Ikinji Musa 40:1—38

  • Mukaddes çadyr (1—33)

  • Çadyr Ýehowanyň şöhratyndan dolýar (34—38)

40  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Birinji aýyň birine mukaddes ýygnak çadyryny*+ gur.  Äht* sandygyny+ çadyra salyp, öňüne tuty+ as.  Stoly+ getirip, zatlaryny üstünde tertipleşdirip goý. Soňra şemdany+ hem getirip, şemleri+ ýak.  Altyndan ýasalan tütetgi ojagyny*+ äht* sandygynyň öňünde goý⁠-⁠da, çadyryň agzyna perde dak+.  Mukaddes ýygnak çadyrynyň öňünde* gurbanlyk ojagyny*+ goý.  Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda goýup, içine suw guý+.  Çadyryň howlusyny+ hem gurup, howlynyň agzyna perde+ tut.  Soňra mukaddes ýagy+ al⁠-⁠da, mukaddes çadyra we içindäki zatlara çalyp+, çadyry hem⁠-⁠de esbaplaryny mukaddes et. Şonda çadyr mukaddes bolar. 10  Gurbanlyk ojagy bilen esbaplaryna⁠-⁠da ýag çalyp, mukaddes et. Şonda gurbanlyk ojagy has⁠-⁠da mukaddes bolar+. 11  Legen bilen direglerine⁠-⁠de mukaddes ýag çalyp, mukaddes et. 12  Harun bilen ogullaryny ýygnak çadyrynyň agzyna getirip, ýuwunmagy tabşyr*+. 13  Haruna mukaddes eşiklerini+ geýdirip, başyna ýag guýup, mukaddes et⁠-⁠de, ruhanym edip belle+. 14  Soňra ogullaryny getirip, gözenek nagyşly köýnekleri geýdir+. 15  Olaryň hem başyna ýag guýup, kakasy ýaly maňa ruhany edip belle+. Olaryň başyna ýag guýulmagy nesilden⁠-⁠nesle ruhany boljakdygyny görkezer»+. 16  Musa Ýehowanyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi+. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi. 17  Ikinji ýylyň birinji aýynyň birine mukaddes çadyr guruldy+. 18  Musa çadyry guranda, aşagyna direglerini+ goýup, çarçuwalaryny*+ oturtdy. Taýaklaryny+ dakyp, sütünlerini dikdi. 19  Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, çadyryň+ matasyny ýapyp, üstünden örtükleri+ goýberdi. 20  Soňra äht* daşlaryny+ äht sandygyna+ saldy⁠-⁠da, gapagyny+ ýapyp, taýaklaryny+ dakdy. 21  Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, äht* sandygyny+ mukaddes çadyra getirdi. Sandyk görünmez ýaly, öňüne tuty+ asdy. 22  Stoly+ hem ýygnak çadyryna getirip, demirgazyk tarapynda, tutynyň bäri ýüzünde* goýdy. 23  Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, çörekleri+ Ýehowanyň huzurynda stolda tertipleşdirip goýdy. 24  Şemdany+ bolsa mukaddes ýygnak çadyrynyň günortasynda, stoluň gabadynda goýdy. 25  Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, ol Ýehowanyň huzurynda şemleri+ ýakdy. 26  Altyn ojagy+ ýygnak çadyryndaky tutynyň öňünde goýdy. 27  Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, onda hoşboý ysly tütetgi+ ýakylmalydy+. 28  Soňra ol mukaddes çadyryň agzyna perde+ dakdy. 29  Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, ýakma gurbanlygyny+ we galla sadakasyny hödürlemek üçin, Musa gurbanlyk ojagyny+ mukaddes ýygnak çadyrynyň öňünde goýdy. 30  Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda goýup, içine ýuwnar ýaly suw guýdy+. 31  Musa, Harun bilen ogullary ondan el⁠-⁠aýagyny ýuwdular. 32  Olar ýygnak çadyryna girmänkä ýa⁠-⁠da gurbanlyk ojagyna golaýlaşmanka, Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly ýuwnardylar+. 33  Soňra Musa mukaddes çadyryň we gurbanlyk ojagynyň daşyna howly+ aýlap, howlynyň agzyna perde tutdy+. Şeýdip, ol ähli işi tamamlady. 34  Şondan soň ýygnak çadyryny bulut örtdi. Mukaddes çadyr Ýehowanyň şöhratyndan doldy+. 35  Bulutdan ýaňa Musa ýygnak çadyryna girip bilmedi. Sebäbi mukaddes çadyry Ýehowanyň şöhraty gaplap alypdy+. 36  Bulut mukaddes çadyryň depesinden göterilende, ysraýyllar hem çadyrlaryny söküp, ýola düşerdiler. Nirä barsalar⁠-⁠da, şeýle ederdiler+. 37  Emma bulut ýokary göterilmese, çadyrlaryny sökmezdiler+. 38  Ysraýyllar nirede düşleseler⁠-⁠de, gündizine mukaddes çadyryň depesinde Ýehowanyň bulut sütünini, gijesine bolsa ot sütünini görerdiler+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Şaýatlyk.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Ýa⁠-⁠da: girelgesiniň öňünde.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ýuwundyr.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk.
Ýa⁠-⁠da: mukaddes otagda.