Ikinji Taryh 11:1—23

  • Rehobamyň hökümdarlygy (1—12)

  • Lewiler Ýahuda göçýär (13—17)

  • Rehobamyň maşgalasy (18—23)

11  Rehobam Iýerusalime geldi⁠-⁠de, ysraýyllar bilen söweşmek üçin ýahuda we benýamin+ taýpalaryndan 180 000 edermen* esgeri ýygnady+, ol patyşalygy yzyna aljak bolýardy.  Şonda Ýehowa Şemaýa pygambere*+ şeýle diýdi:  «Git⁠-⁠de, Ýahuda patyşasy Süleýmanyň ogly Rehobama, Ýahuda we Benýamin topragynda ýaşaýan ysraýyllara:  „Ýehowa şeýle diýýär: „Doganlaryňyza garşy çykmaň, olar bilen söweşmäň, hemmäňiz öýli⁠-⁠öýüňize gaýdyň. Sebäbi şeýle bolmagyna men ýol berdim“+ diý». Olar hem Ýehowanyň sözüne gulak asdylar, Ýerobgam bilen söweşmäge gitmän, öýlerine gaýtdylar.  Rehobam Iýerusalimde ýaşap, Ýahudada galalary gurdy.  Ol Beýtullahamy+, Eýtamy, Tekoýany+,  Beýtsury, Sokony+, Adullamy+,  Geti+, Mareşany, Zibi+,  Adoraýymy, Lakyşy+, Azekany+, 10  Zorany, Aýalony+ we Hebrony+ gaýtadan dikeltdi. Şol galalar Ýahuda we Benýamin topragynda ýerleşýärdi. 11  Rehobam galalary has⁠-⁠da berkidip, serkerdeleri belledi. Şäherleri iýmit, ýag we şerap bilen üpjün etdi. 12  Şeýle⁠-⁠de ol her şähere uly galkanlary we naýzalary berdi. Rehobam şäherleri gowy berkitdi. Ol Ýahudanyň we Benýaminiň üstünden höküm sürýärdi. 13  Ysraýylda ýaşaýan ruhanylar we lewiler Rehobamy goldamaga geldiler. 14  Lewiler mal⁠-⁠mülküni+ taşlap, Ýahuda we Iýerusalime göçdüler, sebäbi Ýerobgam bilen ogullary lewileri Ýehowanyň ruhanysy borjundan aýrypdy+. 15  Soňra Ýerobgam seždegählerde* geçä meňzeş jynlara*+ we ýasan gölelerine+ hyzmat eder ýaly ruhanylary belledi+. 16  Ysraýyl Hudaýy Ýehowany gözlemegi ýüregine düwen ysraýyllar ruhanylaryň we lewileriň yzyna düşüp gaýtdylar. Olar ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowa gurban bermek üçin Iýerusalime geldiler+. 17  Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehobamy goldap, Ýahuda patyşalygyny berkitdiler. Şol üç ýylyň içinde olar Dawudyň we Süleýmanyň göreldesine eýerdiler. 18  Rehobam Dawudyň ogly Ýerimotyň gyzy Mahalata öýlendi. Mahalat Abyhaýylyň gyzydy, Abyhaýyl bolsa Ýessäniň ogly Alyýabyň+ gyzydy. 19  Birnäçe wagtdan Mahalat Ýeguşy, Şemarýany we Zahamy dogurdy. 20  Rehobam Mahalatdan soň Abselimiň+ agtygy Magaga öýlendi. Magakdan Abyýar+, Attaý, Ziza we Şelomit doguldy. 21  Rehobam Abselimiň agtygy Magagy ähli aýallaryndan we gyrnaklaryndan+ gowy görýärdi. Rehobamyň 18 aýaly, 60 gyrnagy bardy. Onuň 28 ogly we 60 gyzy boldy. 22  Rehobam Magagyň ogly Abyýary doganlarynyň arasyndan ýolbaşçy we baştutan edip saýlady, sebäbi ony patyşa etjek bolýardy. 23  Rehobam paýhasly hereket edip, ogullarynyň käbirini Ýahuda we Benýamin topragynda ýerleşýän galalara+ iberdi. Olaryň iýjek⁠-⁠içjegini ýetirip, köp aýal alyp berdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: tälim berlen.
Sözme⁠-⁠söz: hak Hudaýyň guly Şemaýa.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: geçilere. Jynlara sežde eden adamlar olara geçä meňzeş tüýlek jandardyr öýden bolmaly.