Ikinji Musa 8:1—32

  • 2⁠-⁠nji jeza: gurbagalar (1—15)

  • 3⁠-⁠nji jeza: peşeler (16—19)

  • 4⁠-⁠nji jeza: siňekler (20—32)

    • Goşene zyýan ýetmeýär (22, 23)

8  Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna baryp, şu sözleri aýt: „Ýehowa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber+.  Goýbermeseň, ýurduňa gurbaga çozduryp+, başyňyza bela getirerin.  Nil derýasy gurbagadan dolar. Olar öýüňe, ýatýan otagyňa, düşegiňe, hyzmatkärleriň, tutuş halkyň öýüne, tamdyryňyza, kerseniňize çenli girer+.  Gurbagalar seniň üstüňe, halkyň we hyzmatkärleriň üstüne çozar“» diýdi.  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Haruna: „Eliňdäki hasaňy Müsüriň derýalaryna, ýaplaryna*, köllerine uzat. Şonda bütin Müsür gurbagadan dolar“ diý».  Harun elindäki hasany Müsüriň suwlaryna uzatdy welin, gurbaga çykyp başlady. Tutuş ýurt gurbagadan doldy.  Jadygöýler* hem jadyly güýji* bilen edil şonuň ýaly edip, Müsüri gurbagadan doldurdylar+.  Şonda faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Ysraýyllary Ýehowa gurban bermäge goýbereýin. Ýöne siz Ýehowa dileg ediň. Goý, ol meni hem⁠-⁠de halkymy gurbagalardan dyndarsyn»+ diýdi.  Musa bolsa: «Hudaýa haçan dileg etmelidigimi özüň aýdaý. Gurbagalar seniň öýleriňden, hyzmatkärleriňden, halkyňdan aýrylyp, Nil derýasyna girer» diýdi. 10  Faraon: «Ertir dileg edäý» diýip jogap berdi. Şonda Musa: «Goý, aýdyşyň ýaly bolsun. Sen hiç kimiň Ýehowa Hudaýymyza taý gelip bilmejekdigine göz ýetirersiň+. 11  Öýüňizdäki gurbagalar öler. Şeýdip, senem, hyzmatkärleriňem, halkyňam olardan dynarsyňyz. Gurbagalar diňe Nil derýasynda galar»+ diýdi. 12  Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy. Soňra Musa Ýehowa dileg edip, faraonyň üstüne çozduran gurbagalaryny aýyrmagy sorady+. 13  Ýehowa Musanyň haýyşyny bitirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalaryň bary öldi. 14  Adamlar gurbagalary üýşmek⁠-⁠üýşmek edip goýdular. Olaryň ysyndan ýaňa tutuş ýurt porsady. 15  Faraon gurbagalaryň aýrylandygyny görende, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, boýnuýogynlyk edip, Musa bilen Haruna gulak asmady+. 16  Ýehowa Musa şeýle tabşyryk berdi: «Haruna: „Hasaňy uzat⁠-⁠da, ýere ur. Şonda bütin Müsürdäki tozan peşä* öwrüler“ diý». 17  Olar şeýle hem etdiler. Harun hasasyny uzadyp, ýere uranda, Müsüriň ähli tozany peşä öwrülip, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çozdy+. 18  Jadygöýler hem jadyly güýji*+ bilen edil şonuň ýaly edip, peşe çykarmaga synanyşdylar, emma başarmadylar. Peşeler bolsa adamlaryň we haýwanlaryň etini iýip barýardy. 19  Jadygöýler faraona: «Munda Hudaýyň eli bar!»+ diýdiler. Emma Ýehowanyň aýdyşy ýaly, faraon ýene⁠-⁠de kesirlik edip, hiç kimi diňlemedi. 20  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ertir irden faraonyň ýanyna bar. Ol derýanyň kenaryna geler. Öňünden çyk⁠-⁠da, şu sözleri aýt: „Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber. 21  Goýbermeseň, seniň üstüňe, hyzmatkärleriň we tutuş halkyň üstüne, öýleriňe siňek* çozduraryn. Müsürlileriň öýleri siňekden dolar. Olardan ýaňa aýak basara ýer bolmaz. 22  Ýöne şol gün halkymyň ýaşaýan ýeri Goşene zyýan ýetirmerin. Ol ýerde ýekeje⁠-⁠de siňek bolmaz+. Şonda meniň Ýehowadygyma we seniň ýurduňda ygtyýarymyň bardygyna göz ýetirersiň+. 23  Öz halkymy seniň halkyňdan aýry tutaryn. Gudratymy ertir görersiň“». 24  Ýehowa aýdyşy ýaly⁠-⁠da etdi. Faraonyň köşgi, hyzmatkärleriniň öýi, bütin Müsür ýurdy çozup gelen siňeklerden doldy+. Siňekler ýurdy weýran etdi+. 25  Ahyry faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Baryň, Hudaýyňyza gurbanlyk beriň, ýöne ýurtdan çykmaň» diýdi. 26  Emma Musa: «Ýok, o diýeniň⁠-⁠ä bolmaz. Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk berjek mallarymyzy görüp, müsürlileriň gahary geler+. Olaryň gözüniň alnynda halamaýan zadyny etsek, bizi daşlap öldürerler. 27  Biz üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyzyň aýdyşy ýaly, şol ýerde gurbanlyk bereris»+ diýdi. 28  Şonda faraon: «Bolýar, çöle gidip, Ýehowa Hudaýyňyza gurbanlyk beriň, ýöne uzaga gitmäň. Meniň üçinem dileg ediň»+ diýdi. 29  Musa: «Häzir gidip, Ýehowa dileg ederin. Ertir faraon bilen hyzmatkärleri, tutuş halk siňeklerden dynar. Ýöne faraon indi bir sözünden dänmesin, halky Ýehowa gurbanlyk bermäge goýbersin»+ diýdi. 30  Musa faraonyň huzuryndan gaýdyp, Ýehowa dileg etdi+. 31  Ýehowa hem onuň dilegini eşitdi. Siňekler faraondan, hyzmatkärlerinden we halkyndan aýryldy, ýekejesi⁠-⁠de galmady. 32  Emma faraon ýene⁠-⁠de kesirlik edip, ysraýyllary goýbermedi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: kanallaryna. Nil derýasynyň şahalary göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: Jadygöýlik edýän ruhanylar.
Ýa⁠-⁠da: gizlin hileleri.
Ýa⁠-⁠da: çybyna.
Ýa⁠-⁠da: gizlin hileleri.
Ýa⁠-⁠da: gögeýin. Uly gök siňege meňzeýär, awuly iňňesi bilen çakyp, gan sorýar.