Ýerobgamy ýeňýär (3—20)

13  Ýerobgamyň hökümdarlygynyň 18⁠-⁠nji ýylynda, Abyýar Ýahudanyň patyşasy boldy+.  Ol Iýerusalimde üç ýyl höküm sürdi. Ejesi Mikaýa+ gibeýaly+ Uryýeliň gyzydy. Abyýar bilen Ýerobgamyň arasynda söweş boldy+.  Abyýar edermen* we batyr 400 000 esgerini+ alyp, söweşe çykdy. Ýerobgam hem 800 000 edermen we batyr esgerini söweş meýdanynda nyzama düzdi.  Abyýar Efraýym daglaryndaky Zemaraýym dagynda durup, şeýle diýdi: «Eý Ýerobgam! Ysraýyl halky, diňläň!  Bileňizokmy, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa ebedilik* äht+ baglaşyp, Dawut bilen ogullaryny+ Ysraýyla hemişelik patyşa belledi+.  Emma Dawudyň ogly Süleýmanyň hyzmatkäri Nebat ogly Ýerobgam+ hökümdaryna garşy gozgalaň turuzdy+.  Ýerobgamyň ýanyna bolgusyz we dereksiz adamlar ýygnandy. Olar Süleýmanyň ogly Rehobama garşy gozgalaň turuzdylar. Rehobam bolsa ýaş hem tejribesizdi*, şonuň üçin olara hiç zat edip bilmedi.  Sanyňyzyň köplügine we Ýerobgamyň ýasap beren altyn gölelerine+ buýsanýaňyzmy? Ýehowanyň Dawudyň ogullaryna beren patyşalygyna garşy çykyp bilerin öýdýäňizmi?  Siz Ýehowanyň ruhanylaryny, Harunyň nesillerini we lewileri kowduňyz+. Başga halklar ýaly, özüňize ruhany bellediňiz+. Bir öküzçe bilen ýedi goç gurbanlyk beren islendik adamy ýalan taňrylaryň ruhanysy edýäňiz. 10  Emma biz Ýehowa Hudaýymyza+ sežde edýäris, ondan ýüz öwürmedik. Ruhanylarymyz hem Harunyň nesli, olar Ýehowa hyzmat edýär, lewiler bolsa olara kömek edýär. 11  Olar her gün ertirine⁠-⁠agşamyna+ Ýehowa ýakma gurbanlyklary hödürläp, hoşboý ysly tütetgi ýakýarlar+, sap altyndan stolda hödür çöregini goýýarlar+, her gün agşam altyn şemdanyň+ şemlerini ýakýarlar+. Biz Ýehowa Hudaýymyzyň öňündäki borjumyzy ýerine ýetirýäris, siz bolsa ondan ýüz öwürdiňiz. 12  Hak Hudaý bizi goldaýar, ýol görkezýär. Söweşde surnaý çaljak ruhanylar hem biziň aramyzda. Eý ysraýyllar, ata⁠-⁠babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowa bilen söweşmäň, barybir ýeňlersiňiz!»+ 13  Emma Ýerobgam ýahudalara hüjüm etmek üçin, esgerleri bilen arka tarapda bukuda ýatdy. Goşunyň köp bölegi ýahudalaryň öň tarapynda, bukuda ýatanlar bolsa arka tarapyndady. 14  Ýahudalar ysraýyllaryň öňdenem, yzdanam hüjüm edýändigini görüp, Ýehowany kömege çagyryp başladylar+. Ruhanylar bolsa surnaýy batly çalýardy. 15  Ýahudalar söweş meýdanynda batly gygyryşdylar. Şonda hak Hudaý Abyýaryň we ýahudalaryň öňünde Ýerobgamy we Ysraýyl goşunyny derbi⁠-⁠dagyn etdi. 16  Ysraýyllar ýahudalardan gaçdylar. Hudaý olary ýahudalaryň eline berdi. 17  Abyýar bilen esgerleri ysraýyllary gyryp, 500 000 edermen* esgeri öldürdiler. 18  Şeýlelikde, ysraýyllar ýeňildi, ýahudalar bolsa ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowa bil baglap, ýeňiş gazandy+. 19  Abyýar Ýerobgamy kowalady. Ol Ýerobgamyň birnäçe şäherini, Beýteli+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalary, Ýeşany we daş⁠-⁠töweregindäki galalary, Efraýyny+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalary basyp aldy. 20  Abyýaryň döwründe Ýerobgam güýç⁠-⁠kuwwatyny dikeldip bilmedi, Ýehowa oňa jeza berdi, ol öldi+. 21  Abyýar bolsa gitdigiçe güýçlenýärdi. Onuň 14 aýaly+, 22 ogly, 16 gyzy bardy. 22  Abyýaryň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, eden işleri we aýdan sözleri Ydon pygamberiň golýazmasynda ýazylandyr+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: tälim berlen.
Sözme⁠-⁠söz: duz. Üýtgemeýän, hemişelik ähti aňladýar.
Sözme⁠-⁠söz: gorkakdy.
Ýa⁠-⁠da: tälim berlen.