Ikinji Musa 6:1—30

  • Azatlyk wadasy (1—13)

    • Ýehowa adynyň manysyny doly açmaýar (2, 3)

  • Musa bilen Harunyň nesil daragty (14—27)

  • Musa ýene⁠-⁠de faraonyň huzurynda (28—30)

6  Ýehowa Musa: «Indi faraony edişime seret!+ Ol güýjümi görüp, halkymy goýberer, sizi ýurtdan özi kowup çykarar»+ diýdi.  Soňra Hudaý: «Men Ýehowa.  Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba görnüp, olara özümi Gudratygüýçli Hudaý+ hökmünde tanatsam⁠-⁠da, Ýehowa adymyň+ manysyny açmadym.  Olar bilen äht baglaşyp, gelmişek bolup ýaşan Kengan ýurduny berjegimi wada etdim+.  Müsürlilere gul bolup ýören ysraýyl halkymyň dady⁠-⁠perýadyny eşidip, ähtimi ýada saldym+.  Şonuň üçin ysraýyllara şeýle diý: „Men Ýehowa. Sizi gulçulykdan, müsürlileriň zorluk⁠-⁠süteminden azat ederin+. Olara agyr jezalary berip, sizi kuwwatly golum bilen halas ederin+.  Sizi öz halkym edip, Hudaýyňyz bolaryn+. Şonda sizi müsürlileriň elinden Ýehowa Hudaýyňyzyň azat edendigine düşünersiňiz.  Sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba ant içip*, wada beren ýurduma äkiderin, şol ýurdy mülk edip bererin+. Men Ýehowa“»+ diýdi.  Musa gidip, Hudaýyň habaryny ysraýyllara ýetirdi. Emma agyr zähmetden halys bolan halk ony diňlemedi+. 10  Soňra Ýehowa Musa: 11  «Git⁠-⁠de, Müsür faraonyna aýt, ysraýyllary goýbersin» diýdi. 12  Emma Musa Ýehowa ýüzlenip: «Düzüwli gepläp bilmeýänim+ üçin, ysraýyllar meni diňlänok+. Faraon nädip diňlesin?!» diýdi. 13  Şonda Ýehowa Musa bilen Harunyň faraona we ysraýyllara aýtmaly sözlerini ýene⁠-⁠de gaýtalady, sebäbi olar halky Müsürden çykarmalydy. 14  Ysraýyllaryň tirebaşylary şulardyr: Ysraýylyň uly ogly+ Rubeniň ogullary Hanoh, Palluw, Hesron we Karmi+. Olardan Rubeniň tireleri döredi. 15  Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamin, Ahat, Ýahin, Zohar we kenganlardan alan aýalyndan Şewul+. Olardan Şimgonyň tireleri döredi. 16  Lewiniň+ ogullary: Gerşon, Kohat we Merar+. Olardan tireler döredi. Lewi 137 ýaşynda aradan çykdy. 17  Gerşonyň ogullary: Libni bilen Şimeý. Olardan tireler döredi+. 18  Kohatyň ogullary: Imram, Ýyshar, Hebron we Uzyýel+. Kohat 133 ýaşynda aradan çykdy. 19  Meraryň ogullary: Mahly bilen Muşe. Lewiniň ogullaryndan dörän tireleriň nesil daragty+ şeýledir. 20  Imram kakasynyň uýasy Ýokebete öýlendi+. Ýokebet Harun bilen Musany dünýä indirdi+. Imram 137 ýaşynda aradan çykdy. 21  Ýysharyň ogullary: Karun+, Nepek we Zikri. 22  Uzyýeliň ogullary: Mişaýyl, Alsapan+ we Sitri. 23  Harun Aminadabyň gyzy, Nahşonyň+ uýasy Alyşeba öýlendi. Alyşeba Nadaby, Abyhuwy, Algazary we Ytamary+ dünýä indirdi. 24  Karunyň ogullary: Asyr, Alkana we Abyýasap+. Olardan karun tireleri döredi+. 25  Harunyň ogly Algazar+ Putyýeliň gyzyna öýlendi. Ol hem Pinehasy+ dünýä indirdi. Lewileriň tirebaşylarynyň nesil daragty+ şeýledir. 26  Musa bilen Harun hem şolaryň neslindendi. Ýehowa olara: «Ysraýyllary topar⁠-⁠topar edip, Müsürden çykaryň»+ diýipdi. 27  Musa bilen Harun ysraýyllary Müsürden çykarmak üçin, Müsür faraony bilen gepleşipdi+. 28  Ýehowa Müsürde Musa bilen gepleşen güni, 29  Ýehowa Musa: «Men Ýehowa. Ähli aýdanlarymy Müsür faraonyna ýetir» diýipdi. 30  Şonda Musa Ýehowa: «Men düzüwli gepläp bilemok. Heý⁠-⁠de, faraon meni diňlärmi?»+ diýipdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: elimi galdyryp.